Durnukly ösüş maksatlarynyň Bilelikdäki Gaznasynyň halkara donorlary BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň alyp barýan durmuş hyzmatlary boýunça Bilelikdäki Maksatnamasy bilen tanyşdylar
20 awgust 2020
- Şu gün BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň Bilelikdäki Gaznasyny goldaýan halkara donorlary “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň alyp barýan ilkinji Bilelikdäki maksatnamasy bilen tanyşdyrdylar.
Duşuşyga Durnukly ösüş maksatlary boýunça Bilelikdäki global gaznasyny maliýe taýdan goldaýan döwletleriň BMG-yna hemişelik wekilleri, olaryň Türkmenistandaky ilçileri we köpugurly guramalaryň wekilleri, BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň agzalary we Bilelikdäki maksatnama boýunça esasy milli hyzmatdaş bolan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdy.
Tanyşdyrylyş maslahatynyň açylyşynda çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Birleşen milletler guramasyndaky Hemişelik wekili hanym Aksoltan Ataýewa çagyryldy.
“BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy hökmünde, Biz geçen ýyl Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Bilelikdäki Gaznasynyň Ilkinji Çagyryşynda maliýe serişdelerini almaga hukuk gazanandygyza we häzirki döwürde durmuş goraglylygy syýasaty babatynda integrirlenen çözgütleriniň we durnukly ösüş babatynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň “Hiç kimi yzda goýmaly däl” diýen baş ýörelgesini amala aşyrylmagynyň üstünde işleýändigimize buýsanýarys,” diýip, maslahatyň açylyşynda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda Bilelikdäki maksatnama gatnaşýan BMG-niň dört edarasynyň, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasynyň, BM-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň ýolbaşçylary Bilelikdäki maksatnamanyň maksatlary, wezipeleri we olary durmuşa geçirmekde şu güne çenli gazanylan netijeler barada maglumat berdiler.
Çykyş edenleriň ählisi Bilelikdäki maksatnamanyň, esasan hem, häzirki wagtda pandemiýa bilen baglanyşykly dünýäde uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolunýan döwrümizde, ýurduň we onuň ilatynyň kömege mätäç gatlaklary üçin möhümdigini aýratyn bellediler. Olar Durnukly ösüş maksatlarynyň Bilelikdäki gaznasyna hemaýatkär bolýan ýurtlara BMG-niň agza döwletlerine 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi boýunça milli ösüş babatda ileri tutulýan ugurlary durmuşa geçirmäge ýardam edýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdiler.
BMG-niň Baş sekretary tarapyndan döredilen Durnukly ösüş maksatlarynyň Bilelikdäki gaznasy ýurtlara ykdysady, durmuş we daşky gurşaw syýasatlaryny birleşdirmek we çylşyrymly durmuş meselelerini çözmek üçin köptaraplaýyn we pudagara çemeleşmek arkaly Durnukly ösüş maksatlaryna tarap ösüşi çaltlaşdyrmagy goldaýar. Ol BMG-niň Ýurt boýunça toparlarynyň täze nesline Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatynda ýurtlara berýän goldawyny güýçlendirmek üçin täsirli mehanizm bolup hyzmat edýär.
Bilelikdäki maksatnama döwlet kömek pullaryny we ýörite edaralarda durmuş hyzmatlaryna berýän Türkmenistanyň durmuş goraglylygy ulgamynynyň üstüni goldawa mätäç adamlara berilýän ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlary bilen ýetirer. Bu bolsa, goldawa mätaç adamlaryň aýratyn zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen durmuş hyzmatlaryny bermeklik ulgamynda durmuş işiniň ähmiýetini has hem artdyrar.
“Adam hukuklaryny öňe sürmek we deňsizlik, sosýal taýdan çetleşdirmek meselelerine garşy göreşmek we ilatyň goldawa mätäç gatlaklaryň durmuş goraglylygyny artdyrmak bilen bu Bilelikdäki maksatnama jemgyýetiň iň yzda galan gatlaklaryny goldýar. Bu bolsa, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatynda Gün tertibiniň esasy maksady bolup durýar” – diýip, hanym Panowa çykyşyny jemledi.