Press reliz

BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň ýerli derejede durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnamasynyň Dolandyryjy komitetiniň ýanyndaky iş topary ýerine ýetirilýän işleri ara alyp maslahatlaşýarlar

18 fewral 2021

  • Ýerli derejede durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnamanyň Dolandyryjy komitetiniň ýanyndaky iş topary Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi we BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýolbaşçylygynda Bilelikdäki maksatnamanyň ýerine ýetirilişini we onuň geljekki ädimlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin deslapky ýygnagynyň üçünjisini onlaýn görnüşde geçirdi.

Ýygnaga BMG-niň Bilelikdäki maksatnama boýunça hyzmatdaşlyk edýän edaralarynyň, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň saglyk we derman senagaty ministliginiň wekilleri gatnaşdy. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem iş toparynyň ýygnagyna işjeň gatnaşdylar.

Bilelikdäki maksatnamanyň Dolandyryjy komitetiniň ýanyndaky iş toparynyň sekretary we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekili Maral Yaýliýewa açylyş çykyşynda şeýle belledi: “Ýakyn hyzmatdaşlygymyzyň netijesinde, geçen ýyl Bilelikdäki maksatnama boýunça biz oňyn netijeler aldyk. Bilelikde işlemegimiziň netijesinde köp işler amala aşyryldy we öňümizde hem ýerine ýetirilmeli işleriň birnäçesi dur.”  

BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralarynyň wekilleri we olaryň milli hyzmatdaşlary bilelikde Bilelikdäki maksatnamanyň ähli ugurlaryna degişli öňde goýlan maksatlaryň amala aşyrylyşy barada çykyş etdiler. Olar durmuş işi boýunça hünärmenleriň zerurlyklary ýüze çykarmak boýunça geçiren bahalandyrmalaryna berlen ilkinji syn, durmuş hyzmatynyň täze nusgasyny synagdan geçirmek boýunça taýýarlyklar, Türkmenistanda durmuş hyzmatyna degişli kanunçylyga berlen syn we olary kämilleşdirmek boýunça teklipleriň taslamasy, öýde zorlugyň pidasy bolan gyzlara we aýallara durmuş hyzmatyny etmekde Standart dessin düzgünler, hünär okuwlarynyň geçirilişi, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda durmuş işi boýunça bakalawra derejesi üçin okuw meýilnamalarynyň işläp düzülişi we Bilelikdäki maksatnamanyň jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk işleri barada boldy.

Şeýle-de, ýygnaga gatnaşyjylara ýakynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýerli derejede edilýän durmuş hyzmatlarynyň netijeliliginiň ykdysady seljermesi we teklip edilýän býujet çykdaýjylaryny gender nukdaýnazaryndan bahalandyrylmasy barada maglumat berildi. Bilelikdäki maksatnamanyň aralyk maksatlarynyň amala aşyrylyşy boýunça edilen çykyşlaryň her tapgyryndan soň  BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary we olaryň  milli hyzmatdaşlary sorag jogap alyşmaga işjeň gatnaşdylar.

“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipler taýýarlamagy we hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edýär. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi esasy milli hyzmatdaşy bolup, beýlekiler Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.

Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022. 

Guljahan Gochova

UNDP Project Specialist/Communication Specialist for Joint Programme

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz