Press reliz

Statistika baradaky döwlet komiteti we ÝUNISEF maýyplygy bolan çagalaryň we ulularyň barlagynyň netijelerini çap edýär

03 oktýabr 2022

  • Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde ilkinji gezek çagalaryň we ulularyň ýagdaýy we saglygy goraýyş, bilim we durmuş üpjünçiligi hyzmatlaryna bolan zerurlyklary barada täze maglumatlary üpjün edýän maýyplygy bolan çagalaryň we ulularyň barlagyny geçirdi.

Barlag tutuş ýurt boýunça oba we şäher ýerlerinde geçirildi hem-de maýyplyk boýunça döwlet kömek pullaryny alýan 4 müň 352 hojalygy öz içine aldy. Nusga Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan üpjün edilýän durmuş goragy boýunça kömek pullaryny alýan şahslaryň administratiw maglumatlar merkezinden alyndy.  

Barlagyň netijeleri öz wagtynda çap edildi we bu Türkmenistanyň Hökümetiniň 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda BMG-niň Maýyplaryň hukuklary baradaky komitetine tabşyrjak maýyplaryň hukuklary bilen baglanyşykly ikinji we üçünji döwürleriň jemleýji hasabatyny taýýarlamak üçin goşant boldy.

Barlag amaly iş çärelerini we maksatnamalary işläp düzmek he-de milli maksatlary we milli borçnamalary durmuşa geçirmek üçin statistiki taýdan ygtybarly maglumatlary üpjün edýär. Bu hususan-da, maýyplygy bolan adamlar üçin üpjün edilýän hyzmatlaryň hiline baha bermekdäki päsgelçiliklere we kynçylyklara düşünmek üçin örän wajypdyr hem-de BMG-niň Maýyplaryň hukuklary hakyndaky konwensiýasyny durmuşa geçirmäge ýakyndan ýardam edýär.

Maýyplygy bolan çagalaryň hukuklaryny goramak Türkmenistanyň tassyklan ilkinji halkara ylalaşygy (1993) bolup durýan BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasynyň aýrylmaz bölegidir we ol maýyplygy bolan çagalaryň hukuklaryny doly goldaýar. Şeýle hem, Türkmenistan ilkinji ýurlaryň biri bolup 2008-nji ýylda BMG-niň Maýyplaryň hukuklary hakyndaky konwensiýasyna goşuldy. Maýyplygy bolan adamlary goldamak Türkmenistanyň hökümetiniň hemişe ileri tutýan ugrydyr. Maýyplaryň hukuklary baradaky komitetiň Türkmenistan üçin 2015-nji ýyldaky maslahatlaryna laýyklykda we BMG-niň maýyplyk boýunça esasy agentligi hökmünde, ÝUNISEF hökümetiň milli kanunçylygyny Maýyplaryň hukuklary hakyndaky konwensiýa bilen utgaşdyrmaga we maýyplygy bolan çagalara we olaryň maşgalalaryna irki goşulyşma hemmetaraplaýyn hemaýat boýunça hyzmatlaryny üpjün etmekde, hemmetaraplaýyn bilim ulgamyny döretmekde we maýyplygy bolan adamlaryň arasynda maglumatlary toplamagy kämilleşdirmekde ýakyndan kömek edip gelýär. Soňky geçirilen barlag Türkmenistanda ýaşaýan maýyplygy bolan çagalaryň we ulularyň zerurlyklary barada wajyp maglumatlary üpjün edýär.

Barlagyň netijeleri bilen Statistika baradaky döwlet komitetinde we ÝUNISEF-de haýyşnama esasynda tanyşmak bolar.

Selbi Hanowa

Selbi Hanowa

UNICEF
Jemgyýetçilik we özüňi alyp barmagyň üýtgemegi boýunça işgäri

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz