BMG we Türkmenistan ýaşlar boýunça Milli maksatnamany işläp düzmek boýunça iş meýilnamasyny ylalaşdylar
19 dekabr 2019
- BMG we Türkmenistanyň Hökümeti 2015-2020 ýyllar üçin ýaşlar syýasatyny geçirmek boýunça Döwlet Maksatnamasynyň çäklerindäki işleriniň gidişi barada, Ýaşlar boýunça Edaralar arasyndaky ýagdaýlary seljerişiň we 2021-2025 ýyllar üçin täze Milli ýaşlar makstnamasyny ösdürmegiň ýollary boýunça teklipler bilen tanyşdyrmak hakynda tegelek stoly geçirdiler. Bu duşuşyk BMG-yň Türkmenistandaky Hemişe Utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowanyň we Sport we ýaşlar syýasaty Ministri Daýanç Gulgeldiýewiň ýolbaşçylygynda geçirildi.
Ýagdaýy öwrenmek seljerişine gatnaşan ähli milli hyzmatdaşlara wekilçilik edýän gatnaşyjylar we BMG-yň ýürt boýunça topary 2015-2020 ýylla üçin Döwlet Ýaşlar Syýasatyň ýerine ýetirilmegine degişli çäreleriň barada habardar boldylar, bu maglumatlar ýaşlar guramasynyň ýolbaşçysy tarapyndan tanyşdyryldy we olar tarapyndan 2019-njy ýylda BMG-yň Halkara bilermeni (YSitAn) tarapyndan geçirilen Ýaşlar boýunça Edaralar arasyndaky ýagdaýlary seljerişiň netijesinde işläp düzülen tekliplere syn edildi.
“2030-njy ýylda her bir ýaş adamyň sagdyn, bilimli we işlemäge ukyply bolan derejesi bize global, sebitleýin we milli derejede bilelikde öz maksatlarymyza ýetendigimize we tabşyryklarymyzy ýerine ýetirendigimiziň görkezijisi bolar”,- diýip BMG-yň Türkmenistandaky Hemişe Utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa belledi.
Sanly tehnologiýalar döwrüniň ýaşlara täsirini belläp. Ministr Daýanç Gulgeldiýew şeýle diýdi: “Häzirki zaman jemgyýetiň sanly tehnologiýalaryna geçýändigini, täze nesilleriň Internedy ulanmagy we ýaş nesiliň arasyndaky innowasion pikir etmegi nazara alyp, biz ýaş ýetginjekler we ýaşlar üçin howpsuz şertler bilen bagly soraglara olary ykdysady hukuk pudagyna, gender deňligine akgynly integrirlemek, şeýle-de jemgyýetiň ýaş wekillerini kiber giňligiňişliginde özüňi medenýetli alyp barmagy öwretmek we durmuşlaryny işjeň çalasyn alyp barmak ýaly soraglara seretmegi teklip edýäris. Bu maksatlar üçin ähli döwlet we jemgyýetçilik serişdelerini birikdirmek zerurdyr.”
Bu duşuşyk soragyň milli tarapyny düşünişmäge we 2030-njy ýyla çenli Iş meýilnamsyna ýetmegiň çäklerinde milli ýaşlar syýasatyny öňe sürmegiň geljekki amaly hereketleri ylalaşmaga mümkinçilik berdi.
Tegelek stoluň jemleri boýunça şu ädimler ylalşyldy:
- bilelikdäki iş toparyny döretmek we iş topary üçin tehniki tabşyryklary işläp düzmek;
- Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagy seljermek boýunça Iş meýilnamasyny, şeýle hem täze Maksatnamany we iş meýilnamasyny işläp düzmek we tassyklamak;
- Ýaşlar syýasaty boýunça Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagy seljermek;
- 2021-2025-nji ýyllar üçin täze Maksatnamany we Iş meýilnamasyny işläp düzmek.
YSitAn 10-24 ýaş aralygyndaky ýaş zenanlaryň we erkek adamlaryň maglumatlara elýeterlik, saglygy goramak, bilim we hünär taýýarlygy, zähmet bazaryna geçmeklik we işlilik, gender deňligi, maýyplyk we gatnaşyjylyk ýaly ýaşlaryň ösmegi üçin aýgytly manysy bolan öňdebaryjy pudaklarda häzirki ýagdaýyny beýan etdi. Hökümet hyzmatdaşlar, döwlet we hususy edaralar, ýaşlar we olaryň maşgalalary bilen giň gerimli maslahatlar we interwýular geçirildi.