Bütindünýä çagalar güni: #ÇagalarÜstünÇykýar
Çagalaryň hukuklary baradaky konwensiýanyň kabul edilmeginiň şanly senesi mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlary öz goldawyny görkezmek üçin ýygnandy
Şu gün, #ÇagalarÜstünÇykýar temasy bilen geçirilen Çagalaryň bütindünýä güni we Çagalaryň hukuklary baradaky konwensiýanyň kabul edilmeginiň şanly senesi mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlary häzirki zaman nesli üçin iň esasy meseleleri ýüze çykarmakda öz ýaşdaşlarynyň müňlerçesine bolan goldawyny görkezmek üçin BMG-nyň binasyna ýygnandylar. #ÇagalarÜstünÇykýar atly çäräniň çäginde, ýaşlar ÝUNISEF-iň wekilleriniň roluny oýnap, öz meýillerini hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň çäginde çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek babatynda borçlaryny nähili derejede ýerine ýetirjekdikleri barada pikir alyşdylar.
Gyzykly oýunlaryň üsti bilen, Ýaşlar üçin özara bilim ulgamyna (“Y-PEER”) degişli ýaşlar BMG-nyň Ilat gaznasynyň goldaw bermeginde Birleşen milletler guramasynyň hünärmenlerine möhüm maglumatlary berdiler; BMG bolsa Türkmenistanyň Hökümetine degişli meseleler babatda kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň we çagalara döredilen ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp bilmeklerini üpjün etmegiň iň gowy ýoly barada maslahat berdi.
“Şu gün çagalar üçin gün bolup, ol çagalaryň özleri tarapyndan gurnaldy. Biz, çagalar, Türkmenistanda ähli çagalaryň durmuşda ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp bilmegini isleýäris. Ilatymyzyň ýarysyndan gowragy çagalar we 25 ýaşdan kiçi adamlardyr. Biz saglygy goraýyş, bilim we durmuş goraglylygy ýaly ugurlarda çagalar üçin durnukly işleriň alnyp barylmagyna çagyrýarys” diýip, çagalar çärede aýtdylar.
“Çagalaryň bütindünýä gününiň bellenmegi mynasybetli #ÇagalarÜstünÇykýar atly möhüm platformasyny bütin dünýäde işletmek örän möhüm. ÝUNISEF hökmünde biz islendik ýerde çagalaryň aladasyny edýäris; biz olaryň umytlaryna we arzuwlaryna üns berýäris hem-de olaryň hasyl bolmagyny isleýäris. Çagalaryň tapawutlara garamazdan, beýleki ähli çagalar bilen ýakynlaşmak boýunça täsin ukyby bar. Bu biziň çagalaryň we ýaşlaryň aýdýanlaryny diňlemäge, olaryň arzuw edýän dünýäsi we isleýän üýtgeşmeleri barada bilmäge bolan mümkinçiligimizdir” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Şahin Nilofer aýtdy.
Çagalar 2015-nji ýyldan soňky “Biziň isleýän dünýämiz” atly milli maslahata gatnaşmagy barada aýdyp berdiler we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde nähili orny eýelemegi isleýändikleri barada pikir alyşdylar. Çagalaryň beýan eden başlangyçlarynyň arasynda mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin päsgelçiliksiz we hemmeler üçin açyk gurşaw, mekdeplerde daşky gurşawy goramak boýunça çäreler, bilim almakda deň mümkinçilikler, çagalar üçin maksatnamalara döwlet maýa goýumlarynyň köpelmegi, we, esasan hem, ähli çagalar üçin umumy we esasy hyzmatlar has möhüm ähmiýete eýe boldy.
Çagalar we ýaşlar özleriniň hukuklaryny durmuşa geçirmek üçin, BMG-nyň gulluklaryny we hünärmenlerini hökümet edaralarynyň wekilleri bilen habarlaşmaga çagyrdylar. Ýaşlar Çagalaryň bütindünýä gününe bagyşlanan aýdym-saz wideosynyň sazyna bütin dünýäniň çagalarynyň nyşany bolan ýörite hereketleri ýerine ýetirip, baýramçylygy bellediler.