Press reliz

Gender deňligi meseleleri barada Durnukly ösüş maksatlary boýunça merkezde geçirilen umumy okuw

30 maý 2018

  • Umumy okuw talyplaryň, professor-mugallymlaryň we Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Birleşen milletler guramasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça milli okuw we usulyýet merkezinde 5-nji maksat, ýagny “Gender deňligini gazanmak we ähli zenanlaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek” boýunça umumy okuwy gurady.

Umumy okuwyň maksady ýaşlary hem-de pudaklaýyn ministrlikleriň we ylmy toparlaryň wekillerini ähli Durnukly ösüş maksatlaryna, şeýle-de durnukly ösüş bilen baglanyşykly ähli işe gender meselelerini girizmegiň ähmiýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Statistika boýunça bölüminiň başlygy Bahar Agaýewa Durnukly ösüş maksatlarynyň millileşdirilmegi, gender deňligi boýunça esasy kanuny resminamalar we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň üç tapgyry barada çykyş etdi.

ÝUNISEF-iň Gender meseleleri boýunça sebitleýin geňeşçisi hanym Maha Muna şeýle belledi: “Gender deňligi JIÖ bilen baglanyşykly bolup, ol diňe garyplygy ýok etmegiň we zähmet üçin deň tölemegiň esasy bolman, saglygy goraýyş, bilim, iş bilen üpjünçilik, şeýle-de Durnukly ösüş maksatlarynyň 5-nji maksady, ýagny zenanlara gönükdirilen zorluk, ýaş wagty durmuşa çykarmak bilen hem baglanyşykly bolup, ol ähli Durnukly ösüş maksatlaryny öz içine alýar.”

ÝUNISEF-iň Gender meseleleri boýunça sebitleýin hünärmeni hanym Nurgül Kinderbaýewa Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti üçin BMG-niň bölümara gollanmasyny görkezdi, onda Türkmenistanyň üç tapgyry durmuşa geçirmekde gowy mysal görkezýändigi bellenýär. Ondan başga-da, ol bu işe dördünji tapgyry, ýagny Gender meselelerini hasaba almak bilen Durnukly ösüş maksatlary ugrunda öňegidişliklere baha bermek boýunça işi goşmagy hem teklip etdi.

Gatnaşyjylar gender deňliginiň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň güýçlendiriji guraly hökmünde hereket edýändigine göz ýetirdi we onuň Durnukly ösüş boýunça beýleki maksatlary bilen arabaglanyşygy barada tanyşdyryldy. Gender deňligi boýunça bütindünýä ýörelgeleri hem-de onuň ykdysady köpdürlilige ýetirýän täsirleri, şeýle-de “ähli adamlar üçin ösüşi üpjün etmek” ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegi barada hem bellendi.      

2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde indiki 13 ýyl üçin durnukly ösüş boýunça işleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulan. Şeýlelik bilen, Durnukly ösüş maksatlarynda zenanlaryň hukuklarynyň we gender meseleleriniň şöhlelendirilmegi örän möhümdir.

Sofiya Yuvshanova

Sofiya Yuvshanova

RCO
Monitoring and Evaluation Specialist

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz