Press reliz

Bilelikdäki maksatnamanyň Dolandyryjy komiteti gazanylan üstünlikleri gözden geçirýär we geljekde amala aşyrylmaly işler barada ylalaşýar

18 iýun 2021

  • Hemmetaraplaýyn we ýokary hilli ýerli derejede edilýän durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnamanyň Dolandyryjy komitetiniň üçünji duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň maksady şu wagta çenli gazanylan üstünlikleri gözden geçirmek we maksatnamany tamamlamagyň soňky alty aýynda ýerine ýetirilmeli işler barada ylalaşmakdan ybarat boldy.

Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň w.ý.ý. Kristin Weýgand ýolbaşçylyk etdi we oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary, maksatnama boýunça hyzmatdaşlyk edýän ministrlikleriň ministrleriniň orunbasarlary we milli guramalar, hem-de maksatnama boýunça hyzmatdaşlyk edýän BMG-niň edaralarynyň ýolabaşçylary gatnaşdylar.

Dolandyryjy komitetiň duşuşygyna ýolbaşçylyk eden ýolbaşçylar “Bilelikdäki maksatnama boýunça hyzmatdaşlaryň, şeýle-de, maksatnamanyň işine gatnaşan hünärmenleriň we bilermenleriň bilelikdäki tagallalary netijesinde” köp işleriň amala aşyrylandygyny we wajyp sepgitlere ýetilendigini bellediler. Şeýle-de, olar “Bilelikdäki maksatnamanyň netijeleriniň jemgyýetiň durmuşyndan yzda galma howpy bolanlalara goldaw boljakdygyny” umyt edýändiklerini aýdyp, onuň Durnukly ösüş boýunça BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň iň esasy maksadydygyny bellediler.

Duşuşyga gatnaşyjylar durmuş işi boýunça hünärmen barada gysgaça wideo materiala tomaşa etdiler. Bu wideomaterial täze hünärmenleriň işiniň we ýerli derejede durmuş hyzmatyny etmegiň adamlaryň we maşgalalaryň durmuşyny nädereje özgerdip biljekdigini gysgaça beýan etdi.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hünärmenleri durmuş işi boýunça hünärmenleriň durmuş goldawyna mätäç adamlaryň zerurlyklaryny bahalandyrmak boýunça alyp baran işleriniň netijeleri bilen tanyşdyrdylar we degişli derňewiniň netijesinde ýerine ýetirilmeli işleri teklip etdiler. Muňa ýurduň durmuş hyzmatlary ulgamyny berkitmek maksatly goşmaça ýene-de näçe durmuş işi boýunça hünärmeniň işe alynmalydygy baradaky teklipler hem degişlidir.

Ulgamlaýyn özgerişleri goldamak maksady bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Dolandyryjy komitetiň agzalaryny soňky alty aýyň dowamynda degişli kanunçylyga syn bermek boýunça amala aşyrylan işler bilen tanyşdyrdylar. Öz gezeginde, Bilim ministrliginiň bilermenleri durmuş hyzmatlary ulgamynyň kadr üpjünçiligini kämilleşdirmek üçin uzak we gysga möhletli strategiýalar barada çykyş etdiler.

Şeýle hem, duşuşyga gatnaşyjylar Bilelikdäki maksatnamanyň durnuklylygy baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Muňa durmuş işi boýunça hünärmenleriň döwlet býutjetine girizilmegi we ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak üçin maliýe giňişliginiň döredilmegi hem degişlidir. Bilelikdäki maksatnama boýunça hyzmatdaşlyk edýän BMG-niň edaralarynyň ýolabaşçylary ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan tagallalaryň durnuklylygyny we onuň ýurduň durmuş goraglylygy ulgamynyň aýrylmaz bölegi bolmagyny gazanmak üçin milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde hereket edilmeginiň wajyplygyny bellediler.

Dolandyryjy komitetiň agzalary BMG-niň Durnukly ösüş baradaky Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän Bilelikdäki maksatnamanyň möhletiniň uzadylmagy barada ylalaşdylar. Bu döwlet we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýerine ýetirilýän täze ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlarynyň synagdan geçirilmegi, maglumat ýygnamak we resmileşdirmek üçin ýeterlik wagtyň bolmagy üçin wajypdyr.

“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipleri taýýarlamagy we degişli hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara hökmünde çykyş edýär. Beýlekiler milli hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.

Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022. 

Guljahan Gochova

UNDP Project Specialist/Communication Specialist for Joint Programme

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz