Press reliz

COVID-19: Garyp maşgalalarda ýaşaýan çagalaryň sany ýylyň ahyryna çenli 86 milliona ýeter

29 maý 2020

  • «Çagalary halas edeliň» bileleşigi we UNICEF tarapyndan geçirilen täze seljermä görä, gyssagly çäreler görülmese, pes we orta girdejili ýurtlarda garyp maşgalalarda ýaşaýan çagalaryň sany 15 göterim artyp, 672 milliona ýetip biler

Şu gün «Çagalary halas edeliň» we UNICEF tarapyndan çykarylan täze seljermäniň netijelerine görä, COVID-19 pandemiýasynyň ykdysady täsirleri 2020-nji ýylyň ahyryna çenli garyp maşgalalarda ýaşaýan çagalaryň sanynyň goşmaça 86 million ýa-da 15 göterim ýokarlanmagyna sebäp bolup biler.

Derňewde maşgalalary pandemiýa sebäpli ýüze çykýan maliýe kynçylyklardan goramak üçin gyssagly çäreleri görmezden, pes we orta girdejili ýurtlarda milli garyplyk çäginden aşakda ýaşaýan çagalaryň umumy sanynyň ýylyň ahyryna çenli 672 milliona ýetip biljekdigi nygtalýar. Bu çagalaryň üçden iki bölegi Saharanyň günortasynda ýerleşýän Afrika döwletlerinde we Günorta Aziýada ýaşaýar.

Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary iň uly ösüşi başdan geçirip bilerler – tutuş sebitde 44 göterime çenli. Latyn Amerika we Karib basseýniň ýurtlarynda ösüş 22 göterime ýetip biler.

UNICEF-iň ýerine ýetiriji direktory Genrietta For: «Koronawirus pandemiýasy görlüp-eşidilmedik durmuş we ykdysady çökgünlige sebäp boldy, bu dünýädäki maşgalalaryň baýlyklaryny sarp edýär» – diýip belledi. – «Maşgalalaryň başdan geçirýän maliýe kynçylyklarynyň ululygy we çuňlugy zerarly, çagalaryň garyplygyny azaltmakda gazanylan köp ýyllyk ösüşi puja çykarmak we çagalary esasy hyzmatlardan mahrum etmek howpy abanýar. Utgaşdyrylan çäreler görülmese, zordan gazanç edýän maşgalalar garyplyga sezewar edilip bilner we iň garyp maşgalalar onlarça ýyl bäri görülmedik derejede mahrumlyk derejesini başdan geçirip bilerler.»

«Çagalary halas edeliň» halkara bileleşigi we UNICEF pandemiýa we onuň bilen baglanyşykly çäklendiriji syýasatlar zerarly ýüze çykan global ykdysady çökgünligiň goşa täsiri barada duýduryş berýär. Girdejiniň bada-bat ýitmegi maşgalalaryň ähli zerur zatlary, şol sanda azyk we suwy satyn almak, saglygy goraýyş ýa-da bilim almak mümkinçiliginiň azdygyny aňladýar; mundan başga-da, çaga nikasy, zorluk, ekspluatasiýa we sütem howpy ýokarlanýar. Býudjet çykdajylarynyň azalmagy bilen maşgalalaryň zerur bolan hyzmatlarynyň gurşawy we hili peselip biler.

Garyp maşgalalar üçin durmuş üpjünçiligi hyzmatlaryna ýa-da öwezini dolmak çärelerine elýeterliligiň bolmazlygy çäklendiriji çäreleri we fiziki aralygy üpjün etmek üçin çäreleri ýerine ýetirmek ukybyny has hem çäklendirýär, bu bolsa olaryň kesellemek täsirini has hem artdyrýar.

«COVID-19 pandemiýasynyň garyplyk bilen baglanyşykly zyýanly täsirleri çagalara agyr zarba urar. Çagalar hatda gysga wagtlyk açlyk çeken we ýeterlik iýmitlenmedik ýagdaýynda, ömrüniň ahyryna çenli täsir edip biljek derejede ejizdirler. Häzir we aýgytly hereket etsek, iň garyp ýurtlaryň we käbir ejiz çagalaryň ýüzbe-ýüz bolýan pandemiýa howpunyň öňüni alyp bileris. Bu hasabat tutuş dünýä üçin hereket etmek ugrunda alamat bolmaly. Çagalar üçin garyplyk gutulgysyz däldir» - diýip, «Çagalary halas edeliň» halkara bileleşiginiň baş müdiri Inger Eşing nygtady.

Pandemiýa başlamazdan ozal dünýädäki çagalaryň üçden iki bölegi üçin durmuş goragynyň islendik bir görnüşi asla elýeter däldi, bu bolsa maşgalalara başdan geçirýän maliýe kynçylyklaryna garşy durmaga mümkinçilik bermeýärdi we nesilden-nesle garyplygyň aýylganç aýlawyny saklamaga getirýärdi. Afrikada çagalaryň diňe 16 göterimi durmuş goragy çäreleri bilen üpjün edilýär.

Ýüzlerçe million çagalar köptaraply garyplykda ýaşamagyny dowam etdirýärler, bu bolsa olaryň saglygy goraýyş, bilim, ýeterlik iýmitlenmek ýa-da mynasyp ýaşaýyş jaýy ýaly mümkinçilikleriň ýokdugyny aňladýar, bu, köplenç, hökümetleriň durmuş hyzmatlaryna adalatsyz maýa goýumlaryny şöhlelendirýär.

Gapma-garşylykdan we zorlukdan ejir çeken ýurtlarda ýaşaýan çagalar üçin häzirki çökgünligiň täsiri maşgalalaryň durnuksyzlyk we garyplyk töwekgelçiligini has hem artdyrar. Gapma-garşylykdan zerarly mätäç çagalaryň sany iň köp bolan Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika sebitinde ýaşlaryň işsizlik derejesi iň ýokary bolup, sebitdäki çagalaryň ýarysyna golaýy köp taraply garyplyk şertlerinde ýaşaýar.  

COVID-19 bilen göreşmek we pandemiýanyň garyp maşgalalardan bolan çagalara ýetirýän täsirini azaltmak maksady bilen, «Çagalary halas edeliň» bileleşigi we UNICEF durmuş goragy ulgamlaryny we maksatnamalaryny, şol sanda pul geçirimlerini, mekdepleriň iýmit bilen üpjünçiligi we çagalar üçin kömek pullary derrew giňeltmäge çagyrýar, çünki bularyň hemmesi gyssagly maliýe zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we ýurtlary geljekdäki sarsgynlara taýýarlamak üçin esas goýmaga gönükdirilen möhüm maýa goýumlary bolup hyzmat edýär.  

Maşgalalara goldaw bermek üçin hökümetler durmuş goragynyň beýleki görnüşlerine, salgyt syýasatyna, iş üpjünçiligine we zähmet bazaryndaky çärelere hem maýa goýmalydyrlar. Bu ýokary hilli lukmançylyk we beýleki hyzmatlara ähliumumy elýeterliligi giňeltmegi; şeýle hem tölegli enelik rugsadyny we çaga seretmek rugsadyny öz içine alýan maşgala gönükdirilen syýasatlara maýa goýmagy öz içine alýar.

COVID-19 bilen baglanyşykly çökgünligiň ýüze çykmagyndan bäri, köp ýurtlar özleriniň durmuş goragy maksatnamalaryny eýýäm giňeltdi. Mysal üçin:

  • Indoneziýada “Kartu Sembako” maksatnamasy häzirki wagtda 20 million adamy öz içine alyp, maşgalalara esasy sarp ediş harytlaryny satyn almak üçin aýlyk nagt kömegi bermek üçin giňeldildi. Maşgalalara aýlyk nagt tölegleriň mukdary 150 000-den 200 000 Indoneziýa rupiýasyna çenli ýokarlandy.
  • Mongoliýada hökümet Çagalara pul kömegini bermek boýunça Hökümet maksatnamasynyň çäginde aýlyk kömek puluny 6 esse möhlet bilen aýda 20 000-den 100 000 Mongol Tugriklerine bäş esse artdyrdy.
  • Argentinada Çagalar üçin ählumumy kömek pullaryny tölemek boýunça maksatnamanyň çäginde, kömek pullaryny häzirki alyjylar üçin 3 100 Argentina pesosyna (47 ABŞ dollaryna) ýokarlandyrmak göz öňünde tutuldy.
  • Günorta Afrikada häzirki wagtda 12,8 million çaganyň alýan çagalara kömek puluny tölemek ulgamy ýaly birnäçe durmuş goragy ulgamlarynyň çäklerinde goşmaça tölegler tölenýär.
  • Gruziýada maksatly durmuş kömegi maksatnamasy ýene 70 000 maşgalany goldamak üçin wagtlaýyn giňeldiler; we alty aýyň dowamynda maksatly durmuş kömegi maksatnamasynyň çäginde üç ýa-da ondan köp çagaly 21 000 maşgala üçin aýda 100 lari (31 ABŞ dollary) möçberde goşmaça töleg tölener.  
  • Ermenistanda maşgala kömek puluny tölemek ulgamyna girýän maşgalalar kömek pulunyň 50 göterimine barabar goşmaça töleg alarlar.
  • Kolumbiýada hökümet häzirki wagtda beýleki milli hökümet maksatnamalary boýunça ýeňillik almaýan öý hojalygyna pul bermek üçin raýdaşlyk ýardam beriş maksatnamasyny taýýarlady. 21-nji maýda 2 milliondan gowrak ejiz maşgala mart we maý aýlarynda iki deň töleg görnüşinde hersi 320 000 peso (81 ABŞ dollaryna barabar) aldy.
  • Peruda hökümet oba hojalygy, garaşsyz işçiler we ejiz maşgalalar üçin raýdaşlyk bonusyny, şeýle hem 6,8 million öý üçin täze uniwersal obligasiýalary üpjün edýär. Uzak sebitlerde ýaşaýanlara, ýerli ilata we migrantlara aýratyn üns berilmelidir.

###

Redaktorlar üçin bellikler:

Derňew Halkara Pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň ykdysady çaklamalaryna, BMG-niň Ösüş boýunça ykdysady barlaglarynyň bütindünýä institutyndan gelýän girdejiniň paýlanyşynda bolup geçen üýtgeşmelere hem-de Köpgörkezijili klaster barlagynyň we Ilat we saglygy goraýyş barlaglarynyň demografiki maglumatlaryna esaslanýar. Ýurt boýunça aýratyn maglumatlar 100-den gowrak pes we orta girdejili ýurdy öz içine alýar.

«Çagalary halas edeliň» halkara bileleşigi barada

«Çagalary halas edeliň» halkara bileleşigi ähli çagalaryň diri galan, öwrenmäge mümkinçiligi bolan we sütemden, äsgermezlikden we ekspluatasiýadan goralýan dünýä ynanýar. Takmynan 117 ýurtda alyp barýan işlerimiz arkaly, biz iň garyp we çetleşdirilen çagalara ýetip bileris we olara diri galmaga, öwrenmäge we goragy almaga kömek edip bileris.

COVID-19 barada has giňişleýin maglumat üçin şu web-sahypa giriň: www.savethechildren.net/coronavirusresponse

О UNICEF barada

UNICEF iň kyn çagalara ýetmek üçin dünýäniň dürli künjeklerinde örän kyn şertlerde işleýär. Biz dünýäniň hemme ýerinde, her bir çaganyň peýdasyna 190 ýurtda we sebitde işleýäris, ony hemmeler üçin gowulaşdyrmaga çalyşýarys.

Twitter-de we Facebook-da bizi yzarlaň.

COVID-19 barada has giňişleýin maglumat we çagalary we maşgalalary nädip goramalydygy barada maglumat şu salgyda ýerleşdirilen: www.unicef.org/coronavirus

Goşmaça maglumat üçin aşakdakylar bilen habarlaşyň:

Hanym Jorjina Tompson (Georgina Thompson), UNICEF, Nýu Ýork,

tel.: +1 917 238 1559, el. poçta: gthompson@unicef.org

Hanym Nataşa Duş Santuş (Natasha Dos Santos), «Çagalary halas edeliň» halkara bileleşigi, tel.: +44 7787 191957, el. poçta: Natasha.dossantos@savethechildren.org

Jenap Rik Gowerde (Rik Goverde), «Çagalary halas edeliň» halkara bileleşigi,

tel.: +7732 602 301, el. poçta: rik.goverde@savethechildren.org

Rik Gowerde, «Çagalary halas edeliň» halkara bileleşigi, tel. +7732 602 301, rik.goverde@savethechildren.org

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz