Press reliz

BMG-niň Türkmenistandaky ofisi BMG-niň 7-nji Baş Sekretarynyň, parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň laureatynyň aradan çykmagy sebäpli gynanjyny bildirýär. Kofi Annan Birleşen milletler guramasynyň işlerine iň möhüm pursatlarda ýolbaşçylyk etmegi, gurama

27 awgust 2018

  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Aral deňzini halas etmek boýunça halkara gaznasyny döreden döwletleriň baştutanlarynyň sammitiniň jemleri boýunça ýygnak geçirdi.

Ýygnaga diplomatik wekillikleriň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşky gurşawy goramak boýunça hünärmenler, raýat jemgyýeti we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdy. Ýygnakda Türkmenistanyň Daşary işler ministri, şeýle-de BMG-niň ýurt boýunça toparynyň, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa boýunça BMG-niň sebitleýin merkeziniň we ÝHHG-niň ýolbaşçylary sammitiň jemleri barada hasabat berdi.

“Men sammitiň öz wagtynda geçirilendigine ynanýaryn, çünki Aral deňziniň meselesi has çylşyrymlaşdy. Aral deňziniň çökgünliginiň ýetirýän täsirleri Merkezi Aziýa sebitiniň çäklerinden çykdy. Bu bolsa sebitdäki ýurtlaryň tagallalalarynyň ýeterlik däldigini aňladýar. Bu meseläni çözmek üçin ähli hyzmatdaşlaryň, ýagny hökümetiň, BMG-niň maliýeleşdiriji guramalarynyň, maliýe institutlaryň, raýat jemgyýetiniň, ýaşlaryň we hususy sektoryň ýeke-täk we utgaşykly çemeleşmesi zerur” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa belledi.

Ondan başga-da, ol suw, daşky gurşaw we durmuş-ykdysady derejesindäki meseleler bilen iş salyşmakda sebitiň döwletleriniň we halkara jemgyýetiniň tagallalaryny we mümkinçiliklerini birleşdirmek maksady bilen, Aral deňzi basseýniniň ýurtlarynda goldaw bermek boýunça maksatnamany (ASBP-4) we BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň konsepsiýasyny kabul etmek boýunça sammitiň çözgüdi bilen ylalaşdy.    

Duşuşygyň gatnaşyjylary Bilelikdäki beýanatda şöhlelendirilen teklipleriň we başlangyçlaryň Aral deňzini halas etmek boýunça halkara gaznasynyň çäklerindäki esasy ugurlary ýüze çykarmaga ýardam berjekdigi hem-de olaryň sebitde daşky gurşawy goramak boýunça meseleler bilen baglanyşykda durmuşa geçiriljekdigi barada öz ynamyny bildirdi. 

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz