2023-nji ýylyň 3-nji maýynda "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş - 2023" atly ikinji Halkara maslahatyň we serginiň çäginde "Ulag durnukly ykdysadyýetiň, parahatçylygyň we durnuklylygyň binýady hökmünde: ýaşlaryň nukdaýnazary” tema boýunça maslahat geçirildi. Durnukly ykdysadyýeti, parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmekde ulaglaryň orny barada pikir alyşda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň, BMG-niň ÝYK-nyň ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Mariyasiniň we ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamanyň ýurt dolandyryjysy Wepa Mälikgulyýewiň konseptual çykyşlaryndan soň türkmen ýaşlary, ýagny DÖM-iň ýaş ilçileri öz garaýyşlaryny beýan etdiler.
Maslahatda çykyş edenler durnukly infrastrukturany gurmagyň, durnukly senagatlaşmagy ösdürmegiň we innowasiýalary işjeňleşdirmegiň durnukly ösüş maksatlaryna, esasan hem DÖM 9-a ýetmekde ulagyň möhüm orun tutýandygyny bellediler.
Maslahatyň dowamynda jenap Şlapaçenko ykdysady we sosial ösüşi goldamak üçin durnukly ulag infrastrukturasyna maýa goýumlary artdyrmagyň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem, sesleriň eşidilmegi we pikirleriň göz öňünde tutulmagy üçin ýaşlary karar etmek işine çekmegiň möhümdigini aýtdy.
Jenap Mariýasin ulag aragatnaşygyny kämilleşdirmek we netijeliligi ýokarlandyrmak üçin halkara hyzmatdaşlygynyň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem, ulag pudagyny özgertmek we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin blokçeýn we emeli aň ýaly täze tehnologiýalaryň güýji barada belläp geçdi.
DÖM-iň ilçileri ýaşlaryň durnukly ulag aragatnaşygynyň ösmeginde, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde hem-de parahatçylygyň we durnuklylygyň gazanylmagynda nähili goşant goşup biljekdikleri barada öz tejribeleri we pikirleri bilen paýlaşdylar. Olar ýaşlary ulag bilen baglanyşykly meselelere gatnaşmaga we durnukly çözgütleri goramaga höweslendirmek üçin bilimiň we habarlylygy ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýtdylar.