Press reliz

BMG -sy we Hökümet 2021-nji ýylda betbagtçylygyň töwekgelçiligini azaltmak we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Bilelikdäki memorandumyň çäginde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada ylalaşýarlar

19 noýabr 2020

Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak we 2021-nji ýylda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmak, şol sanda hem pudagara sazlaşygy berkitmek we gol çekilen Bilelikdäki hereket meýilnamalarynyň çäginde maksatnamalary durmuşa geçirmek ýaly ugurlarda bilelikdäki işleriň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak maksady bilen ýygnak geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar 2020-nji ýyl üçin Bilelikdäki hereket meýilnamasynyň amala aşyrylyşyny gözden geçirdiler, döwlet derejesinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy ylalaşdylar, Global we sebitleýin derejede betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak boýunça platformalaryna gatnaşmagyň çäginde bolup biljek çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça öňdebaryjy tejribeleri paýlaşdylar.

Gatnaşyjylar 2015-2030-njy ýyllar aralygynda Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak (TBTA) üçin Sendaý çarçuwasyna laýyklykda TBTA boýunça syýasatlaryny ösdürmek we durmuşa geçirmek maksady bilen pudagara sazlaşygy berkitmek üçin Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça milli platformany we onuň iş toparyny döretmegiň zerurlygy barada ylalaşdylar. Ondan başgada Türkmenistanyň "Adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ynsanperwer kömegi" kanunynyň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan kanuny we kadalaşdyryjy hukuk namalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

"Bu özara baglanyşykly ugurlarda işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmäge global prosesler itergi boldy: Durnukly ösüşe gönükdirilen 2030-njy ýyla çenli Meýilnamanyň kabul edilmegi we onuň Durnukly ösüş maksatlary, Türkmenistan tarapyndan Pariž Ylalaşygy şertnamasyna gol çekilmegi we tassyklanmagy", BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy Hanym Ýelena Panowa gutlag çykyşynda belläp geçdi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Adatdan daşary ýagdaýlar we raýat goragy baradaky Döwlet komissiýasynyň wekili, Raýat goranmak we adatdan daşary ýagdaýlar babatyndaky merkezi gullugynyň düzümine girýän milli guramalaryň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, şeýle hem Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi, Zähmet we ilaty sosial taýdan goramak ministrligi, Adalat ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Milli gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň wekilleri, Halkara gyzyl haç we ýarymaý jemgyýetleri federasiýasy we BMG-niň Döwlet toparynyň agzalary gatnaşdylar.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz