Press reliz

BMG we Pudagara komissiýasynyň iş topary BMG-niň maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky komiteti üçin ikinji, üçünji we dördünji Milli döwürleýin hasabaty taýýarlaýar

14 sentýabr 2022

  • BMG we Türkmenistanyň Hökümeti, BMG-niň binasynda BMG-niň maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky komiteti üçin ikinji, üçünji we dördünji döwürleýin hasabaty taýýarlamak üçin iki günlük okuw maslahatyny geçirdiler.

Bu çärä, Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy (Pudagara komissiýa) babatynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Pudagara komissiýasynyň iş toparynyň ähli agzalary gatnaşdy. Okuw maslahaty halkara bilermeni, jenap Jorj Tuguşi tarapyndan geçirildi.

“Meniň üçin BMG-niň maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky komiteti üçin 2-4-nji Bilelikdäki Milli döwürleýin hasabaty taýýarlamakda Pudagara komissiýasynyň iş toparyna goldaw bermek uly hormatdyr. Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky konwensiýa (MHK) - bütin dünýäde dürli derejede maýyplygy bolan millionlarça adamlaryň goraglylygyny üpjün edýän özboluşly şertnamadyr. Türkmenistan - sebitde MHK-ny we onuň goşmaça teswirnamalaryny tassyklan ilkinji döwlet boldy. MHK-daky borçnamalar, maýyplygy bolan adamlara degişlilikde bar bolan hukuk binýadyny, hem-de olaryň hukuklarynyň goralmagyny üpjün edýän amallary gowulandyrýan, birnäçe möhüm özgertmeleri ýola goýmaga mümkinçilik döredýär. Bilelikdäki täze Milli döwürleýin hasabatyň maksady, 1-nji jemleýji syn üçin MHK-niň Komitetiniň teklipleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumat bermek, şeýle hem birnäçe möhüm ugurlarda özgertmeleri amala aşyrmak boýunça häzirki ýüze çykýan kynçylyklar we meýilnamalar barada maglumat bermekden ybaratdyr. "- diýip, BMGÖM-niň halkara bilermeni Jorj Tuguşi aýtdy.

Pudagara komissiýasynyň iş topary bilen geçirilen okuw maslahatyň netijesinde jenap Tuguşi Pudagara komissiýasynyň iş toparynyň garamagy üçin ara alnyp maslahatlaşylan resminama boýunça degişli teklipleri hödürledi.

Ondan öň jenap Tuguşi raýat jemgyýeti guramalarynyň we BMG-niň düzümleýin edaralarynyň wekilleri bilen Türkmenistanda MHK-ni durmuşa geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk geçirdi.

BMG, Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň adam hukuklary baradaky şertnamalaýyn guramalaryna milli hasabatlary taýýarlamakda uzak möhletleýin hyzmatdaşy bolup gelýär. Türkmenistanyň BMG-niň Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky komiteti üçin taýýarlajak ikinji, üçünji we dördünji Bilelikdäki Milli döwürleýin hasabaty, ýurduň adam hukuklary babatynda halkara borçlaryny ýerine ýetirmäge goldaw berer we Durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilişini tizleşdirer.

***

Hökümet tarapyndan 2021-nji ýylyň aprelinde kabul edilen Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli Hereketler meýilnamasy Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek we goramak üçin milli ulgamy pugtalandyrmagy, bu ugurda ýurduň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi, şeýle hem halkara guramalar bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär.

Türkmenistanda BMG, Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli Hereketler meýilnamasyny durmuşa geçirmek üçin, Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa instituty bilen bilelikde durmuşa geçirilýän "Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli Hereketler meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek” atly taslamasynyň çäginde goldaw berýär. Taslama, ýurduň halkara adam hukuklary babatynda borçnamalaryna laýyklykda kanunlary we amallary sazlaşdyrmak arkaly Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak, öňe sürmek we adam hukuklaryny durmuşa geçirmek ulgamyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Çeşme: BMGÖM Türkmenistan

Jahan Saparmamedowa

Jahan Saparmamedowa

UNDP
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz