Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan açyldy. Ministrleriň orunbasarlaryndan ybarat bolan 22 milli edaralaryň wekilleri we BMG-niň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary adam hukuklary babatynda täze Milli hereketler meýilnamalarynyň işlenip düzülmegini, maşgalada aýal-gyzlaryň saglygy we ýagdaýy baradaky synyň netijelerini we BMG-niň Baş sekretarynyň adam hukuklary babatynda "Iň ýokary ymtylyş" diýip, atlandyrmak bilen hereketleri amala aşyrmaga eden çagyryşyny durmuşa geçirmek üçin mundan beýläkki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
“Biziň pudagara topar bilen hyzmatdaşlygymyz, BMG-niň adam hukuklary we gender deňligi baradaky edaralaryna hasabat taýýarlamakda, adam hukuklary barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmakda, şeýle hem halkara ülňülerine laýyklykda bar bolan kanunlary gowulandyrmakda we täze milli kanunlary işläp düzmekde, hem-de BMG-niň edaralarynyň teklipleri esasynda işlenip düzülen adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde tehniki we bilermen goldawyny bermäge gönükdirilendir "- diýip, Türkmenistanda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko aýtdy.
BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň hyzmatdaşlygy üçin aşakdaky ileri tutulýan ugurlar teklip edildi:
- Adam hukuklary baradaky halkara şertnamalaryň goşmaça teswirnamalaryny tassyklamak.
- Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek.
- Ilatyň gowşak gatlaklaryny, maýyplygy bolan adamlaryň we gartaşan adamlaryň hukuklaryny goramak.
- Çagalaryň we aýallaryň hukuklaryny goramaga aýratyn üns bermek bilen, Pariž ýörelgelerine laýyklykdaTürkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň ukybyny artdyrmak.
- Adam hukuklary baradaky ylymlaryň birleşdirilmegi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, radio we telewideniýe arkaly adam hukuklary baradaky düşünjäni artdyrmak.
- ÝUNESKO bilen bilim we medeniýet pudagynda hyzmatdaşlyk,
- Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy bilen hyzmatdaşlyk.
Möhüm şertnamalar Adalatçynyň diwanyna goldaw berilmegini we 2028-nji ýyla çenli çagalaryň hukuklary baradaky täze meýilnamanyň işlenip düzülmegini öz içine alýar. Adam hukuklary baradaky Milli meýilnama, 2052-nji ýyla çenli Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň Milli maksatnamasy bilen gabat geler.