Press reliz

Ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýlaşdyrmak üçin BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyna goldaw berýär

11 dekabr 2021

  • Türkmenistan, milli zerurlyklary kanagatlandyrmak we dünýä derejesinde kynçylyklara garşy durmak üçin oba hojalyk pudagyny özgertmäge hem-de pugtalandyrmaga borçlanýar we BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bu işde ýurda ýardam etmäge taýýar.

Şugün iki tarap möhüm bir tapgyr hökmünde, 2021–2025-nji ýyllar aralygyndakyhyzmatdaşlygy kesgitleýän “Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasy” atly resminama gol çekdiler.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň biri bolmak bilen, çäkleri esasan çöl bilen örtülen Türkmenistanyň ykdysadyýeti milli jemi içerki önümüniň (JIÖ) diňe 10 %-ni üpjün edýän oba hojalygyndan başga-da, beýleki pudaklara garaşly bolup durýar. Şeýle-de bolsa, ýurduň ilatyny iş bilen üpjün edýän oba hojalyk pudagynyň ösüşi eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak we oba ilatynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin uly mümkinçiliklere eýedir.

Mundan başga-da, azyk ulgamlaryny özgertme ýurda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakwe durnuklylygy üpjün etmek üçin dünýä derejsinde borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredýär.

Şuny nazara alyp, FAO Türkmenistany üç ugurda goldamaga taýýar bolup dur: Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) bilen baglanyşykly maglumatlary ýygnamak we derňemek; eksportbabatynda ýokary mümkinçilikli has öndürijilikli, täsirli we sanly oba hojalyk pudagyny döretmekde goşant goşmak; betbagtçylyklaryň öňüni almak we olara garşy göreşmek, şeýle hem tebigy baýlyklary durnukly dolandyrmak.

Çarçuwaly resminama Türkmenistanyň oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministri Allanur Altýew we FAO-niň Merkezi Aziýa sebiti boýunça utgaşdyryjysy Wiorel Gututarapyndan gol çekildi.

"Oba hojalyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi durmuşyň hilini ýokarlandyrmaga, hem-de oba ýerlerinde deňsizligi azaltmaga we tutuş ilatyň has gowy iýmitlenmegine ýardam eder" – diýip, Wiorel Gutu aýtdy. "Agro-azyk önümleriniň arasynda pagta dokma önümleri, miweler, gök önümler hem-de maldarçylyk ösüş mümkinçiliklerine eýedir we FAO muny durnukly esasda durmuşa geçirmek üçin tejribesi bilen paýlaşmaga taýýardyr."

Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary we garaşylýan netijeleri, Türkmenistanyň hökümetiniň ileri tutýan ugurlaryna we Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyna laýyk gelýär.

2025-nji ýyla çenli bilelikdäki ileri tutulýan ugurlar

Has takygy, FAO Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligine, beýleki degişli ministrliklere hem-de döwlet edaralaryna statistiki maglumatlary ýygnamak we oba hojalygynyň ösüşi, önümçiligi we söwdasy barada hasabat bermek boýunça institusional mümkinçilikleri pugtalandyrmaga goldaw berer.

Sanlaşdyrma - oba hojalygyny ösdürmegiň möhüm bölegidir. Şeýlelik bilen, bilim paýlaşmak we beýleki serişdeler arkaly FAO ministrlige hem-de beýleki degişli hyzmatdaşlara oba ýerlerde durmuşyň hilini we agro-işewürligi gowulandyrmak, şeýle hem oba hojalygynyň öndürijiligini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sanly tehnologiýalary we gurallary işläp düzmäge we ulanmaga ýardam eder.

Türkmenistan agro-azyk önümleriniň eksport bazarlarynyň mümkinçiliklerini we önümçilik-satuw zynjyryny seljermekde, şeýle hem agro-senagat toplumynyň eksport mümkinçiliklerinipugtalandyrmak üçin FAO-niň tejribesine we tekliplerine bil baglap biler.

Üçünji ileri tutumynyň çäginde FAO ýurduň howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak weoňa uýgunlaşmak ugurnda tagallalaryna goldaw berer. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi çekirtgelere garşy göreşmek, bugdaýyňkesellemegeniň öňüni almak, şeýle hem betbagtçylyklaryň ýüze çykan döwründe oba hojalygynyň zerurlygyna baha bermek we betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmakboýunça strategiýalaryny işläp düzmek ugrunda çäreleri geçirmek üçin FAO-niň goldawdan peýdalanyp biler. Innowasion çemeleşmeleriň, sanly tehnologiýalaryň we ekologiýa taýdan arassa çözgütleriň elýeterliligi, energiýanyň, suwuň, ýeriň we beýleki tebigy baýlyklaryň tygşytly we dowamly ulanylmagyna goşant goşar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz