Press reliz

COVID-19-y saklaň: aýallaryň we gyzlaryň saglygyny we hukuklaryny goramak

11 iýul 2020

  • Birleşen Milletler Guramasy, Nýu-Ýork / Aşgabat - Resmi taýdan 11 million adam COVID-19 pandemiýasy bilen keselledi we ýarym milliondan gowrak adam aradan çykdy. Emma bu betbagtçylygyň umumy zyýany has uly. Saglyk ulgamlary aşa köp işli. Ykdysadyýet togtadyldy. Bu aýallara-da, gyzlara-da deň derejede täsir: köpeliş saglygy hyzmatlary azalýar we jynsy taýdan kemsitmeler köpelýär.

Şu gün, 11-nji iýul, Bütindünýä ilat gününde dünýädäki ilatyň köpeliş saglygy zerurlyklary barada habardarlygyny ýokarlandyrmak maksat edinilýär. BMGÖM bu ýyl global pandemiýada aýal-gyzlaryň zerurlyklaryna we gowşak goralanlygyna, şeýle hem saglyklaryny we hukuklaryny üpjün etmek üçin zerur tagallalara üns jemleýär.

UNFPA-nyň ýerine ýetiriji direktory doktor Natalýa Kanem: “Muny hiç bir gurama ýa-da ýurt ýeke özi edip bilmez” -diýdi.

Aýallar üçin töwekgelçilikleriň ýokarlanmagy

Bütin dünýäde aýallar pandemiýa sebäpli dürli töwekgelçiliklere duçar bolýarlar.

Mysal üçin, olaryň köpüsi öň hatarda işleýän saglyk işgärleri bolup, olara COVID-19 tarapyndan döreýän kesel töwekgelçiligine gönüden-göni howp abanýar. Emma saglyk pudagynyň daşyndaky aýallar we gyzlar hem töwekgelçilik astyndadyr. Köpeliş saglygy goraýyş hyzmatlaryna mätäç adamlar lukmançylyk kömegini alanda wirusyň täsirleri barada alada edip bilerler ýa-da olardan doly ýüz öwürip bilerler. Beýleki aýallar syýahat çäklendirmeleri we çäkli lukmançylyk kömegi sebäpli asla lukmançylyk kömegini alyp bilmeýärler.

Köp hassahanalarda we lukmançylyk merkezlerinde önelgesiz ideg, howpsuz dogurmak we maşgala meýilnamalaşdyryş kömegi ýaly möhüm köpeliş saglygy hyzmatlaryny alýan aýal-gyzlaryň sanynyň azalandygy habar berilýär.

UNFPA we onuň hyzmatdaşlarynyň pikiriçe, alty aýlap saglygy goraýyş hyzmatlaryna ep-esli päsgelçilik döredilenden soň, pes we orta girdejili ýurtlarda 47 million aýal göwreliligiň öňüni alyş serişdesiz galyp biler, bu bolsa goşmaça 7 million islenilmeýän göwrelilige sebäp bolup biler. Ene ölümleriniň köpelmegine getirip biler.

UNFPA köpeliş saglygy hyzmatlaryna we üpjünçiligine yzygiderli elýeterliligiň üstünde işleýär.

Türkmenistanda UNFPA Birleşen Milletler Guramasy we bilelikdäki Ykdysady we sosial dikeldiş meýilnamasynyň we ýiti ýokanç kesellere taýýarlygy üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Milli maksatnamasynyň çäklerinde hökümete goldaw berýär.

UNFPA Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine COVID-19 taýýarlyk syýasatynyň düzgünlerini täzelemekde, şol sanda aýallaryň arasynda sanitariýa, şahsy gorag we COVID-19 hadysalaryny dolandyrmak, hususan-da göwrelilik, çaga dogurmak we ene süýdi bilen iýmitlendirmek döwründe howpsuz ideg ýörelgelerine tehniki kömek berýär.

UNFPA şeýle hem lukmançylyk we arassaçylyk önümlerini satyn almakda saglygy goraýyş pudagyny goldaýar we göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň ýurduň 95 köpeliş saglyk öýlerinde azalmazlygyny üpjün edýär. Şu ýylyň mart aýynda UNFPA tutuş ýurt boýunça köpeliş ýaşyndaky iň ejiz aýallaryň maşgala meýilleşdiriş zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin 8000 gap “Saýana Press” döwrebap sanjymly göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini satyn aldy.

UNFPA Türkmenistan tarapyndan dolandyrylýan http://www.yashlyk.info web sahypasy ýaşlar we olaryň ene-atalary üçin türkmen dilinde ygtybarly maglumat çeşmesi bolup durýar. Sahypada COVID-19 sözbaşy bar we Bütindünýä Saglyk Guramasyndan mekdeplerde, öýde we jemgyýetde özüni sagdyn alyp barmagy ösdürmek, öňüni almak üçin dogry maglumatlary paýlaşmak, howpsuzlygy we pozitiwligi üpjün etmek boýunça teklipleri hödürleýär.

Jynsy taýdan kemsitme

Ykdysady basyş we hereketiň çäklendirilmegi bilen maşgalada barha artýan dartgynlyk dünýäde zorluga sebäp bolýar. Kemsidilýän, öýde saklanýan aýallaryň köplenç ýüz tutmaga ýeri ýok. Kemsitmeleriň täze görnüşleri, şol sanda kiber-kemsitme ösüp biler.

UNFPA alty aýlyk izolýasiýa jynsy taýdan kemsidilmäniň 31 million, üznüksiz izolýasiýanyň her üç aýynda ýene 15 million hadysanyň döremegine sebäp bolup biljekdigini çaklaýar.

Has beteri, pandemiýa bilen başpena girmek we şahsy maslahat bermek çäklendirildi. UNFPA we onuň hyzmatdaşlary diri galanlara hyzmatlary bermegi dowam etdirmek, şeýle hem uzak aralykda geçirilýän amallaryň gerimini giňeltmek üçin işleýärler.

UNFPA Türkmenistanyň hökümetine jynsy taýdan kemsidilmä garşy göreşmek üçin köp pudaklaýyn çäreleri döretmekde goldaw bermegini dowam etdirýär we adaty iş proseduralaryny ösdürmek üçin saglyk, polisiýa we jemgyýetçilik pudaklary bilen ýakyndan işleşýär. Bu amallar, jynsy taýdan kemsidilmäniň pidasy bolan aýal-gyzlaryň esasy hyzmatlardan peýdalanmagyny we aýal-gyzlara gönükdirilen hem-de adam hukuklaryna esaslanýan goldawyň üpjün edilmeginde bu ulgamda möhüm orun tutýar.

Dünýä şeýle tagallalary iki esse artdyrmaly, diýip, doktor Kahnem belläp geçýär: “Bu pandemiýadan halas bolmak üçin dünýä bileleşigi birleşip, has durnukly, deňhukukly jynslaryň we hemmeler üçin sagdyn we abadan geljegiň düýbüni tutýarys”.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz