“Ready4Trade” taslamasy Türkmenistanda elektron söwdasy ugrunda hususy pudagyň wekilleriniň mümkinçiliklerini ösdürmek üçin goldaw berýär
“Merkezi Aziýa sebiti üçin Ready4Trade” taslamasy Türkmenistanda kiçi we orta kärhanalara goldaw bermek üçin onlaýn görnüşde birnäçe okuwlary geçirdi.
“Merkezi Aziýa sebiti üçin Ready4Trade” taslamasy, Türkmenistanda onlaýn satuw işjeňligini ýokarlandyrmak isleýän kiçi we orta kärhanalara goldaw bermek üçin elektron söwdasy boýunça onlaýn görnüşde birnäçe okuwlary tamamlady. Elektron telekeçilige geçmek ýurduň kiçi we orta kärhanalarynyň köpüsi üçin möhüm bir ädimdir. Ýöne, onlaýn satuwyň köpelmegi diňe bir web sahypasyny döretmek bilen çäklenmän, müşderileri çekmek we onlaýn görnükliligini ýokarlandyrmak üçin sanly marketingyň strategiýalaryna maýa goýmagy talap edýär.
“Ready4Trade” taslamasynyň elektron telekeçiligi boýunça okuw meýilnamasy üstünlik gazanmak üçin kiçi we orta kärhanalaryny sanly özgeriş bilen tanyşdyrmak arkaly olary onlaýn gurallar we tehnologiýalar, innowasion çözgütler we ylmy – barlag işler, hyzmatdaşlyk üçin edaralar we täze hyzmatdaşlyklar bilen üpjün edýär.
Okuwlara dokma, azyk, miwe we gök önümler, şeýle hem maslahat beriş pudaklaryndan on sany türkmen kompaniýalary we bazarlar gatnaşdy. Okuwlaryň esasy maksady içerki bazarlarda we halkara bazarlarda eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin onlaýn işewürligi ýokarlandyrmakdyr.
“Biz telekeçiligi adaty bir usul bilen alyp barýardyk, ýöne biz dünýäniň ýüzünde söwdanyň elektron söwdasyna geçip barýandygyny hasaba alman bilmeris. Şular ýaly başlangyçlar zerur bolan bilimi almaga we elektron telekeçiligiň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin döwrebap gurallaryň ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär”, diýip Aýgül Sazakowa diýip Aýgül Sazakowa, Aşgabat şäherindäki “Keşde” sungat-studionyň wekili aýtdy.
“Ready4Trade” taslamasynyň elektron telekeçiligi boýunça okuw meýilnamasy Türkmenistanyň kiçi we orta kärhanalary üçin ýedi sany onlaýn okuwlary we halkara hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýedi sany sebitleýin onlaýn okuwlary geçirdi. Okuwlar elektron telekeçiligiň nyrh boýunça özboluşly teklibi kesgitlemek, onlaýn müşderileri we bäsdeşleri ýüze çykarmak, elektron söwda üçin mazmun döretmek, önümleri sanlaşdyrmak,jemgyýetçilik torlarda marketing we onlaýn satuw ugurlaryny saýlamak ýaly mowzuklary öz içine aldy. Mundan başga-da, gatnaşyjylar başarnyklaryny durmuşa geçirmäge we Halkara söwda merkeziniň onlaýn okuw platformasynda goşmaça maglumatlary gözden geçirmäge mümkinçilik aldylar. Şeýle-de, bu okuwlar kiçi we orta kärhanalaryň iri bazarlaryň we halkara töleg ulgamlarynyň gurluşy barada düşünjelerini giňeltmäge ýardam etdi.
“Birnäçe okuw tapgyrynyň netijesinde gatnaşyjylar elektron söwdanyň esaslary barada möhüm maglumatlarbilen tanyşdylar. Geljekde Türkmen kärhanalaryna gönüden-göni maslahat bermek, şol sanda önümleri sanlaşdyrmak, web sahypalary döretmek we olaryň hilini ýokarlandyrmak, sanly marketing, jemgyýetçilik torlary we onlaýn platformalar arkaly önüm ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu tagallalar onlaýn bäsdeşlige ukyplylygy we Türkmen kärhanalarynyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga ýardam eder "-diýip Halkara söwda merkeziniň wekili Natalýa Kozlenkowa aýtdy.
Merkezi Aziýa üçin “Ready4Trade” taslamasy Ýewropa Bileleşigi bilen Halkara söwda merkeziniň bilelikdäki başlangyjydyr. Onuň esasy maksady sebitde içerki we halkara söwdany ösdürmek arkaly Merkezi Aziýanyň umumy durnukly we öz içine alyjy ykdysady ösüşine goşant goşmakdyr. Merkezi Aziýa üçin “Ready4Trade” taslamasyndan peýdalanýanlar hökümetlerden, kiçi we orta kärhanalardan, hususan-da zenanlaryň ýolbaşçylygyndaky kärhanalardan we telekeçiligi goldaýan guramalardan ybaratdyr. Taslama 5 ýurtda hereket edýär: Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan. Has giňişleýin maglumat üçin şu salga geçiň: intracen.org/Ready4Trade.