Geljekde Türkmenistanda zenanlaryň we ýaşlaryň hukuklary
24 iýul 2017
- BMG-niň Ilat gaznasy Türkmenistanyň Hökümetine zenanlaryň we ýaşlaryň zerurlyklary hem-de hukuklary boýunça Durnukly ösüş maksatlaryny ösüş boýunça milli maksatnamalara we strategiýalara girizmekde goldaw bermegi dowam edýär.
Hökümet hyzmatdaşlary Durnukly ösüş maksatlary boýunça reproduktiw saglygy, gender deňligi, ýaşlaryň ösüşi barada maglumaty ýygnamagyň we ony derňemegiň usulyýeti babatda maslahatlaşmak üçin tegelek stoluň başynda ýygnandy. Duşuşyk BMG-niň Ilat gaznasy we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde geçirildi.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekili Gözel Moşewa Durnukly ösüş maksatlaryny kabul etmek boýunça bütindünýä maslahatlaryna işjeň gatnaşandygyny belledi we Durnukly ösüş maksatlarynyň ugurlaryny we görkezijilerini milli bähbitlere laýyk getirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada aýdyp berdi. Gözel Moşewa Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň gulluklarynyň goldawy bilen 17 sany maksady, 169 sany bütindünýä ugry, şeýle-de 39 sany goşmaça milli ugry kabul edendigini belledi. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekili reproduktiw saglygy, gender deňligi, ýaşlaryň ösüşi ugrunda Durnukly ösüş maksatlarynyň ugurlaryny we görkezijilerini laýyk getirmekde we olara gözegçilik etmekde degişli ministrlikleriň jogapkärçiligi barada giňişleýin aýdyp berdi. Pudagara işini talap etjek maksatlar boýunça maslahatlar dowam edýär.
BMG-niň Ilat gaznasynyň Milli maksatnamasynyň Ilat we ösüş hem-de gender deňligi meseleleri boýunça hünärmeni Döwran Ýamatow Giňişleýin maglumat boýunça konsepsiýany tanyşdyrdy. Döwran Ýamatow Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmekde Giňişleýin maglumat konsepsiýanyň meseleleri we mümkinçilikleri barada aýdyp berdi.
Giňişleýin maglumat konsepsiýasy adamlaryň özlerini alyp barşyny beýan edýän we dürli çeşmelerden, şol sanda onlaýn habarlardan we jemgyýetçilik habar beriş serişdelerden, onlaýn gözleg boýunça täzeliklerden, öýjükli telefonlardan we, hatda, pul geçirimleriň ýazgylaryndan alnan sanly maglumatyň uly göwrümidir. Maglumatyň gizlinligi we şahsy maglumatyň goraglylygy boýunça ýörelgelerden ugur alyp, Giňişleýin maglumat konsepsiýasynyň analitikleri durnukly ösüşe we bütindünýä maksatlarynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmäge özüniň saldamly goşandyny goşup biler.
Mysal üçin, BMG-niň “Bütindünýä impulsy” atly Giňişleýin maglumat konsepsiýasy boýunça BMG-niň Baş Sekretarynyň innowasion başlangyjyna laýyklykda, öýjükli telefonlary ulanyjylaryň barýan ýerlerini hasaba almagyň netijesinde, ýokanç keselleriň ýaýramagy barada öňünden habar alyp bolar, bu bolsa Durnukly ösüş maksatlarynyň saglyk we abadançylyk baradaky 3-nji maksadyna goşant goşar. Maliýe geçirimleri baradaky derňew ýüze çykan harajatlar, şeýle-de ykdysady meseleleriň dürli netijeleri barada maglumat berip biler, bu bolsa Durnukly ösüş maksatlarynyň 5-nji maksadyna we gender deňligi boýunça ugurlara goşant goşar. Hyzmatdaşlygy, statistikany, şeýle-de öýjükli we häzirki wagtda ýokary derejede özara baglanyşykly dünýäni şöhlelendirýän internet maglumatyny birleşdirmegiň üsti bilen durnukly ösüş boýunça maglumaty has netijeli ulanyp bolar.
Döwran Ýamatow: “Ilat barada maglumaty ýygnamagyň iň görnükli tarapdarlarynyň biri BMG-niň Ilat gaznasy saglyk we zenanlaryň hem-de ýaşlaryň hukuklary pudaklaryna goýulýan maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda maglumatyň ýardam berjekdigi barada ynanýar” diýip aýtdy. “Şu günki tegelek stoldaky duşuşyklar gyzyklanýan taraplaryň arasynda Türkmenistanda ösüş üçin maglumat, gender deňligi, zenanlaryň we ýaşlaryň reproduktiw saglygy ugrunda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde gazanylýan öňegidişliklere gözegçilik etmek boýunça hereketlere bagyşlandy. BMG-niň Ilat gaznasy bütindünýä maksatlary we ugurlary milli maksatnamalara we strategiýalara girizmek boýunça gözegçilik ediş gurallaryny we usulyýetleri üpjün etmekde Hökümet bilen hyzmatdaşlygyny dowam etmäge taýýar.”