BMGÖM we hyzmatdaşlary Aşgabatda ekologiýa gözegçilik ulgamlaryny kämilleşdirýärler
27 ýanwar 2020
- Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we Global ekologiýa gaznasy (GEG) Oba-hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde Aşgabatda ekologiýa gözegçilik ulgamyny kämilleşdirýärler.
“Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada toplumlaýyn ýaşyl şäher ösüşi” atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde Daşky gurşawa gözegçilik gullugy we Tebigaty goramagyň sebitleýin barlaghanalary (Oba-hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň departamentleri) üçin atmosfera howasynyň ýagdaýyny bahalandyrmak we gözegçilik etmek üçin ýöriteleşdirilen enjamlar alyndy we gurnaldy.
“Durnukly tejribeleri, ösüşleri we ýaşyl şäherleriň döredilmegini öňe sürmek üçin ýöriteleşdirilen enjamlary ulanmak bilen ýerine ýetirilen barlaglaryň we alnan maglumatlaryň esasynda çözgütleri kabul etmek zerurdyr. Hut şonuň üçin biziň taslamamyzyň maksatlarynyň biri dürli görkezijiler boýunça Aşgabat şäheriniň daşky gurşawynyň ýagdaýyny bahalandyrmak tejribelerini gowulandyrmak we alnan maglumatlara hem-de olar boýunça hasabatlary taýýarlamaga degişlilikde edaralaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak zerurdyr” – diýip, BMGÖM / GEG taslamasynyň ýolbaşçysy Batyr Ballyýew belläp geçdi.
Täze enjamlar senagat howa zyňmalarynyň hem-de beýleki howany hapalamagyň çeşmeleriniň zyňýan maddalarynyň düzümindäki hapalanan maddalaryň konsentrasiýasyny kesgitlemek üçin enjamlary we usullary öz içine alýar. Ekologiýa gözegçilik gullugynyň işgärleri üç günlük okuw taýýarlyklaryny geçip, täze enjamlar bilen işlemek hem-de olara ideg etmek üçin zerur bolan ukyplary we başarnyklary aldylar. Tejribeleýin sapaklardan soň taýýarlygyň gatnaşyjylary ekologiýa gözegçilik ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça maslahatlary geçirdiler.
Daşky gurşawa gözegçilik gullugynyň we tebigaty goraýyş edaralarynyň welaýat bölümleriniň hünärmenleri tarapyndan bu enjamlaryň gurnalmagy we ulanylmagy Aşgabatda we welaýat merkezlerinde howanyň hapalanmagynyň derejesine gözegçilik etmek ulgamyny hil derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, gözegçilik ulgamyny kämilleşdirmek üçin bellenen çäreler hem taslamanyň esasy maksadynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berer – şäherlerde we şäherleriň golaýlarynda önümçilik we senagat kärhanalarynyň işini ekologiýa taýdan optimallaşdyrmagyň hasabyna ýyladyşhana gazlarynyň zyňylmagyny kemeltmek.
Taslamanyň çärelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde suw çeşmeleriniň ýagdaýyny bahalandyrmak we gözegçilik etmek boýunça ýöriteleşdirilen enjamlar hem satyn alynýar.