Press reliz

BMG we Türkmenistanyň Hökümeti adam hukuklary babatynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşýarlar

10 maý 2022

  • Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň ýurt boýunça topary, Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwerlik hukugy babatynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara milli toparynyň agzalary bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan açyldy. Ministrleriň orunbasarlaryndan ybarat bolan 22 milli edaralaryň wekilleri we BMG-niň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary adam hukuklary babatynda täze Milli hereketler meýilnamalarynyň işlenip düzülmegini, maşgalada aýal-gyzlaryň saglygy we ýagdaýy baradaky synyň netijelerini we BMG-niň Baş sekretarynyň adam hukuklary babatynda "Iň ýokary ymtylyş" diýip, atlandyrmak bilen hereketleri amala aşyrmaga eden çagyryşyny durmuşa geçirmek üçin mundan beýläkki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

“Biziň pudagara topar bilen hyzmatdaşlygymyz, BMG-niň adam hukuklary we gender deňligi baradaky edaralaryna hasabat taýýarlamakda, adam hukuklary barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmakda, şeýle hem halkara ülňülerine laýyklykda bar bolan kanunlary gowulandyrmakda we täze milli kanunlary işläp düzmekde, hem-de BMG-niň edaralarynyň teklipleri esasynda işlenip düzülen adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde tehniki we bilermen goldawyny bermäge gönükdirilendir "- diýip, Türkmenistanda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko aýtdy.

BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň hyzmatdaşlygy üçin aşakdaky ileri tutulýan ugurlar teklip edildi:

  • Adam hukuklary baradaky halkara şertnamalaryň goşmaça teswirnamalaryny tassyklamak.

- Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek.

  • Ilatyň gowşak gatlaklaryny, maýyplygy bolan adamlaryň we gartaşan adamlaryň hukuklaryny goramak.

- Çagalaryň we aýallaryň hukuklaryny goramaga aýratyn üns bermek bilen, Pariž ýörelgelerine laýyklykdaTürkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň ukybyny artdyrmak.

- Adam hukuklary baradaky ylymlaryň birleşdirilmegi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, radio we telewideniýe arkaly adam hukuklary baradaky düşünjäni artdyrmak.

- ÝUNESKO bilen bilim we medeniýet pudagynda hyzmatdaşlyk,

- Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy bilen hyzmatdaşlyk.

Möhüm şertnamalar Adalatçynyň diwanyna goldaw berilmegini we 2028-nji ýyla çenli çagalaryň hukuklary baradaky täze meýilnamanyň işlenip düzülmegini öz içine alýar. Adam hukuklary baradaky Milli meýilnama, 2052-nji ýyla çenli Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň Milli maksatnamasy bilen gabat geler.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

ILO
Halkara zähmet guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDSS
BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howpsuzlyk we goraglylyk bölümi
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
UNOPS
BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz