Täze düzgünnamalarda mekdepleriň howpsuz açylmagy üçin ýol kartasy bar
30 aprel 2020
- Häzirki wagtda mekdepleriň ýapylmagynyň dünýädäki 1,3 milliard töweregi okuwça täsir etmegi bilen, ÝUNESKO, UNICEF, Bütindünýä azyk maksatnamasy we Bütindünýä banky mekdepleriň howpsuz açylmagy üçin täze görkezmeleri çykardy.
NÝU-ÝORK / PARIŽ / RIM, 2020-nji ýylyň 30-njy apreli. Şu gün mekdepleriň ýapylmagynyň dünýädäki 1,3 milliard töweregi okuwça täsir etmegi bilen, ÝUNESKO, UNICEF, Bütindünýä azyk maksatnamasy we Bütindünýä banky mekdepleriň howpsuz açylmagy üçin täze görkezmeleri çykardy.
Şeýle hem, edaralar COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşde mekdepleriň giňden ýapylmagynyň, esasan hem, bilim, saglyk, howpsuzlyk we iýmitlenmek üçin mekdebe bil baglaýan iň çetleşdirilen çagalar üçin çagalaryň bilim we abadançylygy ugrunda görlüp-eşidilmedik töwekgelçilik döredýändigini duýdurdylar. Görkezmelerde çagalaryň mekdebe gaýdyp gelenlerinden soň howpsuzlygyny nädip üpjün etmelidigi barada milli we ýerli hökümetlere amaly görkezmeler berýär.
UNICEF-iň ýerine ýetiriji direktory Genrietta Fore: “Ösýän deňsizlikler, saglyk ýagdaýynyň ýaramaz görkezijileri, zorluk, çaga zähmeti we çaga nikasy mekdebe gatnamaýan çagalar üçin uzak möhletleýin howpdur.” – diýip nygtady. “Bilşimiz ýaly, çagalar mekdebi näçe uzak sypdyrsalar, şonça-da mekdebe gaýdyp gelmek ähtimallygy pes bolýar. Mekdepleri açmagy ileri tutmasak, ýagny mekdepleri açmagyň haçan howpsuz boljakdygy barada karara gelmesek, bilimde uly ýitgi çekeris”.
Täze görkezmelerde mekdebiň ýapylmagynyň keselleriň ýaýramagyna edýän täsirine baha bermek üçin ýeterlik subutnamanyň ýoklugyna garamazdan, mekdebiň ýapylmagynyň çagalaryň howpsuzlygyna we bilimine ýetirýän ýaramaz täsirleri gowy bellenilen. Soňky onýyllyklarda çagalaryň bilim almak mümkinçiligini giňeltmekde gazanylan netijeler ýitirilip, iň erbet ýagdaýda bolsa bütinleý ýok edilip bilner.
“Iň garyp ýurtlarda çagalar bütin günüň dowamynda bir gezek nahar berýän çeşme hökmünde mekdeplere bil baglaýarlar. Emma COVID zerarly köp mekdebiň ýapylmagy sebäpli, 370 million çaga garyp maşgalalar üçin ýeke-täk halas ediş ýoly bolan bu ýokumly iýmitden mahrum boldy. Çagalar, adatça, mekdepde alýan lukmançylyk kömegini hem alyp bilmeýärler. Bu uzak möhletleýin zyýan ýetirip biler, şonuň üçin mekdepler açylandan soň iň ejiz çagalary mekdebe gaýdyp getirip biljek iýmitleniş we saglyk hyzmatlaryny dikeltmek möhümdir” – diýip, Bütindünýä azyk maksatnamasynyň ýerine ýetiriji direktory Dewid Bizli belledi.
Görkezmelerde bellenip geçilişi ýaly, bilim, jemgyýetçilik saglygy we durmuş-ykdysady faktorlar üçin degişli peýdalara we töwekgelçiliklere baha bermek esasynda çagalaryň iň oňat bähbitleri we jemgyýetiň saglygynyň umumy taraplary milli we ýerli hökümetleriň mekdepleri açmak baradaky kararlarynda esasy orun tutmalydyr.
Mekdepler öz işlerini has netijeli dowam etdirip, okuw prosesini gowulaşdyryp, mekdepdäki çagalara saglyk, iýmitleniş, psihososial goldaw, suw desgalary, arassaçylyk we gigiýena ýaly has giňişleýin goldawy hödürlemeli.
Mekdepler öz işlerini has netijeli dowam etdirip, okuw prosesini gowulaşdyryp, mekdepdäki çagalara saglyk, iýmitleniş, psihososial goldaw, suw, arassaçylyk we arassaçylyk desgalary ýaly has giňişleýin goldawy hödürlemeli. Ýurtlar mekdepleri haçan açmalydygyny çözmäge synanyşýarka, ÝUNESKO, UNICEF, Bütindünýä azyk maksatnamasy we Bütindünýä banky Global bilim koalisiýasynyň bir bölegi hökmünde, hökümetleri uzak aralykdan okamaga garanda, gatnawly okamagyň artykmaçlyklaryna, şeýle hem mekdepleriň açylmagy bilen baglanyşykly töwekgelçilik faktorlaryna baha bermäge çagyrýar we mekdebe gatnamak bilen baglanyşykly kesellemek töwekgelçiligi baradaky subutnamalaryň netijesizdigini belleýär.
“Mekdepleriň uzak wagtlap ýapylmagy sebäpli köp okuwçynyň okuw prosesinde yza galýandygyny göz öňünde tutup, aç-açan görünmese-de, ilki bilen mekdepleri haçan we nädip açmalydygyny kesgitlemeli. Saglygy goraýyş pudagy işjeňleşenden soň, hiç bir okuwçynyň gözegçiliksiz galmazlygy üçin ähli çäreleri görmeli. Bu görkezmeler okuwçylar, mugallymlar we maşgalalar üçin mekdepleri açmak ugrunda hökümetler we hyzmatdaşlar üçin bir bitewi gollanma berýär. Hemmämiziň bir maksadymyz bar: ähli okuwçylar üçin bilim almak hukugyny goramak we öňe sürmek” diýip, ÝUNESKO-nyň baş müdiri Odri Azule aýtdy.
Görkezmeler aşakdakylary öz içine alýar:
- Syýasatyň reformasy: Syýasatyň netijeleri köpçülikleýin saglygy goraýyş pudagynda adatdan daşary ýagdaýlarda mekdepleri açmak we ýapmak üçin anyk syýasatlary öz içine alýan görkezmeleriň ähli taraplaryny; çetleşdirilen we mekdebe gatnamaýan çagalar üçin deň hukuklylygy giňeltmek we uzak aralyk okuw tejribesini güýçlendirmek we standartlaşdyrmak üçin zerur özgertmeleri öz içine alýar.
- Maliýeleşdirmegiň talaplary: COVID-19-yň bilime edýän täsiriniň öňüni almak we durnuklylygy dikeltmek we ýokarlandyrmak üçin bilim ulgamlaryny güýçlendirmek ugrunda maýa goýmak.
- Ygtybarly işlemek: Keseliň ýokaşmagyny azaldýan, we üpjünçilikleri üpjün edýän hem-de sagdyn özüni alyp barşyny ösdürýän möhüm hyzmatlary üpjün etmek. Bu eliňi ýuwmak üçin sabyn we arassa suwuň elýeterliligini, özüni oňat duýmaýan işgärler ýa-da okuwçylar üçin proseduralary, sosial aralygy berjaý etmek boýunça protokollaryny we arassaçylyk düzgünlerini öz içine alýar.
- Okuw prosesiniň öwezini dolmak: Okuw wagtynyň ýitmeginiň öwezini dolýan, pedagogikany güýçlendirýän we uzak aralykdan we distansion biliminiň çäginde çemeleşmeleri birleşdirmek ýaly gibrid okuw nusgalaryna esaslanýan tejribe aýratyn üns bermek. Bu keseliň ýokaşmagy we öňüni almak baradaky bilimleri öz içine almalydyr.
- Abadançylyk we gorag: Saglyk we mekdep iýmitlenmesini goşmak bilen kämilleşdirilen ugrukdyryş mehanizmleri we esasy mekdep hyzmatlary arkaly okuwçylaryň abadançylygyna we çagalary goramaga has uly ähmiýetiň berilmegi.
- Iň çetleşdirilen çagalara ýetmek: Mekdepde okamadyk çagalar, göçürilen çagalar we immigrant çagalar, şeýle hem azlyklaryň agzalary ýaly çetleşdirilen toparlar üçin giriş mümkinçiligini ýokarlandyrmak ugrunda mekdepleri açmak üçin syýasaty we tejribäni uýgunlaşdyrmak. Möhüm habarlaryň degişli dillerde we elýeter formatlarda elýeter bolmagyny üpjün etmegiň üsti bilen, olaryň diwersifikasiýasy.
“Mekdepler açylan badyna okuwçylaryň howpsuz ýagdaýda mekdep gurşawyna birleşdirilmegi we çagalaryň, esasan hem, okuw taýdan iň köp ýitirenleriň okuw prosesine goşulmagyna mümkinçilik döreder. Bu örän möhümdir, sebäbi ol has täsirli we adalatly bolmaly täze durmuş derejesi üçin başlangyç paneli bolup hyzmat edýär. Işleriň täzeden başlamagyny üpjün etmek üçin mekdepler material we tehniki binýady we mugallymlary taýýarlamaly bolarlar. Iň amatsyz ýagdaýlarda bolan okuwçylar üçin okuw prosesiniň dikeldilmegini goldamak üçin aýratyn meýilnamalary bolmaly. Bu görkezmeler BMG-niň esasy guramalarynyň ylalaşýan öňe gidiş üçin esas döredýär” – diýip, Bütindünýä banky toparynyň Global bilim ýolbaşçysy Haýme Saawedra nygtady.
###
Redaktorlar üçin bellikler:
UNICEF barada
UNICEF dünýäde iň kyn ýagdaýdaky çagalara kömek bermek üçin, iň meseleli ýerlerde işleýär. 190 ýany ýurtda we araçäkde işläp, biz çagalar üçin, ähli adamlar üçin gowy dünýäni gurmak ugrunda işleýäris.
Bütindünýä azyk maksatnamasy barada
BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy adatdan daşary ýagdaýlarda adamlary halas edýän, abadançylygy üpjün edýän we gapma-garşylyklardan, tebigy betbagtçylyklardan we howanyň üýtgemeginiň täsirlerinden gutulýan adamlar üçin durnukly geljegi goldaýan dünýädäki iň uly ynsanperwer guramadyr.
ÝUNESKO barada
ÝUNESKO Birleşen milletler guramasynyň bilim, ylym we medeni guramasydyr. ÝUNESKO bu ugurlardaky halkara hyzmatdaşlygy arkaly parahatçylyga ygrarly. ÝUNESKO-nyň maksatnamalary BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2015-nji ýylda kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşýar.
Has giňişleýin maglumat üçin aşakdakylar bilen habarlaşyň:
Hanym Jorjine Tompson (Georgina Thompson), ÝUNESKO, tel.: +1 917 238 1559, el. poçta: gthompson@unicef.org
Jenap Martin Penner (Martin Penner), Bütindünýä azyk maksatnamasy, tel.: +39 345 614 2074, el. poçta: martin.penner@wfp.org
Jenap Jorju Papanjanisu (George Papagiannis), ÝUNESKO, tel.: +33 1 45 68 17 06, el. poçta: g.papagiannis@unesco.org