Radikalizasiýanyň öňüni almagyň ýoly hökmünde ykdysady hukuklary giňeltmek
Ýaş zenanlaryň we erkekleriň kuwwatyny, çeýeligini we ösüşini ýokarlandyrmak ýerli jemgyýetlerde pozitiw üýtgeşmeleri höweslendirmek üçin wajyp bolup durýar
Ýaş zenanlaryň we erkekleriň kuwwatyny, çeýeligini we ösüşini ýokarlandyrmak ýerli jemgyýetlerde pozitiw üýtgeşmeleri höweslendirmek we radikalizasiýanyň ýaýramagyna we täsirine garşy olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak ugrunda wajyp bolup durýar. Ýerli jemgyýetlerde geçirilýän köpugurly interaktiw platformalar, forumlar, maslahatlar we tegelek stollar ýaşlara özleriniň garaýyşlaryny, zerurlyklaryny we gyzyklanmalaryny beýan etmäge, şeýle hem bar bolan ýaşlaryň geňeşleri, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary we raýat jemgyýeti bilen bilelikde meseleleriň çözgütlerini tapmak prosesine gatnaşmaga mümkinçilik döredýär we olaryň söhbetdeşlige gatnaşmagyny höweslendirýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleri 2019-njy ýylda Nýu Ýork şäherinde geçirilen BMG-niň Ykdysady we jemgyýetçilik geňeşiniň ýaşlar üçin forumyna gatnaşdy.
“Bizi ýokary derejeli halkara foruma gatnaşmaga we ýaşlary jemgyýetçilik işlerine çekmek boýunça tejribäni paýlaşmaga çagyrdylar” diýip, Ýaşlar guramasynyň wekili Parahat Meretliýew aýtdy. “Şonça köp ýaşlaryň halkara gatnaşyklar, raýat jemgyýeti, durnukly ösüş we ýaşlary jemgyýetçilik işlerine çekmek ýaly meseleler boýunça gürrüň etmegi örän täsirli boldy. Forum bize biri-birimiz bilen gatnaşygy ýola goýmaga we dürli ýurtlardan gelen adamlaryň tejribesini deňeşdirmäge ýardam berdi.”
Forum bütin dünýäden gelen ýaşlara hökümetiň wekilleri, ýaşlaryň wekilleri, syýasat işgärleri we raýat jemgyýetinde hem-de hususy sektorda beýleki degişli taraplar bilen Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini öňe sürmegiň ýollary barada dialoga girmek boýunça platformany üpjün etdi.[i]
Radikal hem-de jemgyýete garşy ideologiýasy bolan dürli toparlar öz ünsüni iş bilen üpjün edilmedik ýaşlara gönükdirýär. Onuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy we BMG-niň Ösüş maksatnamasy ýaşlaryň marginal we bikanun işlere goşulmagyny güýçlendirýän jemgyýetçilik we ykdysady basyşy peseltmek maksady bilen ýaşlary iş bilen üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamany işe girizdi. Ýaş erkekleri we zenanlary iş bilen üpjün etmek we olaryň hukuklaryny giňeltmek olaryň jemgyýetçilik durmuşa gatnaşygyny hem-de zähmet bazaryna gatnaşmaga, şeýle-de parahatçylyga we howpsuzlyga öz goşandyny goşmaga bolan ukybyny ýokarlandyrýar. Taslama Ýaponiýanyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär.
Iş bilen üpjün edilmegi barada ýatlanlarynda, Parahat özüniň jemgyýetçilik işine we jemgyýete gönükdirilendigi barada aýtdy. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebini tamamlandan soň, ol Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynda çäreler boýunça utgaşdyryjy wezipesinde işläp başlady. Çary Hojamyradow Ukraina döwletiniň ýokary okuw mekdebini tamamlady we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine köpçülikleýin çäreleri geçirmek we ministrlik üçin ýaşlary jemgyýetçilik işine çekmek bilen baglanyşykly syýasaty işläp düzmek üçin işe kabul edildi.
Türkmenistanyň ýaşlar syýasaty ýaşlaryň ähli toparlaryna gönükdirilip, hünär okuwlaryna we jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagyň dürli ýollaryny teklip edýär. “Ýaňy-ýakynda biz Aşgabat şäheriniň seýilgähleriniň birinde açyk howada uly çäräni geçirdik. Biz ýaşlara, şol sanda ýetginjeklere, talyplara we çagalara sporta we ýaryşlara gatnaşmagy teklip etdik” diýip, Parahat belledi. “Ýaşlar guramasy dürli temalardan iň gowy barlaglary ýüze çykarmak maksady bilen, ylmy bäsleşikleri ýygy-ýygydan geçirýär.”
Ýurduň ösmeginde ýaşlaryň ornuna hem pes baha berip bolmaýar. Ýaşlar ykdysady ösüşi öňe sürmek we syýasy durnuklylygy ýola goýmak üçin güýçli gural bolup durýar. Taslamanyň täsiriniň giň gerimli bolmagyny üpjün etmek üçin, BMG-niň taslama boýunça işleri Aşgabat şäherinde, şeýle-de Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde, Mary welaýatynyň Mary şäherinde, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde we Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, şol sanda ýaşlaryň sany köp bolan golaýdaky ilaty ýerlerde geçirilýär.
“Forumda BMG-niň Baş Sekretary Antonio Guterreşiň bize ýüz tutmagy iň ýatda galyjy pursatlarynyň biri boldy. Şol pursatda biz ara alnyp maslahatlaşylan ähli meseleleriň netijeli bolandygyna we ýokary derejeli syýasy liderleriň ýaşlara üns berýändigine düşündik” diýip, Çary ýatlaýar. “Bu forum bize has köp ýaşlary jemgyýetçilik işine çekmek boýunça täze pikirleri berdi.
Çary bilen Parahat Türkmenistanyň sebitlerinde işleri giňeltmegiň we içki migrasiýanyň öňüni almak üçin iş bilen üpjünçiligiň täze mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň üsti bilen ýaşlar üçin hünär okuwlary has netijeli edip bolýandygyny pikir edýär. Täze hyzmatdaşlary gözlemek hem bir mesele; hususy sektory, jemgyýetçilik guramalaryny, raýat jemgyýetini we diplomatik jemgyýeti çekmek ýaşlar syýasatyna bagyşlanan hepdeligiň geçirilmegine ýardam berer. Ondan başga-da, ýaşlary sanly ulgama girizmek we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň utgaşdyrylmagy ýaşlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi üçin ýene bir platforma hökmünde hyzmat eder.