Banklar we hususy sektor Durnukly ösüş maksatlaryna maýa goýum goýmagy öwrenýär
10 oktýabr 2018
- Okuwlar “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilip, bank ulgamynyň we hususy sektoryň 50-ä golaý wekilini jemledi.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky, Beýik Britaniýanyň ilçihanasy we Birleşen milletler guramasy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin maýa goýumlary maliýeleşdirmek meseleleri boýunça okuwlary geçirýär. Okuwlar “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilip, ol ýerde bank ulgamynyň we hususy sektoryň 50-ä golaý wekili jemlendi.
Okuwlary “Stratigos” kompaniýasynyň esaslandyryjy we ýerine ýetiriji müdiri jenap Piter Wanderwal alyp bardy. “Stratigos” kompaniýasy netijelere esaslanan maliýeleşdirme, hususy maliýeleşdirme we döwlet hem-de hususy sektorlaryň hyzmatdaşlygy boýunça dünýäniň iň öňdebaryjy maslahat beriş kompaniýasydyr. Okuwlaryň alyp baryjysyna BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Istanbul şäherindäki sebitleýin goldaw beriş merkezinden hanym Elina Jarwela kömek berýär. Ol Slowakiýa Respublikasynyň Maliýe ministrligi tarapyndan goldaw berilýän alternatiw maliýeleşdirme boýunça sebitleýin taslamanyň utgaşdyryjysy.
“Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ählitaraply goldawy we kömegi üpjün etmegi maksat edinýär. Biz grantlaryň, karzlaryň, göni maýa goýumlarynyň we beýleki innowasion çeşmeleriň üsti bilen ösüş boýunça içki hem-de halkara taslamalary maliýeleşdirmek ugrunda hyzmatdaşlyk babatda täze çemeleşmäni ulanyp, köpsanly täze taslamalary durmuşa geçirýäris” diýip, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň dolandyryjy geňeşiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow aýtdy.
Gatnaşyjylar bilelikdäki maliýeleşdirmäniň we maýa goýumlaryň esasynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibine ýetmek maksady bilen, maliýeleşdirmegiň we maýa goýumlary çekmegiň innowasion usullary bilen tanyşdyryldy. Ondan başga-da, olar hususy sektoryň, döwletiň we ikitaraply maýa goýujylaryň orny barada hem maslahatlaşdy.
“Men bu okuwlaryň durnukly ösüşiň umumy kabul edilen ülňülerini girizmegiň we durnukly ösüş maksatlaryny işewürligiň düzüm bölegine öwürmegiň üsti bilen has köp adam we işewürlik jemgyýeti üçin täze hyzmatdaşlyga getirjek platforma bolup hyzmat etjegine ynanýaryn” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa özüniň garşy alyş çykyşynda belledi.
Bu okuwlar Türkmenistanda Beýik Britaniýanyň ilçihanasy tarapyndan maliýeleşdirildi. Bu okuwy geçirmek hakynda pikir 2018-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilen maliýeleşdirmä bagyşlanan “Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüş üçin maliýeleşdirme ugrunda hyzmatdaşlyk” atly maslahatyň dowamynda maliýe gurallarynyň göwrümini giňeltmek baradaky pikirleriň, şol sanda hususy sektordan maliýe serişdelerini geçirmegiň innowasion usullary barada edilen teklipleriň netijesinde ýüze çykdy.
Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabat bermäge taýýarlanýar
Türkmenistanda Birleşen milletler guramasy Ýokary derejeli syýasy forumyň çäginde Meýletin milli syna taýýarlanmak üçin duşuşyk geçirdi.
Ýokary derejeli syýasy forumda Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmekde gazanan öňegidişlikleri bilen tanyşdyrar. Bu gezek duşuşyga hususy sektoryň we hökümete degişli bolmadyk edaralaryň wekilleri gatnaşdy.
Duşuşygyň maksady milli syny işläp düzmek prosesini tanyşdyrmakdan we syndaky Durnukly ösüş maksatlary barada bilimi artdyrmakdan, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini hem-de bu prosesde hususy sektoryň hem-de hökümete degişli bolmadyk edaralaryň tutýan ornuny görkezmekden ybarat.
“Şu gün biz täze hyzmatdaşlyga ýol açjak we durnukly ösüşiň umumy kabul edilen ülňülerini durmuşa geçirmäge ýardam berjek aragatnaşygy saklamak we tejribe alyşmak üçin platformany döredip bilýäris” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa gutlag çykyşynda belledi.
2018-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan aýda Birleşen milletler guramasy Türkmenistanyň ministrlikleriniň we bölümleriniň wekilleri, şeýle-de BMG-niň gulluklary Meýletin milli syna taýýarlanmak boýunça hereketleriň maksatnamasynyň çäginde 4-nji, 8-nji, 10-njy, 13-nji, 16-njy we 17-nji maksatlar boýunça ugurlaryň, görkezijileriň we maglumatyň elýeterliligi barada maslahatlaşmak üçin Türkmenistanda milli hyzmatdaşlar bilen köpsanly duşuşyklary gurady. Bu duşuşyklar ýokary derejeli milli hasabatyň taýýarlanylmagyny üpjün eder.