Press reliz

Türkmenistanda BMG binasynda Holokost pajygasyny ýatlaýarlar

28 ýanwar 2020

  • Türkmenistanda Birleşen milletler gurmasy BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi we Ysraýyl döwletiniň ilçihanasy bilen bilelikde Oswensim lageriniň azat edilmeginiň 75-nji şanly senesini belläp, Holokost pajygasyny ýatladylar.

Şu ýylyň temasy – “Oswensim lageriniň 75 ýyllygy bütindünýä adalatlylygy üçin Holokost pajygasy boýunça bilim bermek we ony ýatlamak”. Tema ähli ýerlerde ähli adamlaryň mertebesiniň we adam hukuklarynyň hormatlanmagyny üpjün etmek üçin, Holokost pajygasyndan 75 ýyl soň antisemitizme we diskriminasiýanyň beýleki görnüşlerine garşy bilelikdäki hereketleriň yzygiderli wajyplygyny şöhlelendirýär.

Diplomatik jemgyýetiň, ýewreý jemgyýetiniň wekilleri, milli hyzmatdaşlar we BMG-niň işgärleri “Oswensim” düşünjesiniň manysy barada has gowy düşünje almak üçin “Ýagtylygyň şöhleleri” atly fotosurat sergisine aýlandy.

Söz sözleýjiler şeýle zadyň “indi gaýtalanmaly däldigi” barada bellediler we bu wakany hiç haçan ýatdan çykarmaly däldigi, ähli wagtda we ähli ýerde antisemitizme, fanatizme we ýigrenjiň ähli görnüşlerine garşy göreşmelidigi, ähli adamlaryň mertebesi we adam hukuklary ugrunda bile bolmalydygy barada bellediler.

“Jemgyýetçilik agzybirligine we adam hukuklaryna ýardam bermek we diskriminasiýa we ýigrenje garşy göreşmek biziň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmek ugrunda tagallalarymyzyň esasynda, Birleşen milletler guramasynyň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa belledi.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDSS
BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howpsuzlyk we goraglylyk bölümi
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz