Daşoguzyň ýaşlary howanyň üýtgemegi boýunça başlangyçlaryň başynda
03 sentýabr 2024
2024-nji ýylyň 3-nji sentýabry, Daşoguz, Türkmenistan - Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň (COY19) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP29) 29-nji mejlisiniň öňüsyrasynda, Daşoguz şäherinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynda Ýaşlar maslahaty geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, şeýle-de Azerbaýjan respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde gurnaldy.
Maslahat welaýatyň dürli künjeginden gelen ýaşlary bir ýere jemledi, olara häzirki daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga we howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň gatnaşmagyny göz öňünde tutmaga ajaýyp mümkinçilik berdi.
Maslahata 17-35 ýaş aralygyndaky ýaşlar, Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileri, eko-aktiwistler, talyplar, şeýle hem BMG-niň guramalarynyň we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler, bilim we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.
Açylyş dabarasyndan soň, ilkinji sessiýa başlady. Onda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri howanyň üýtgemegine garşy göreşdäki orny we goşandy barada çykyş etdiler.
Türkmen ýaşlary öňki ýyllarda geçirilen maslahatlaryň netijelerini hödürlediler we ol mundan beýläkki pikir alyşmalar üçin başlangyç nokada öwrüldi.
Ikinji sessiýada maslahata gatnaşyjylar iş toparlaryna bölünip, bir wagtyň özünde aýratyn otaglarda geçirilen tematiki sessiýalara gatnaşdylar.
Ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklar şulary öz içine aldy: oba-hojalykda topragy dikeltmäge we biodürlüligi goramaga gönükdirilen adaptasiýa; suw baýlyklaryny durnukly dolandyrmak, suwy sarp etmegi gowlandyrmak we netijeli suwaryş ulgamlaryny ornaşdyrmak; howanyň üýtgemegine garşy gurakçylygyň we suw joşmalarynyň täsirini azaltmagyň usullary; Aral deňziniň Türkmenistanyň çäginde tebigy baýlyklary yzygiderli dolandyrmak, Daşoguzyň seýrek görnüşlerini we tebigy ýerlerini goramak, sebitiň zaýalanan ekosistemalaryny dikeltmek; azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy hasyllylygy ýokarlandyrmak, oba hojalygyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak.
Hünärmenler we iş toparynyň utgaşdyryjylary gatnaşyjylara maslahatyň maksatlaryny we garaşylýan netijeleri düşündirdiler. Sessiýalaryň mowzuklaryna esaslanyp, her topar Milli Ýaşlar Beýannamasynyň deslapky nusgasyna girizmek üçin teklipler taýýarladylar.
Maslahatyň ahyrynda iş toparlarynyň ýolbaşçylary öz netijelerini hödürlediler we Milli Ýaşlar Beýannamasynyň Ýol kartasyna goşmak üçin anyk çäreleri teklip etdiler.
Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlar maslahaty global ekologiýa meselelerine garşy göreşde ýaşlaryň garaýyşlaryny, pikirlerini we meýilnamalaryny paýlaşmak üçin möhüm platforma öwrüldi. Türkmenistanyň ýaşlary ýakyn wagtda geçiriljek halkara forumlarda hödürlenjek çözgütleri taýýarlamak işine işjeň gatnaşýarlar.