Press reliz

Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça milli maglumat binýadynyň döredilmegi

29 awgust 2019

  • Türkmenistanda BMG we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Durnukly ösüş maksatlary boýunça maglumat binýadyny döretmek ugrunda hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Bu hyzmatdaşlyk “Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmek ugrunda hyzmatdaşlyk” atly BMG-nyň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilelikdäki taslamasynyň bölegi hökmünde Durnukly ösüş maksatlary boýunça maglumat binýady üçin infrastruktura baha bermek babatda 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda başlanan işiň dowamy boldy.

Bu işiň çäginde BMG-nyň Ykdysady we durmuş işleri boýunça bölüminiň Statistika bölümçesiniň wekilleri jenap Lui Jerardo we hanym Wibeke Ostriç Nilson Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri bilen iş duşuşyklaryny geçirdi. Gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlary boýunça milli maglumat boýunça hasabaty we maglumat beriş platformalaryny syndan geçirdi we Durnukly ösüş maksatlary barada maglumat çeşmelerini we maglumaty ýygnamagyň usullary barada maslahatlaşdy.

BMG-nyň Ykdysady we durmuş işleri boýunça bölüminden başga, “Esri” hususy kärhanasynyň wekilleri gatnaşyjylary Durnukly ösüş maksatlary boýunça Federatiw maglumat ulgamy bilen işlemäge öwretdi we beýleki döwletleriň tejribesini paýlaşdy. Bu işiň ilkinji tapgyry hökmünde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti “Esri” kärhanasyndan Federatiw maglumat ulgamyny Durnukly ösüş maksatlary boýunça maglumat binýady hökmünde ulanmagyň ýaramlylygyny barlamak üçin bäş sany ygtyýarnamany aldy. Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleri we Durnukly ösüş maksatlaryna gözegçilik etmäge çekilen ähli pudak ministrlikleriniň wekilleri Federatiw maglumat ulgamyny ulanmagy öwrendi we Durnukly ösüş maksatlary boýunça görkezijileriň hem-de maglumat binýadynyň has gowy düzülmegi ugrunda “SDMX” ülňüleri bilen tanyşdyryldy. 

“Durnukly ösüş maksatlaryna gözegçilik etmek we Durnukly ösüş maksatlary boýunça milli maglumat platformasyny döretmek boýunça okuw Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijilerini düzmek üçin işe çekilen pudak ministrlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda örän peýdaly bolar.” diýip, BMG-nyň Ykdysady we durmuş işleri boýunça bölüminiň Statistika bölümçesiniň wekilleri belledi.

Maglumat binýady bütin ýurtda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi baradaky maglumaty ýygnamaga we öňegidişlikler barada hasabaty düzmäge ýardam berer.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UN DESA
BMG-niň ykdysady we sosial soraglary boýunça departamenti
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz