Press reliz

Türkmenistan we ÝUNEP özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

14 noýabr 2023

2023-nji ýylyň 13-nji noýabrynda BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy (ÝUNEP) we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekip, özleriniň daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş bilen baglanyşykly borçnamalaryny pugtalandyrdylar.

Resminama Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow we ÝUNEP-iň Senagat we ykdysadyýet bölüminiň müdiri hanym Şeýla Agarwal-Han tarapyndan gol çekildi. Gol çekişmek dabarasyna ÝUNEP-iň adyndan BMG-niň Howa tehnologiýasy we aragatnaşyk merkeziniň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Rajiw Garg gatnaşdy. 

ÝUNEP dünýä ýüzünde tebigaty we tebigy baýlyklary, şol sanda biodürlülügi goramak, olaryň durkuny saklamak, ýagdaýyny gowulandyrmak we goldaw bermek boýunça işleri alyp barýar. ÝUNEP-iň Senagat we ykdysadyýet bölümi bolsa dialog we hyzmatdaşlyk üçin meýdançalary, innowasion strategiýalary, täze taslamalary we döredijilik mehanizmlerini hödürlemek arkaly karar kabul etmek we iş gurşawyny üýtgetmek üçin çözgütler oýlap tapmak bilen meşgullanýar. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi hem Türkmenistan Hökümetiniň daşky gurşawy goramak boýunça ygtyýarly edarasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we ÝUNEP tarapyndan gol çekilen bu Ähtnama daşky gurşawy goramak babatynda öňde goýulan bilelikdäki maksatlara ýetmek üçin möhüm itergi boldy. Bu resminama Taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň esasy ugurlaryny, şeýle-de global derejede tebigaty we tebigy baýlyklary, şol sanda biodürlülügi goramak, olaryň durkuny saklamak, ýagdaýyny gowulandyrmak we goldaw bermek boýunça bilelikdäki maksatlaryny kesgitleýär. Ähtnama gol çekilmegi Türkmenistanda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkeziniň döredilmegine hem badalga bolar. Taraplar öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daşky gurşawy goramak babatynda öňde goýulan bilelikdäki maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyklaryny mälim etdiler. 

Bu Ähtnama 2021-nji ýylda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasyndaky howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýeňilleşdirmek we olara uýgunlaşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda düzüldi. Şeýle hem bu Ähtnama Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyna gabat gelýär. 



 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz