Her gün ejiz zenanlar, esasan hem, garyp hem-de bosgun zenanlar maşgalany meýletin ýagdaýda meýilleşdirmek bilen baglanyşykly hyzmatlardan peýdalanmakda we bu barada maglumaty almakda durmuş, ykdysady we geografik kynçylyklara duçar bolýar.
50 ýyl mundan öň şol döwrüň BMG-niň Baş sekretary ynanyp bolýan gurama hökmünde Birleşen milletler guramasynyň Ilat gaznasyny (ÝUNFPA) döretdi. 1969-njy ýyldan bäri, ýagny ÝUNFPA işläp başlandan bäri, ol maşgalany meýilleşdirmek bilen bagly kynçylyklary aradan aýyrmagyň we zenanlara özleriniň reproduktiw hukuklaryny durmuşa geçirmäge ýardam bermegiň ugrunda işleýär. ÝUNFPA bütin dünýäde kontraseptiw serişdeleriň ulanylyşynyň 1970-nji ýylda 36 göterimden 2016-njy ýylda 64 göterime çenli iki esse köpelmegine ýardam berdi.
Uly öňegidişliklere garamazdan, wajyp meseleler galýar: ösüp barýan ýurtlarda 214 million töweregi zenan maşgalany meýilleşdirmegiň howpsuz we netijeli usullarynyň bolmazlygyndan ejir çekýär. Bu zenanlaryň aglaba bölegi 69 sany iň garyp ýurtda ýaşaýar. Olaryň islegleriniň kanagatlandyrylmagy 67 milliona golaý islenilmeýän göwrelikleriň öňüni almagyň we eneleriň ýylda 303 müňden gowrak ölüm derejesini 3/1 bölege azaltmagyň üsti bilen, olaryň ýaşaýşyny halas eder.
Ýokary hilli reproduktiw saglygy goraýyş, şol sanda maşgalany meýletin meýilleşdirme zenanlara bilim almaga, tölenýän zähmet çekmäge, işlerinde has netijeli bolmaga, ýokary girdeji gazanmaga we maýa goýumlary toplamaga mümkinçilik bermegiň üsti bilen, ykdysadyýetleri güýçlendirip we durnukly ösüşe goşant goşup biler. Ondan başga-da, häzirki derejeden ýokarda kontraseptiw hyzmatlaryna sarp edilen her dollar üçin göwrelilik bilen baglanyşykly tölegler 2,30 dollara kemeldilýär.
Maşgalany meýilleşdirmäge bolan maýa goýumlar hemmeler üçin ösüşi üpjün edýär.
Şeýlelik bilen, maşgalany meýilleşdirme garyplygy aradan aýyrmak bilen baglanyşykly 1-nji Durnukly ösüş maksadyna ýetmekde möhüm bolup durýar. Ol, şeýle-de, garyplygy ýeňmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini we gender deňligini wagyz etmek ýaly beýleki Maksatlara ýetmäge hem ýardam berýär.
ÝUNFPA 2030-njy ýyla çenli maşgalany meýilleşdirmek bilen baglanyşykly ähli kanagatlandyrylmadyk talaplary aradan aýyrmak boýunça maksady öňde goýdy. Şu ýylyň Bütindünýä ilat gününde biz ähli Hökümetleri we gyzyklanýan taraplary bu maksada ýetmäge ýardam bermeklerine çagyrýaryn. ÝUNFPA 1994-nji ýylda Kair şäherinde geçirilen Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň hereketleriniň meýilnamasyny kabul eden 179 sany hökümeti gender we reproduktiw saglygynyň, şol sanda maşgalany meýletin meýilleşdirmegiň bütin dünýäde elýeter bolmagyny gazanmak boýunça borçlaryny ýerine ýetirmäge çagyrdy. Bu diňe bir saglygy we hukuklary goramak bilen baglanyşykly bolman, eýsem ykdysady ösüşe, şol sanda adamzadyň ösüşine we abadançylygyna edilýän goýum bilen hem baglanyşyklydyr.