Aşgabatda geçirilen halkara maslahatynda howanyň üýtgemeginiň şertlerinde durnukly azyk ulgamlaryny üpjün etmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Howanyň üýtgemegi azyk howpsuzlygy we iýmitlenmek meselesinde iň möhüm meseleleriň biri bolup durýar.
Howanyň üýtgemegi azyk howpsuzlygy we iýmitlenmek meselesinde iň möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Temperaturanyň ýokarlanmagy, aşa yssy howa, uzak wagtlap dowam edýän guraklyk, tokaýlaryň çapylmagy we tebigy betbagtçylyklar derýalaryň guramagyna, hasylyň azalmagyna we jemgyýetleriň göçmegine sebäp bolup, birnäçe ýurtlaryň azyk howpsuzlygyna howp salýar. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda dünýäde 702 - 828 million adamlaryň açlyga sezewar bolan döwründe ýeterlik derejede iýmitlenmeýän adamlaryň sany köpelmegini dowam etdirýärdi. Azyk howpsuzlygyna sezewar bolan adamlaryň sany 2019-njy ýylda 135 milliondan 2022-nji ýylyň ortalaryna 345 milliona ýetdi.
Merkezi Aziýa ýurtlary oba hojalygynyň önümçiliginiň pese düşmegi sebäpli azyk pudagynda ýüze çykýan kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Suw, gury ýer we energiýa ýaly seýrek tebigy baýlyklar howa krizisiniň agyr şertlerine sezewar boldy, bu bolsa bu ýurtlaryň tutuş ilaty üçin saglygy goraýyş hyzmatlarynyň, ýokary hilli bilimiň, ýaşamak üçin howpsuz gurşawyň elýeterli däldigi we olaryň pes girdejili hem-de garyplyklykda ýaşaýandygy sebäpli görlüp-eşidilmedik howp döredýär. Iň möhüm meseleleriň biri - azyk howpsuzlygyna howp salýan we migrasiýa akymlarynyň köpelmegine sebäp bolup biljek çölleşmek meselesidir.
Türkmenistan hem howanyň üýtgemeginiň täsirlerini başdan geçirýär. BMG-niň Azyk we oba hojalygy gurmasynyň hünärmenleriniň çaklmalaryna görä, ýurtdaky suw çeşmelerine (“suw stresi”) berilýän agramyň derejesi 100 göterimden hem ýokary boldy. Türkmenistan tarapyndan ulanylýan suwuň mukdary, bar bolan umumy suw gorlarynyň 144 göterimini tutýar. Adatdan daşary yssy howa we guraklyk oba hojalygynyň öndürijiligine we azyk howpsuzlygyna gysga möhletleýin howp döredýär.
Merkezi Aziýada azyk howpsuzlygy ulgamynda ýüze çykan kynçylyklar ykrar edilýär. Howanyň üýtgemegine durnuklylyk, onuň täsirlerini azaltmak we uýgunlaşmak çäreleri howanyň üýtgemeginiň azyk ulgamyna we ekoulgamlara edýän ýaramaz täsirini azaltmaga ýardam edip biler we sebitleýin we global derejede azyk ulgamyna we howanyň üýtgemegine degişli meseleleriň çözgüdini tapmak üçin halkara hyzmatdaşlygy esas bolup hyzmat edýär.
Türkmenistan global derejde azyk ulgamynyň krizisiniň çözgüdini tapmak üçin gyssagly we täsirli çäreleri talap edýän ýurtlaryň biridir we şonuň üçin Aşgabatda azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumyny geçirmegi teklip etdi.
Bu başlangyja jogap hökmünde we howanyň üýtgemeginiň, azyk ulgamlarynyň we sosial-ykdysady ösüşiň biri-biri bilen baglanyşyklydygyny nazara alyp, Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministirligi we Ankara şäherinde ýerleşýän BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) sebitleýin bölümi bilen bilelikde aşakdakylary teklip etdiler:
- Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministirligi we BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy maslahatyň taýýarlyk işlerine ýolbaşçylyk edýärler;
- BMG-niň Ýewropada we Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk boýunça sebitleýin platformasynyň howanyň üýtgemegi, daşky gurşaw we azyk ulgamlary meseleleri babatynda koalisiýalar çagyrylar;
- Azyk howpsuzlygy, azyk ulgamlarynyň iýmite we howa edýän ikitaraplaýyn täsiriniň, şeýle hem köp sanly migrasiýa sebäp bolýan “suw-energiýa-azyk önümleri” ýaly çeşmeleriň nädogry dolandyrylmagynyň netijesi hökmünde hasaplanýar;
- Maslahatda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we azyk howpsuzlygyny pugtalandymak üçin howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak we oňa uýgunlaşmak ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin sebitleýin derejede bar bolan çäreler, şeýle hem howa tehnologiýalarynyň sebitleýin merkezini döretmek ýaly täze mümkinçiliklere serediler;
- Halkara guramalary, şol sanda köptaraplaýyn ösüş banklary tarapyndan çykyş eden myhmanlar howanyň üýtgemegi, azyk ulgamlary, elýeterli maliýele gurallary we mümkinçilikleri, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň sebitiň umumy sosial-ykdysady ösüşine edýän täsirini suratlandyrýarlar;
- Maslahatda, millileşdirilen DÖM-na ýetmek ugrunda ýurtlaryň bilelikdäki tagallalaryna we ylalaşygyna garalýar.
Bu pikirler, bilelikdäki guramaçylaryň güýçli goldawyny tapdy we 2023-nji ýylyň 10-njy martynda Aşgabat şäherinde, BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň doly derejede goldawy bilen geçirilen "Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk" atly maslahaty geçirmek üçin esas döretdi.
Türkmenistanyň Hökümetiniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň, Bütindünýä Bankynyň, USAID-yň, GIZ-yň we beýleki halkara guramalarynyň we maliýe guramalarynyň wekilleri bolan maslahatyň ýokary derejeli gatnaşyjylary, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde päsgelçilik döredýän azyk we iýmit ulgamlarynyň howpsuzlygynda döreýän kynçylyklary aradan aýyrmak üçin batyrgaý we gyssagly çäreleri görmegiň zerurdygyna çuňňur ynamayny bildirdiler.
"Oba hojalygyny täsirli we yzygiderli ösdürmek üçin şu günki ýaly çäreleri geçirmek möhümdir, sebäbi olar umumy we subut edilen çözgütleri tapmak üçin forum döredýär", - diýip, FAO-niň Baş direktoryň orunbasary we Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili jenap Wladimir Rahmanin aýtdy.
Merkezi Aziýa ýurtlary, FAO, ÝUNEP, Bütindünýä banky, HPG, BSGG, Ýaşyl howa gaznasy we Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän köptaraplaýyn maksatlaýyn gaznalary boýunça BMG-niň edarasy tarapyndan çykyş eden ýokary derejeli myhmanlar uýgunlaşmak we täsirleri azaltmak üçin çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar, bu ugurda maksatlaýyn taslamalar we maksatnamalar üçin maliýe çeşmelerini ýokarlandyrmak we herekete getirmek, şeýle hem sebitdäki ýurtlara durnukly azyk ulgamlaryny we hereketler meýilnamalaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek üçin halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da, gatnaşyjylar sebitleýin derejesinde howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirlerini azaltmak üçin täsirli çözgütleri, şol sanda Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak üçin tehnologiýalaryň sebitleýin merkezini döretmegi ara alyp maslahatlaşdylar.
Çykyş edenler, howpsuz, ýeterlik we elýeterli azyk önümlerini üpjün etmek arkaly sebitde we bütin dünýäde adamlaryň iýmite bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin azyk ulgamlarynyň has durnukly bolmalydygyny bellediler. Bu amallary, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin çäreleri görmek we onuň täsirlerini azaltmak üçin tehnologiýalar bilen üpjün etmek boýunça iň oňat halkara tejribeleri goldap biler.
“Azyk howpsuzlygy – işjeň we sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmak üçin berhiz zerurlyklaryna we iýmit isleglerine laýyk gelýän ýeterlik, ygtybarly we ýokumly iýmitlere ähli adamlaryň fiziki we ykdysady taýdan elýeterli bolmagydyr. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we iýmitiň hilini gowulandyrmak Durnukly ösüş maksatlarynyň özenidir. Şol bir wagtyň özünde howanyň üýtgemegi eýýäm oba hojalygyna we azyk howpsuzlygyna täsir edýär we açlygy hem-de ýeterlik derejede iýmitlenmezligiň çözgüdini tapmagy has hem çylşyrymlaşdyrýar. Bar bolan kynçylyklary ýeňip geçmek üçin global we sebitleýin derejede durnukly çözgütleri tapmak zerur, esasanam oba hojalygy pudagynda, çünki ol adamlaryň durmuşyna uly täsir edýär "- diýip, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary jenap Husraw Noziri aýtdy.
2023-nji ýylda BMG-niň Azyk ulgamlary sammitiniň (UNFSS) öňsyrasynda geçirilen Halkara maslahaty Merkezi Aziýa ýurtlaryna we beýleki ýurtlara Durnukly azyk üpjünçiliginiň milli ugurlaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek boýunça tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi.
BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň ekosistemalar bölüminiň müdiri hanym Sýuzan Gardner maslahatda eden çykyşynda şeýle diýdi, “möhüm ýitgileri kesgitlemek üçin biziň bilelikde hereket etmegimiz we ýurtlaryň azyk galyndylaryny howanyň üýtgemegine garşy milli meýilnamalaryna ornaşdyrmagy zerurdyr. Biziň hemmämiz bu meseleler barada bilýäris we biziň hemmämiz çözgütleri diňe sözler bilen däl-de, eýsem jogapkärçilik, netijelilik we hereket etmek niýet bilen bilelikde teklip etmelidiris."
Maslahatyň habarnamasynda gatnaşyjylar aşakdaky hereketleriň möhümdigini bellediler: azyk ulgamlarynda peýda bolýan çeşmeleriň ýitgilerini, hapalanmagy, biodürlüligiň ýitip gitmegini we ýyladyşhana zyňyndylaryny azaltmak arkaly dökünleri, pestisidleri we süýji suwlary netijeli ulanylmak bilen azyk we maldarçylyk önümçiligine goldaw bermek; geljekki nesiller üçin azyk howpsuzlygyny we iýmitlenmegi üpjün etmek üçin ykdysady, sosial we daşky gurşaw esaslarynyň howp astyna düşmezligini üpjün etmek; şeýle hem azyk howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi boýunça hyzmatdaşlygy gowulandyrmak üçin sebitleýin platformalaryny, esasanam Suw diplomatiýasyny ösdürmek we BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada Howa Tehnologiýalar Merkezini döretmek arkaly güýçlendirmek.
Maslahatyň ahyrynda BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko şeýle diýdi, “azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, ony - azyk ulgamlarynyň howa, ekoulgamlar we sosial-ykdysady ulgamlar bilen arabaglanyşygynyň netijesi hökmünde görüp, çözgütleri tapmak möhümdir. Her bir ýurduň, hemme ýurtlaryň, halkara we sebitleýin guramalarynyň bilelikdäki tagallalary, şeýle hem kompaniýalaryň, hökümete dahylsyz guramalaryň we ylmy edaralarynyň giň gepleşiklere gatnaşmagy möhümdir."
“Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty, BMG-niň Ösüş ulgamynyň, howanyň üýtgemegini ýitileşdirýän sebitleýin we global derejede meseleleriň bilelikdäki we bitewi çözgütlerini kesgitlemek üçin möhüm gepleşiklere dürli gyzyklanýan taraplary çekmek üçin jemleýji güýjüniň aýdyň mysaly boldy. BMG-niň ösüş ulgamynyň dowam edýän özgertmeleri astynda BMG hut şunuň üçin goldaw bermäge çagyrylýar.