Press reliz

“Global pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek” atly bilelikdäki maksatnamanyň çäginde gazanylan üstünlikleri gözden geçirmek

14 aprel 2022

  • Birleşen Milletler Guramasy we Türkmenistanyň hökümeti “Pandemiýanyň köpdürli töwekgelçiliklerini we howplaryny azaltmak üçin ýaşlary çekmek we olaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak” atly bilelikdäki maksatnamanyň çäginde 2021-nji ýylda gazanylan üstünlikleri gözden geçirmek üçin ýygnak geçirdiler.

     

Ýolbaşçy komitetiniň mejlisine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary jenap Parahat Agaýew we Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň toparynyň ýolbaşçysy jenap Çary Nurmuhammedow ýolbaşçylyk etdi. Bilelikdäki maksatnama, 2021-nji ýylyň 1-nji awgustyndan 2023-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli durmuşa geçirilmeli we Birleşen Milletler Guramasynyň Adam howpsuzlygy üçin Trust gaznasy (BMGAHTG) tarapyndan goldanýar.

Ýolbaşçy komitetiň agzalary – milli ministrlikleriň we guramalaryň, şeýle hem BMG-niň düzümleýin edaralarynyň wekilleri, ýagny, taslamany durmuşa geçirýän jogapkär hyzmatdaşlar häzirki wagta çenli gazanylan üstünlikler barada hasabat berdiler, mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar we 2022-nji ýylda amala aşyrylmaly işler barada ylalaşyga geldiler.

Çykyş edenler ynsan howpsuzlygyna ünsi jemlemeklik - pandemiýanyň töwekgelçiligine sezewar bolan ejiz toparlary bu başlangyjyň üns merkezinde goýup, olaryň sesleriniň eşidilmegini we mätäçliklerini, hem-de gowşak taraplaryny göz öňünde tutýandygyny bellediler. Bu işlere ýaşlary çekmek we olaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak ýurduň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrundaky öňegidişligini güýçlendirmek, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýerli jemgyýetleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem pandemiýa garşy durmuş-ykdysady çäreleriň netijeli we yzygiderli durmuşa geçirilmegine goşant goşmak üçin möhüm bir mümkinçilikdir.

Bilelikdäki maksatnamanyň maksady bu sebitlerdäki döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde dört jemgyýetçilik başlangyçlaryny meýilleşdirmek, taslamak we durmuşa geçirmek arkaly Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýaşlary kuwwatlandyrmak we çekmekdir. Bu başlangyçlar adam howpsuzlygy çemeleşmäni jemlär we “hiç bir kişini ünsden düşürmezlik” ýörelgesine laýyklykda Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň iň ejiz toparlarynyň howpsuz bolmagyna gönükdiriler.

Mundan başga-da, 18 aýlap dowam etjek Bilelikdäki maksatnama töwekgelçiligi seljermekde we global pandemiýa garşy köp ölçegli çäreleri işläp düzmekde adam howpsuzlygy çemeleşmesini ulanmak üçin milli we sebitleýin derejesinde döwlet işgärleriniň ukybyny artdyrmagy maksat edinýär. Köp pudaklaýyn çemeleşmäni ulanmak arkaly Bilelikdäki maksatnama aşakdan ýokaryk çemeleşmesini ulanyp, adamlara gönükdirilen, hemmetaraplaýyn, anyk mazmunly we öňüni alyş çärelerini öz içine alýar.

Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagyna ÝUNFPA, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi ýolbaşçyk eder. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan utgaşdyrylan beýleki hyzmatdaşlar BMG-niň Çagalar gaznasy, Halkara migrasiýa guramasy, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, şeýle hem Türkmenistan hökümetiniň adyndan Lebap, Mary, Ahal, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň häkimlikleridir. Şeýle hem Bilelikdäki maksatnama Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň Zenanlar Bileleşigi, jemgyýetçilik guramalary we jemgyýetler bilen işleýän ýerli jemgyýetçilik guramalary tarapyndan goldaw berilýär.

Habarlaşmak üçin:

Natalýa Çemaýewa

Bilelikdäki maksatnamanyň dolandyryjysy, ÝUNFPA

Elektron poçta: chemayeva@unfpa.org

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz