Türkmenistan Sendai Çarçuwasynyň onlaýn gözegçilik ulgamyny ulanyp, milli ösüş hasabatyny taýýarlar
05 iýun 2020
- Birleşen milletler guramasynyň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitleýin edarasy (UNDRR) BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň ofisi bilen bilelikde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň dolandyryş ýolbaşçylary üçin betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak ugrunda Sendai çarçuwasyny durmuşa geçirmekde gazanylan milli ösüş barada hasabat bermek boýunça üç günlük okuwy gurady. Türkmenistanyň Hökümeti Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligini Sendai çarçuwasynyň onlaýn gözegçilik ulgamyny ulanyp hasabat bermek boýunça jogapkär edip belledi.
Mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça okuw Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Betbagtçylyga garşy durnuklylygy güýçlendirmek we Merkezi Aziýada 2019-2022-nji ýyllarda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak üçin Sendaý çarçuwasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak” atly Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça edarasynyň Merkezi Aziýadaky başlangyjynyň bir bölegi bolup durýar.
Sendai Çarçuwaly maksatnamasynyň onlaýn gözegçilik ulgamyny ulanmak boýunça okuw “Ýerli, şäher, sebitleýin we milli derejelerde maglumatlary paýlaşmagy giňeltmek, mümkinçilikleri artdyrmak, dolandyrmak we hyzmatdaşlyk arkaly Merkezi Aziýada durnuklylygy ýokarlandyrmagyň esaslaryny döretmek” netijelerine ýetmegiň bölegi bolup durýar. Bu netijede betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Sendai çarçuwaly maksatnamasynyň ileri tutmalary bilen maglumatlary ýygnamak babatda ylalaşmaga, ony seljermäge we ol babatda hasabat bermäge, şeýle-de Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goldaw bermäge esasy üns berilýär.
Okuw 2020-nji ýylyň 2-nji iýunyndan 4-nji iýun aralygynda BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda geçirildi. Okuwyň dowamynda milli utgaşdyryjylar bilen Birleşen milletler guramasynyň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitleýin edarasynyň arasynda onlaýn ýygnak guraldy.
Milli hyzmatdaşlar Sendai Çarçuwaly maksatnamasynyň onlaýn gözegçilik ulgamyny doldurmak boýunça başarnyklary aldylar. Onlaýn gözegçilik ulgamynyň üsti bilen mukdar we hil hasabatlylygy arkaly, Türkmenistan ulgamyň görkezijilerine laýyklykda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça ýeten ösüşine baha berip we ony yzarlap biler. Berlen maglumatlar Sendai maksatnamasynyň sebitleýin we global derňewini goldamak üçin ulanylyp bilner.
Birleşen milletler guramasynyň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça edarasynyň okuwy tebigy we tehnogen heläkçilikleriň ýaramaz täsirini azaltmak, şeýle hem betbagtçylyklary dolandyryşdan töwekgelçilikleri dolandyryşa geçmek üçin Birleşen milletler guramasynyň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça edarasynyň ofisi we Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan döredilen ileri tutulýan ugurlary goldaýar we mümkinçilikleri berkidýär. Sendai maksatnamasynyň onlaýn gözegçilik ulgamynda hasabat beriş türkmen jemgyýetiniň inklýuziw, howpsuz we durnukly bolmagyna ýardam berer.