TÜRKMENISTANYŇ ÖZGERTMELERINE GOŞANT GOŞÝAN ÝAŞLAR
Hormatly okyjy, TÜRKMENISTANYŇ ÖZGERTMELERINE GOŞANT GOŞÝAN ÝAŞLARYNYŇ täze neslini garşy alyň!
Şu gün dünýäde 1,8 milliarddan gowrak ýaş adam bolup, olar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde talabalaýyk güýçlendiriji hökmünde hyzmat edip biljek ägirt uly adam potensialyny şöhlelendirýär.
Türkmenistanda ýaşlar ýurduň ilatynyň 40%-e golaýyny tutup, olar dürli pudaklarda yzygiderli ýagdaýda ösüşleri gazanýar we Durnukly ösüş maksatlaryny ýetmekde milli strategiýanyň durmuşa geçirilmegine goşandyny goşýar.
12-nji awgustda halkara jemgyýeti Halkara ýaşlar gününi belleýär. Şol güne bagyşlap, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ýaş ilçileri bu makalany taýýarlady. Onda ähli ýerlerde üýtgeşmelere ýetmäge ýardam beren ýurdumyzdan alty sany ýaş adamyň gazanan üstünlikleri aýan edilýär we olar barada maglumat ýaýradylýar.
Hormatly okyjy, TÜRKMENISTANYŇ ÖZGERTMELERINE GOŞANT GOŞÝAN ÝAŞLARYNYŇ täze neslini garşy alyň! Olar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibine ýetmek ugrunda kiçiräk, emma örän zerur ädimleri etmäge beýleki ýaşlary ruhlandyrmak üçin özleriniň tejribesini, ýeten sepgitleriniň we üstünlikleriniň syryny paýlaşdy.
- GUNÇA ANNAGELDIÝEWA
- “Y-PEER” ýaşlaryň torunyň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy
Gunça Annageldiýewa ýurdumyzyň işjeň we zehinli ýaşlarynyň biri. Häzirki wagtda ol Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetinde jemgyýeti öwreniş boýunça bakalawr derejesini almak ugrunda okaýar. 10 ýaşyndan bäri ol ýurdumyzda geçirilýän milli we halkara çärelere gatnaşyp gelýär. Ýaşlaryň ösüşine goşýan goşandy üçin oňa Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy tarapyndan “Ýaşlar baýragy” berildi. Höwesli we işjeň ýaşlaryň topary bilen ol uniwersitetiň talyplarynyň geňeşini gurap, onuň ýolbaşçysy boldy. Ondan başga-da, Gunça Bolgariýada geçirilen Maslahat beriş geňeşiniň bütindünýä maslahaty we Gazagystanda geçirilen BMG-niň “Täze Ýüpek ýolunyň nusgasy” ýaly köpsanly maksatnamalarda hem Türkmenistanyň adyndan çykyş etdi.
Şeýle-de bolsa, Gunçanyň iň esasy ýeten sepgidi onuň “Y-PEER” ýaşlaryň torundaky utgaşdyryjy hökmünde işi (ÝUNFPA-nyň we Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň goldaw bermegi bilen).
“Y-PEER” – bu ýaşamagyň stili! Biri-birinden öwrenmek boýunça inklýuziw we interaktiw çemeleşmäniň üsti bilen, biz jynsy we reproduktiw saglygy, gender deňligi, WIÇ/AIDS ýaly keselleriň öňüni almak we sagdyn durmuş ýörelgeleri ýaly pudaklarda iş alyp barýarys. Ilkibaşda men meýletinçidim, soň 5 ýylyň dowamynda işlänimden soň, maňa utgaşdyryjy bolmak miýesser etdi. Bu iş maňa ýaşlaryň arasynda has köp çäreleri guramaga we biziň milli ulgamymyzy bütindünýä derejesinde görkezmäge mümkinçilik berdi” diýip, Gunça aýtdy.
- MERJEN PÜRJÄÝEWA
Terjimeçi
- Mary şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň fransuz dili mugallymy.
Merjen Pürjäýewa ýaş we zehinli terjimeçi bolup, ol Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň fransuz dili hünärini tamamlady. Ol “Türkmenistanyň Altyn asyry-2017” ady bilen ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň arasynda geçirilen milli bäsleşigiň ýeňijisi. Merjen 2011-nji ýyldan bäri fransuz awtorlarynyň hekaýalaryny türkmen diline terjime edip, türkmen okyjylaryna fransuz edebiýaty we medeniýeti bilen tanyşmaga ýardam berýär. Ol Andre Morua, Propser Merime ýaly fransuz awtorlarynyň meşhur hekaýalaryny we Fransuz Peti de La Kruanyň “1001 gün” atly romanyny terjime etdi. Häzir ol Aleksandr Dýumanyň “Graf Monte Kristo” atly romanyny terjime etmek ugrunda işleýär.
“Meniň ilkinji hekaýam çap edilende, men örän gowy teswirleri aldym, bu teswirler meni işimi dowam etmäge ruhlandyrdy. Meniň käbir hekaýalarym örän uly bolup, olar ýerli žurnallarda bölekleýin çap edildi. Hekaýalarymyň dowamynyň çykmagyna garaşan okyjylaryň sanynyň köp bolandygy meni haýran galdyrdy. Meniň pikirimçe, meniň işlerim jemgyýete uly peýdany getirýär we men bu işe goşant goşmaga örän şat” diýip, Merjen aýtdy.
- DÖWLET OTUZOW
Maglumat tehnologiýalary boýunça hünärmen
- Ýazgylaryň awtomatlaşdyrylmagy boýunça “SapSanaw” taslamasynyň döredijisi.
Döwlet Otuzow hasaplaýjy tehnikasy boýunça inžener (kompýuterleri, ykjam kompýuterleri we beýleki kompýuter enjamlaryny bejermek boýunça ussa). Döwlet maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda 2008-nji ýyldan bäri işläp gelýär. Ondan başga-da, Döwlet Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby. Ol iki sany ýöriteleşdirilen okuw kursuny tamamlady: “Programmirleme. Kompýuter bilen işlemek” we “Buhgalter hasabaty, kompýuterde işlemek”. Şeýle-de, Döwlet Ýaponiýada öňdebaryjy ylymda we tehnologiýalarda goşant goşup biljek daşary ýurtlardan zehinli adamlary kämilleşdirmäge goldaw bermäge gönükdirilen “Sakura” atly ylmy alyş-çalyş maksatnamasyna hem gatnaşdy.
Döwlet uniwersitetiň durmuşyna işjeň gatnaşýar. Uniwersitetiň içinde dürli toparlar bolup, olarda talyplary öz başarnyklaryny görkezmäge gönükdirýän we ýurdumyzda iň zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna ýardam berýän dürli çäreler geçirilýär. Bu işleriň çäginde onuň ýazgylaryň awtomatlaşdyrylmagy boýunça “SapSanaw” taslamasy işlenilip düzüldi. Bu taslama maglumatyň ulgama girizilmegini we onuň işlenilmegini aňsatlaşdyrmak maksady bilen, 2022-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň ilatynyň ýazgysy we ýaşaýyş-jaý gaznasy üçin ýörite taýýarlanyldy. Döwlet hasaba alyş işlerini utgaşykly geçirmek üçin maglumaty we seljeriş işini bir tora birleşdirmek maksady bilen smartfonlar, planşetler we kompýuterler üçin “SapSanaw” programmasyny işläp düzdi.
“Ulgam doly derejede awtomatlaşdyrylan ýagdaýda işlär. Netijede, hasabatlary işläp düzmek prosesi we resminamalar bilen baglanyşykly beýleki işler ýeňilleşdiriler” diýip, Döwlet belleýär.
- MADINA MUSTAFINA
Jemgyýetçilik işgäri
- “Ýeňme” jemgyýetçilik birleşiginiň jemgyýet bilen gatnaşyklar boýunça işgäri .
Madina Mustafina ilatyň gowşak toparlaryna ýardam bermäge uly islegi bolan işjeň ýaşlaryň biridir. Gurluşyk boýunça hünärmen mekdebinden orta tehniki bilim alandygyna garamazdan, Madina çagalar hem-de agyr ýagdaýlara uçran adamlar bilen işlemek kararyna geldi.
Madinanyň gazanan iň esasy üstünlikleriniň biri – günlerde bir gün onuň maýyplygy ýeňip geçmegidir. Beýlekiler onuň hiç haçan ýörap bilmejekdigini aýypdy. Emma, onuň maksada ýetmek ugrunda işländigi üçin, ol maýyplygyna garamazdan, maksadaokgunly we işjeň adama öwrülmegi başaryp, beýlekileri hem şeýle etmäge höweslendirdi.
Ol 2017-nji ýylda Wengriýada guralan “Adam hukuklary pudagynda bilimiň üsti bilen inklýuziwlik” okuwy we şol ýylda Gazagystanda geçirilen mümkinçilikleri çäkli gyzlar üçin garaşsyz durmuşyň mekdebi ýaly köp çärelere gatnaşdy.
Onuň ýene bir ýeten uly sepgidi – 2016-njy ýyldan bäri “Ýeňme” jemgyýetçilik birleşiginiň jemgyýetçilik işgäri hökmünde işlemegidir. Ol gurama gelýän myhmanlar bilen habarlaşmak boýunça jogapkär işgär bolup, çäreleriň geçirilmegini, ýaş meýletinçileriň çekilmegini we jemgyýet bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny üpjün edýär. Ol öz işini örän gowy görýär, çünki “Ýeňme” jemgyýetçilik birleşiginiň üsti bilen ol mümkinçilikleri çäkli beýleki adamlarda özlerine, öz güýçlerine we başarnyklaryna bolan ynamy güýçlendirmäge kömek edip bilýär.
Ol: “Meniň durmuş ýörelgäm: Eger men bolmasam, onda kim? Men ähli zady edip bilýärin; men ähli zady ýeňip geçip bilýärin. Iň esasy zat – umydyňyzy ýitirmezlik, çünki ähli zat biziň elimizde we bizden başga ony hiç kim edip bilmez!” diýip aýdýar.
- MAÝA AMANMYRADOWA
Habarçy
- “Media Türkmen” täzelikler gullugynyň “ORIENT.tm” web-sahypasynyň redaktory.
Maýa Amanmyradowa Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili hünärini tamamlady. Ol reproduktiw saglygy we gender deňligi ýaly meseleleri boýunça ÝUNFPA tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda her ýyl geçirilýän bäsleşigiň “Gran pri” tapgyrynyň ýeňijisi. Ol özüniň “Türkmenistanda maşgalany meýilleşdirmek boýunça gulluk: çagalaryň saglygyny goramak” atly materialy bilen ýeňiş gazandy. Häzirki wagtda ol sentýabr aýynyň 16-25-ne Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriljek Durnukly ösüş üçin daşky gurşaw boýunça Merkezi Aziýada ýolbaşçylyk maksatnamasynyň 10-njy şanly senesine taýýarlanýar.
Maýa Amanmyradowa “ORIENT.tm” web-sahypasynda ýaş žurnalist hökmünde meşhur bolup, ol Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş pudagyny özgertmekde uly işi ýerine ýetirýär. Şu gün “Media Türkmen” Türkmenistanda ilkinji hususy habarlar gullugy. “ORIENT” gullugynyň ýörelgesi: “Biziň maksadymyz adamlary biri-birine golaý getirmekden ybarat”. Bu bolsa, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýaş wekili hökmünde Maýanyň esasy maksadynyň bütin dünýädäki adamlary Türkmenistan bilen tanyşdyrmakdan ybaratdygyny aňladýar. Maýa “ORIENT.tm” gullugynyň köpsanly makalalarynyň awtory bolmak bilen çäklenmän, bu möhüm web-sahypanyň habarçysy hem bolup durýar.
Ol öz işini halaýar we özüniň köp wagt geçirýän jemgyýetini gowy görýär.
Özüniň işi barada gürrüň beren wagty, Maýa şeýle aýdýar: “Meniň işleýän toparymda ýaş hünärmenler bolup, olar her gün elinden gelenini edýär. men olar bilen bile işleýändigime guwanýaryn we şondan hem köp şeýle höwesli adamlary tanamagy isleýärin”.
- BEGENÇ AMANDURDYÝEW
Türgen
- Professional ştangist
Begenç Amandurdyýew güýçli we maksadaokgunly adam. Özüniň mümkinçiliginiň çäkliligine garamazdan, Begenç heniz 17 ýaşyndaka, agyr atletika bilen meşgullanyp başlady. mümkinçilikleri çäkli adamlaryň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň çempionatlarynda 2014-nji we 2015-nji ýyllarda ol bürünç medallaryny, 2016-njy we 2017-nji ýyllarda bolsa kümüş medallaryny gazanmagy başardy.
Häzirki wagtda ol awgust aýynyň soňunda Daşoguz welaýatynda geçiriljek çempionata taýýarlanýar we altyn medaly eýelemegi maksat edinýär. Begenç örän höwesli adam. Ol geljekde daşary ýurduň paraolimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy hem maksat edinýär.
“Agyr atletika meniň durmuşymyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ol meni ýaşamaga höweslendirdi. Men özümi gowy duýup başladym. Häzir men has köp zady etmäge ukyply. Şeýle-de bolsa, kynçylyklar hem bolupdy. Käwagt mende saglyk bilen baglanyşykly meseleler ýüze çykypdy we men türgenleşip bilmeýärdim, emma men bu işi taşlamadym we geljekde-de bu işi taşlamaryn. Men öz deň-duşlarymy hem has işjeň bolmaga çagyrýaryn, olaryň käbirisi hem türgenleşik etmäge we sport bilen meşgullanmaga başlady” diýip, Begenç aýtdy.