Press reliz

BMG daşky gurşawy goramak barada çagalaryň habarlylygyny ösdürýär

02 iýun 2021

  • Türkmenistanda BMG 2021-nji ýylyň maý aýynyň 14-ne BMG-niň guramalary tarapyndan başlanan Bütindünýä Daşky gurşawy goramak gününe bagyşlanan kampaniýanyň çäginde Gökderedäki «Altyn Damja» tomus dynç alyş merkezinde çagalar üçin daşky gurşawy goramak boýunça okuw sapagyny geçirdi. 

Bu çäre çagalaryň arasynda daşky gurşawy goramak, tebigaty goramak, suw baýlyklary, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada habardarlygy ýokarlandyrmak, şeýle hem tygşytly sarp ediş we galyndylary azaltmak we dolandyrmak barada düşünjäni ýokarlandyrmaga we bu babatda özüňi alyp barşyň üýtgemegine gönükdirildi.

Okuwyň dowamynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň / Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilmegi» atly prezentasiýa, UNICEF-iň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň we Durnukly ösüş maksatlary boýunça ýaş ilçileriň prezentasiýalary görkezildi.

10-14 ýaş aralygyndaky elli töweregi çaga plastigiň planetanyň we adamyň saglygyna nähili täsir edýändigini öwrendi, sport ýaryşlaryna we oýunlara, şeýle hem daşky gurşaw boýunça bäsleşiklere gatnaşdy. Bu başlangyjyň netijesinde çagalar galyndylary azaltmak baradaky bilimlerini oýunlaryň üsti bilen giňeltmegi başardy, bu bolsa olara galyndylary azaltmak, olary gaýtadan ulanmak we gaýtadan işlemek barada öwrenen bilimlerini ulanmaga mümkinçilik döretdi. Interaktiw ara alyp maslahatlaşmalar we amaly sapaklar arkaly çagalarda baýlyklary paýhasly sarp etmek we tygşytly ulanmak duýgusy ösdürildi.

Ondan öň 2021-nji ýylyň maý aýynyň 31-ne BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hünärmenleri Durnukly ösüş maksatlary boýunça ýaş ilçileri üçin daşky gurşawy goramak boýunça okuwy gurady. Bu okuw olara tomusky dynç alyş merkezlerindäki çagalar üçin okuw sapagyna işjeň goşant goşmaga mümkinçilik berdi.  

***

Bütindünýä Daşky gurşawy goramak güni her ýyl 5-nji iýunda geçirilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň ileri tutulýan bu güni daşky gurşawy goramak boýunça habardarlygy ýokarlandyrmak we global çäreleri güýçlendirmek üçin ajaýyp mümkinçilik hödürleýär. Bu ýylyň Bütindünýä daşky gurşawy goramak güni ekosistemany dikeltmäge we tebigat bilen gatnaşyklarymyzda ünsi jemlär. Şeýle hem bu gün klimat çökgünligine garşy göreşmek we millionlarça görnüşiň ýok bolmagynyň öňüni almak maksady bilen, ýerleriň zaýalanmagynyň we ekosistemalaryň ýok edilmeginiň depginliligini köpçülikleýin azaltmagy maksat edinýän 2021-2030-njy ýyllar üçin Ekosistemany dikeltmek boýunça onýyllygynyň resmi taýdan başlanjak güni bolar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz