Bilelikde Durnukly geljege tarap: Türkmenistan ekologiýa boýunça maslahat geçirdi
05 iýun 2024
Aşgabat, Türkmenistan - 2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda Agro-senagat toplumynyň çäginde köpden bäri garaşylýan “Türkmenistan - ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly maslahat geçirildi. Maslahat gatnaşyjylara sebitiň dürli ekosistemalaryna has çuňňur düşünmek üçin döredilen sergi bilen başlandy.
Çäräniň başynda açylyş dabarasy boldy, onda halkara we sebit guramalarynyň wekilleri daşky gurşawy gorap saklamak we durnukly ösüşe ygrarlydyklaryny bellemek bilen gutlag çykyşlary etdiler.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň we umuman dünýä jemgyýetçiliginiň ýüzbe-ýüz bolýan häzirki daşky gurşaw meselelerine bagyşlanan pikir alyşmalara we çykyşlara gatnaşdylar. Mowzuklar biodürlüligiň ýitmeginden başlap, plastiki hapalanmalara, howanyň we suwuň hiliniň ýaramazlaşmagyna we parnik gazlarynyň zyňyndylaryna çenli dürli boldy.
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň ykdysatçysy Wladimir Waletka bu meseleleriň çözülmeginiň möhümdigini aýtdy we daşky gurşawyň durnuklylygyny gazanmakda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm roluna ünsi çekdi. Inklýuziwligi, adalaty we tebigat bilen sazlaşygy üpjün etmek üçin ykdysadyýetde we jemgyýetde üýtgeşmeleriň zerurdygyny aýtdy.
Mundan başga-da, jenap Waletka ýurduň halkara gepleşiklerine işjeň gatnaşmagyny we BMG ulgamy bilen hyzmatdaşlygyny nygtamak bilen, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreş ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.
Maslahat ähli gatnaşyjylary Türkmenistanda we beýleki ýerlerde daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmäge goşant goşmaga çagyrmak bilen tamamlandy.