Türkmenistanda 2019-njy ýylda neşe serişdelerine we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça milli güne bagyşlanan baýramçylyk
Mowzuk: Adalatlylyk üçin saglyk. Saglyk üçin adalatlylyk.
Baş Sekretaryň habary: “Neşe serişdeleri bilen baglanyşykly meseleler bütin dünýäniň öňünde iň uly meseleleriň bir bolup durýar. Olar adamlaryň, maşgalalaryň we jemgyýetleriň saglygyna we abadançylygyna, şeýle-de döwletleriň howpsuzlygyna we durnukly ösüşine täsir ýetirýär. Şeýlelik bilen, neşe serişdeleri bilen baglanyşykly meseleleriň öňüni almak we olary çözmek Durnukly ösüş maksatlarynda üpjün edilýän esasy global borjuny, ýagny “hiç kimi yzda galdyrmaly däl” borjuny ýerine ýetirmekde örän möhüm orny eýeleýär.
Şu ýyl neşe serişdelerine garşy göreşmek boýunça bütindünýä güni Türkmenistanyň Aşgabat we Mary şäherlerinde guralan köpçülikleýin çäreler bilen bellenildi. Çäreler neşe serişdelerine garşy göreşmek boýunça bütindünýä güni bilen baglanyşykly wagyz ediş çärelerini guramak we geçirmek boýunça milli gulluklaryň hereketleriniň bilelikdäki maksatnamasynyň çäginde geçirildi. Hökümet guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň, halkara guramalaryň we raýat jemgyýeti boýunça guramalaryň 600-den gowrak wekili neşe serişdelerine garşy göreşmek boýunça bütindünýä gününi bellemek üçin iýun aýynyň 21-ne Aşgabat şäheriniň, iýun aýynyň 26-na bolsa Mary şäheriniň iň uly söwda merkezlerinde ýygnandy. Ýaşlar üçin çäreler gatnaşyjylar, artistler, aýdymçylar, hökümete degişli bolmadyk guramalar we ýaşlar üçin neşe serişdelerini ulanmak bilen baglanyşykly howplar, jenaýatçylygyň we zorlugyň öňüni almak boýunça habarlylygy ýokarlandyrmak üçin ajaýyp platforma bolup hyzmat etdi.
Hökümet guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň, raýat jemgyýeti boýunça guramalaryň 50-den gowrak wekilinden ybarat topar neşe serişdelerine garşy göreşmek boýunça bütindünýä gününi bellemek üçin iýun aýynyň 26-na Mary şäheriniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sebitleýin edarasynyň maslahatlar zalynda ýygnandy. Hukuk goraýjy edaralaryň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, raýat jemgyýeti boýunça guramalaryň we BMG-nyň NSJM wekilleri neşe serişdelerini ulanmaga garşy göreşmek, jenaýatçylygyň we zorlugyň öňüni almak, şeýle-de sagdyn durmuş ýörelgeleri barada çykyş etdi.
Ondan başga-da, çäreleriň ikisiniň meýilnamasyna aýdym-saz konserti, bäsleşikler, fleşmoblar, surat çekmek boýunça bäsleşikler girizilip, köpsanly sowgatlar paýlandy. Raýat jemgyýeti guramalary tarapyndan geçirilýän wiktorinalar gatnaşyjylara meselä göz ýetirmäge ýardam berdi we ýaşlary neşe serişdelerini ulanmagyň howplary barada maglumaty biri-biri bilen alyşmaga çagyrdy.
BMG-nyň NSJM köp hyzmatdaşlaryň başlangyçlaryny, esasan hem ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça gullugynyň “Junior Achievement” atly ýaşlar üçin taslamany öz üstüne alýar. Bu taslama ýatda galyjy banneri, neşe serişdelerine garşy göreşmek boýunça bütindünýä gününe bagyşlanan reklama üçin materiallary döretmäge, şeýle-de çykyşlara we bäsleşiklere meýletinçileriň gatnaşmagyna ýardam berdi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Içeri işler ministrligi, ýerli häkimiýet, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti, ÝUNFPA, Ýewropa bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetlere gözegçilik etmek boýunça ýardam beriş maksatnamasy (“BOMCA”) we raýat jemgyýeti guramalary neşe serişdelerine garşy göreşmek boýunça bütindünýä gününe bagyşlanan şu ýylky baýramçylyklaryň hyzmatdaşlary bolup hyzmat etdi.