Press reliz

Her sebitde çagalar barada maglumaty ýygnamagyň möhümligini düşündirmek

15 noýabr 2017

  • Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ÝUNISEF we BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň ofisi bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda okuwlaryň toplumyny geçirdi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ÝUNISEF we BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň ofisi bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň paýtagtynyň we welaýatlarynyň saglygy goraýyş, bilim we durmuş goraglylygy bölümleriniň wekilleri üçin Durnukly ösüş maksatlary we çagalar barada okuwlaryň toplumyny geçirdi.  

Şu ýylyň iýun aýyndan noýabr aýyna çenli degişli jemgyýetçilik sektorlaryň wekillerine Durnukly ösüş maksatlary, çagalar bilen baglanyşykly görkezijiler we Türkmenistanda çagalaryň we zenanlaryň ýagdaýy barada Birnäçe görkezijili klaster barlagy (MICS) ýaly ÝUNISEF-iň maglumaty ýygnamak boýunça gurallary barada habar bermek maksady bilen, ÝUNISEF-den, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň ofisinden we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinden hünärmenleriň topary ýurdumyzyň her sebitine geldi. Durnukly ösüş maksatlary boýunça çagalar bilen baglanyşykly görkezijilere baha bermek we olar barada hasabat bermek üçin ilkibaşdaky şertleriň, şeýle-de etrap, welaýat we döwlet derejelerinde öz wagtynda maglumaty ýygnamagyň möhümligi barada bellendi.   

“Biz Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň öz wagtynda millileşdirilmegi üçin guwanýarys, bu bolsa Durnukly ösüş maksatlarynyň ähli çagalara degişli ediljekdigini aňladýar” diýip, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Ilat boýunça bölüminiň başlygy Gözel Çaryýewa aýtdy. Ol: “Birnäçe görkezijili klaster barlagy we halkara derejesinde degşirip bolýan we ÝUNISEF-iň goldaw bermegi bilen ýygnap bolýan beýleki maglumat Türkmenistanda çagalaryň abadançylygy bilen baglanyşykly ugurda gazanylýan öňegidişliklere baha bermegiň binýady hökmünde hyzmat eder” diýip belledi.   

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň 187 sany görkezijisini kabul etdi, ol görkezijilerden 55 sanysy çaga bilen baglanyşykly. Çagalar barada maglumat boýunça dünýäde öňdebaryjy orunda durýan ÝUNISEF-de Durnukly ösüş maksatlarynyň 10 sany görkezijisi we başga 7 sany görkezijisi saklanýar. Bu işe ähli çagalary goşmak talabyny ýerine ýetirmek üçin has gowy işlenen maglumat zerur bolýar. Onuň bilen baglylykda, ÝUNISEF ähli raýatlar üçin bu görkezijiler boýunça maglumaty işlemekde, derňemekde we ulanmakda ýurtlara goldaw berýär.  

“Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginiň irki tapgyrlarynda iň ejiz çagalara ýetmek maksady bilen çagalar babatda has gowy çözgütleri kabul etmek, maýa goýumlary goýmak we gatnaşyklary ýola goýmak üçin maglumaty ulanmagy üpjün etmegimiz örän wajypdyr. ÝUNISEF-iň Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde ähli çagalar üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda BMG-niň hukuklaryndan peýdalanýandygy meni begendirýär. Çagalar üçin bu işi ýerine ýetirmek ähli adamlary begendirer, çünki biz ähli derejelerde mümkinçilikleri ýokarlandyrmak babatda näçe köp işledigimizçe, bu mümkinçilikler ýurda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam berer” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Şahin Nilofer aýtdy.     

Öňe ädilen ädim hökmünde, Türkmenistanyň Hökümeti we ÝUNISEF Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijileriniň esasy bolan we, esasan, çagalar bilen baglanyşykly görkezijilere has köp üns berýän habarlaryň elýeterliligine baha beriş işini amala aşyrýar.  

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz