BMGÖM Merkezi Aziýada DÖM-nyñ platformasyny döretmäge ýardam edýär
22 noýabr 2021
- BMG-nyñ Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyñ Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiñ arasyndaky «DÖM-ny durmuşa geçirmek üçin platforma, II tapgyr» taslamasynyñ ýardam bermeginde Türkmenistanyñ milli ministrlikleriniñ we pudak edaralarynyñ wekilleri, DÖM-ny maliýeleşdirmek boýunça Bilelikdäki bilermenler toparyna gatnaşyjylar, BMGÖM-nyñ Gazagystandaky wekilhanasynyñ Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrýan «Merkezi Aziýada DÖM-nyñ platformasyny döretmek» taslamasynyñ resmi taýdan işe girizilmegine gatnaşdylar.
Taslama Gazagystanda, Türkmenistanda, Täjigistanda, Özbegistanda we Gyrgyzystanda DÖM-ny gazanmak boýunça işleri çaltlandyrmaga gönükdirilendir. Taslamany resmi taýdan işe girizmek Merkezi Aziýa ýurtlarynyñ döwlet edaralarynyñ wekilleriniñ, Ýewropa Bileleşiginiñ Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky wekilýetleriniñ, halkara maliýe institutlarynyñ, hökümetiñki däl guramalaryñ wekilleriniñ we Merkezi Aziýa ýurtlarynyñ beýleki wekilleriniñ gatnaşmagynda bolup geçdi.
Taslamanyñ maksady DÖM-ny gazanmakdaky ösüşe gözegçilik etmek we maliýeleşdirmek ýoly bilen esasy durmuş-ykdysady maksatnamalary seljermekde we täzelemekde, şeýle hem şu maksatlary gazanmakda ÝB-niñ sebitleýin maksatnamalarynyñ netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam etmek arkaly platformanyñ çäklerinde bilimleri durnukly alyşmaga goşant goşmak bolup durýar.
Türkmenistanyñ Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiñ hünärmenleri ýurtda DÖM-ny gazanmak ulgamynda öñegidişlik bilen tanyşdyrdylar, häzirki ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem şu taslamany durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygyñ ugurlaryny bellediler. Çäräniñ çäklerinde taslamanyñ esasy komponentleri görkezildi, şeýle hem hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny ýola goýmak, geñeşmeleri geçirmek we DÖM-ny durmuşa geçirmegiñ sebit jähtine üns bermek bilen, bilimleri we tejribe alyşmak üçin esasy gatnaşyjylary çekmek arkaly çekişme meýdançasy gurnaldy.
BMGÖM bilen Türkmenistanyñ Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiñ bilelikdäki «DÖM-ny durmuşa geçirmek üçin platforma, II tapgyr» taslamasy ýurtda DÖM-ny gazanmak boýunça Türkmenistanyñ degişli ministrlikleriniñ we pudak edaralarynyñ mümkinçiligini ýokarlandyrmaga we olaryñ bu ugurdaky işini utgaşdyrmaga gönükdirilendir.