Türkmenistanyň dört sany ýokary okuw jaýynyň, ýagny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ösüş we ynsanperwer ylymlary uniwersitetiniň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary şu pikiriň peýdasyna ýa-da oňa garşy pikirlerini beýan etdi: Içki serişdeler Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň esasy çeşmesi bolup durýar.
Hemişelik utgaşdyryjynyň ofisinden, Ýewropa Bileleşiginden, ÝUNISEF-den we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginden wekilçilik edýän emin agzalary talyplaryň bu barada bilim derejelerine we taýýarlygyna baha berdi. Halkara ösüş we ynsanperwer ylymlary uniwersiteti Talyp çekişmeleriniň ýeňijisi boldy.
«Ýaşlar iş bilen üpjünçiligiň pozitiw we giňeldiji mümkinçiliklerini almaga ýykgyn etdigiçe, maliýe taýdan bilimlilik derejesi, maliýe gurallarynyň elýeter bolmagy olara ýaş telekeçiler we ýaş hünärmenler hökmünde özleriniň maksatlaryna ýetmäge ýardam berýän esasy düzüm bölekler bolup durýar. «Biziň maksatlarymyzyň biri olara özleriniň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam bermekden, we şol bir wagtda durnukly ykdysady ösüşi saklamakdan ybarat» diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa belledi.
Bu çekişmeler her ýyl geçirilýär. Şu ýyl ýedinji gezek geçirilen bu çekişmeleriň dowamynda ýaşlar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.