Dynç alyş möwsüminde öwrenme: Milli Geňeşiň Mejlisi, Bilim ministrligi, Adalatçynyň edarasy we ÝUNISEF tomusky dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalara öz hukuklaryna düşünmäge kömek edýärler
16 iýul 2021
- Bütin tomsuň dowamynda Türkmenistanyň dürli dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalara öz hukuklaryny öwrenmäge, şeýle-de öz pikirlerini beýan etmäge we Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň alternatiw dokladynyň taýýarlanmagyny goldamaga mümkinçilik döredilýär.
Milli Geňeşiň Mejlisi Adalatçynyň edarasy, Bilim ministrligi bilen birlikde ÝUNISEF-ň we BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Maksatnamasynyň goldamagynda Türkmenistandaky çagalar üçin olaryň hukuklary barada tapgyrlaýyn maglumat beriji okuwlary geçirýärler. Milli Geňeşiň Mejlisiniň goldamagynda geçirilýän okuwlar çagalara çaganyň we maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakynda düzgünleri we hukuklary kemsitmezlik, çaganyň iň ýokary bähbitleriniň üpjün edilmegi, diri galmagy we ösüşi, gatnaşygy we integrasiýasy ýaly olaryň esasy ýörelgelerine, şeýle-de çaganyň we maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary boýunça milli kanunçylyga bagyşlanar. Şeýle okuwlary geçirmäge Milli Geňeşiň Mejlisiniň goldaw bermegi ýurduň çaganyň hukuklaryna hormat goýmak, goramak we durmuşa geçirmek boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekde aýgytly tagallalary edýänligine şaýatlyk edýär.
Okuwlardan soň niýetlenen toparlarda Adalatçynyň edarasynyň we ÝUNISEF-ň wekilleriniň ýolbaşçylygynda ara alyp maslahatlaşmalar geçirilýär we olaryň dowamynda çagalar Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa üçin alternatiw doklady taýýarlamakda ulanyljak pikirleri paýlaşýarlar, soraglaryň ýygyndysyny doldurýarlar.
Şu günki güne çenli ÝUNISEF öz hyzmatdaşlary bilen birlikde Gökderedäki «Ýaşlyk» we «Nebitçi» atly iki tomusky dynç alyş merkezine baryp gördi we tomsuň aýagyna çenli ýene-de üç dynç alyş merkezine barmagy meýilleşdirýär. Türkmenistanyň ähli ýerlerinden 120 gowrak çaganyň bu okuwlara gatnaşmagyna we olaryň isleýän gelejegi hakynda öz pikirlerini beýan etmegine garaşylýar.
“ÝUNISEF soňky bäş ýylyň dowamynda ÇHK hakynda habarlylygy ýokarlandyrmagy goldap gelýär we indi bu işiň biziň çaganyň hukuklary hakynda kanunçylyk boýunça irki hyzmatdaşymyz Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan doly ýolbaşçylyk edilýänligine we geçirilýänligine örän şat», diýip ÝUNISEF-ň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandr Nartea «Nebitçi» tomusky dynç alyş merkezinde okuwa gatnaşýan mahaly aýtdy.
ÝUNISEF mundan beýläk hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň ýaşlaryň we çagalaryň gatnaşmagynda çaganyň we maýyplygy bolan çagalaryň hukuklary hakynda habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça edýän tagallalaryny goldar, şeýle-de çaganyň hukuklaryna aýratyn üns bermek bilen, beýleki milli hyzmatldaşlar bilen hyzmatdaşlygy giňelder.