Press reliz

BMG we Hökümetler COVID-19 döwründe SPECA (Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnama) sebitinde we ondan daşarda ulag aragatnaşygyny has berkitmäge çagyrýarlar

30 sentýabr 2020

  • Şu gün “COVID-19 döwründe SPECA (Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnama) sebitinde we ondan daşarda ulag aragatnaşygyny” boýunça sebitleýin gepleşik geçirildi.

Bu çäre SPECA sebitinde we ondan daşarda, esasan hem COVID-19 pandemiýasy döwründe, halkara ulag tertiplerini we geçelgelerini sazlaşdyrmak boýunça hereketleri we meýilnamalary utgaşdyrmak barada giňişleýin pikir alyşmaga kömek etdi.

Bu çärä Owganystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly SPECA maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlaryň we ondan daşary Gruziýa ýaly ýurtlaryň ulag, daşary işler, ykdysady ösüş we demirýol ministrlikleriniň wekilleri; şeýle hem, BMG-niň gurluşlary, şol sanda sebitleýin ykdysady toparlar we BMG-niň ýurt boýunça bölümleri we halkara maliýe guramalary gatnaşdy. Bu çäre BMG-niň Ýewropa boýunça ykdysady topary (UNECE) tarapyndan BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş topary  (UNESCAP), BMG-niň iň pes ösen ýurtlar, ummana çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar we ösýän ownuk ada döwletleri boýunça ýokary wekiliniň edarasy we BMG-niň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin ösüş utgaşdyryş edarasy bilen bilelikde guraldy.

Çärede BMG-niň Ýewropa boýunça ykdysady toparynyň ýerine ýetiriji sekretary hanym Olga Algaýerowa, BMG-niň baş sekretarynyň orunbasary we iň pes ösen ýurtlar, ummana çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar we ösýän ownuk ada döwletleri boýunça ýokary wekili hanym Fekitamoeloa ‘Utoikamanu, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri jenap Raşid Meredow, BMG-niň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin ösüş utgaşdyryş edarasynyň sebitleýin müdiri hanym Gwi-Yeop Son we BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş toparynyň Demirgazyk we Merkezi bölüminiň sebitleýin başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji jenap Pomoşnikow dagylar çykyş etdi.  

Çykyş edijiler COVID-19 pandemiýasynyň üpjünçilik zynjyryna ýaramaz täsir edendigini, ýagny dünýäniň dürli künjeklerinde, şeýle hem ummana çykalgasy bolmadyk SPECA ýurtlarynda haryt daşamagyň bahasyny we wagtyny ýokarlandyrýandygyny bellediler. Mundan başga-da, gatnaşyjylar SPECA sebitiniň ýurtlarynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlyk, şeýle-de serhet tertibini ýönekeýleşdirmek we pandemiýa wagtynda möhüm harytlaryň, şol sanda lukmançylyk serişdeleriniň we azyk önümleriniň arkaýyn daşalmagyny üpjün etmek maksady bilen sanly çözgütleri durmuşa geçirmek ugrunda tiz hereketler barada bellediler.

“Şu günki gepleşik çäklendirmeler zerarly ulag we üpjünçilik zynjyrynyň kesilmegi we ýurtlaryň bu kynçylyklary çözmek üçin alyp barýan işleri barada tejribe alyşmak üçin ajaýyp platformany üpjün edýär. Şeýle hem, ol halka has gowy hyzmat etmek üçin, esasan hem, ulag aragatnaşygy boýunça gün tertibi babatda SPECA ýurtlarynda has durnukly dikeldiş ugrunda alyp barýan işlerimizi utgaşdyrmaga kömek edýär” – diýip, BMG-niň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin ösüş utgaşdyryş edarasynyň sebitleýin müdiri hanym Gwi-Yeop belledi.

BMG-niň ulag boýunça konwensiýalaryna goşulmak, ulag we üstaşyr geçirme tertiplerinde sanly çözgütleriň ulanylmagy, intermodal ulagy ösdürmek we ulag babatda ösüş başlangyçlaryny yzygiderli utgaşdyrmak arkaly ulag ülňüleriniň sazlaşykly bolmagy SPECA sebitinde ulag aragatnaşygy boýunça pandemiýadan soňky durnukly ösüşiň esasy düzüm bölekleri hökmünde bellendi.  

Sebitleýin gepleşik SPECA sebitinde ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly mundan beýläkki çäreler üçin netijeleriň we teklipleriň kabul edilmegine getirdi. Şeýle netijeler we tertipler Birleşen milletler guramasynyň hukuk gurallaryny, kadalaryny, ülňülerini we tekliplerini ulanmak we SPECA sebitinde baglanyşygy pugtalandyrmak bilen, söwda we ulagdaky päsgelçilikleri azaltmak üçin Aşgabat başlangyjy, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda ummana çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar üçin Wena Hereket maksatnamasy we başgalar ýaly bar bolan platformalara esaslanýan ulag hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy talap edýär.

Sebitleýin gepleşik ulag we aragatnaşyk pudagynda bütindünýä we sebitleýin başlangyçlaryň, şol sanda Türkmenistan tarapyndan işlenip düzülen başlangyçlaryň yzygiderli dowamydyr we onuň Ulag aragatnaşygy boýunça LLDC ministrlik maslahatyna, şeýle hem 2021-nji ýylda geçiriljek Ulag boýunça 2-nji bütindünýä maslahatyna taýýarlanmaga goşant goşmagyna garaşylýar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz