Press reliz

Türkmenistan 2020-2030 ýyllar üçin reproduktiw saglyk, eneleriň, bäbekleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça Milli strategiýasyna tarap ýoly geçirýär.

31 awgust 2019

  • ÝUNFPA, ÝUNISEF we BSG Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine 2020-2030 ýyllar üçin reproduktiw saglyk, eneleriň, bäbekleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça Milli strategiýasyny meýilleşdirmek we 2020-2025 ýyllar üçin hereketleriň meýilnamasyny düzmek dogrusynda goldaw bermek boýunça tagallalaryny birikdirdiler.

Milli syýasatyň ileri tutulýan ugurlary enäniň we çaganyň saglygyny ýurduň sosial-ykdysady ösüşiniň aýrylmaz bölegi hökmünde şöhlelendirýärler. Bu ugurlar häzirki wagtda ilatyň maddy hal-ýagdaýyna hem-de milletiň geljegine ähmiýetli derejede täsir edýärler.

2015-2019 ýyllar üçin eneleriň, bäbekleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça milli strategiýanyň netijelerinden ugur alyp, ýurtda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça möhüm ädimler edildi. Emma şol bir wagtda käbir çygyrlar mundan beýläk-de kämilleşdirilmeli. Täze milli strategiýa 2030-njy ýyla çenli dowam etjek Gün tertbi boýunça ösüşi tizleşdirmäge hem-de zenanlara, çagalara we ýetginjeklere degişlilikde adam hukuklary boýunça halkara malahatlary ýerine ýetirmäge hökümete ýardam berer. Täze strategiýa saglygy goraýyş ulgamlaryny berkleşdirmek, saglyk bilen bagly maglumatlaryň hili, maliýeleşdirme, pudagara hyzmatdaşlyk, gözegçilik we bahalandyrma ýaly örän möhüm umumy elementleri öz içine alýar. Ol şeýle hem gender deňligi, jyns aýratynlygy boýunça kemsitmeleriň öňüni almak we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk ýaly saglygy goraýyş pudagy üçin  möhüm ugurlary hem öz içine alýar.

Meýilleşdirme boýunça seminaryň esasy maksady reproduktiw saglygyň, enäniň we çaganyň saglygynyň strategiýa nukdaýnazaryny global we sebitleýin çäklere we ülňülere laýyklykda işläp düzmek bolup durýar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi möhüm ugurlary kesgitlemäge hem-de zenanlar, çagalar we ýetginjekler üçin öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge deň mümkinçilik döretmegi hem-de umumy saglygy goraýyş hyzmatlarynyň üpjün edilmeginiň çäklerinde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmegi maksat edinýär.

Milli we halkara bilermenleriň topary Durnukly ösüş maksatlarynyň saýlanan wezipelerine we görkezijilerine laýyk gelýän indiki on ýyla netijeli we ölçegli strategiki ugurlaryny işläp düzmegiň üstünde zähmet çekdiler. Olar Durnukly ösüş maksatlaryny 2-nji (iýmitlenmek), 3-nji (saglygy goraýyş), 4-nji (bilim), 5-nji (gender) we 6-njy (suw we arassaçylyk) maksatlaryny öz içine alýar. BSG-nyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň çagalaryň we ýetginjekleriň saglygy bölüminiň maksatnama ýolbaşçysy doktor Martin Weberiň belläp geçmegine görä, saglygy goraýyş pudagynyň hünärmenleriniň “Durnukly ösüş maksatlaryna, reproduktiw saglyk, eneleriň, bäbekleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygy boýunça maksatlaryna ýetmekde ýurda ýardam berip biljek milli strategiýany işläp düzmäge aýratyn mümkinçilikleri bar”.

ÝUNFPA, ÝUNISEG we BSG öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda milli strategiýany işläp düzmekde saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine tehniki goldaw bermäge taýýardyklaryny aýtdylar.

Guljemal Ovezmyradova

BSGG
National Program Officer on Noncommunicable diseases

Kemal Goshliyev

UNFPA
Reproductive Health NPO

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz