BMG we Türkmenistanyň hökümeti adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we çäreleri görmek boýunça Memorandumyň çäginde 2021-nji ýyla çenli döwür üçin Bilelikdäki Hereketler meýilnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda gazanylanlary gözden geçirýärler
28 iýul 2021
- Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy we Türkmenistanyň hökümeti 2021-nji ýyla çenli döwür üçin Bilelikdäki Hereketler meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine syn bermek we geljekde amala aşyrmaly işler barada ylalaşyga gelmek üçin ýarym ýylyň ýygnagyny geçirdiler.
Ministrlikleriň, şäher häkimliginiň, Ýaşlar bileleşiginiň, Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň we beýleki guramalaryň wekilleri 2021-nji ýyla çenli döwür üçin Bilelikdäki Hereketler meýilnamasynyň üç ugury boýunça guralan çekişmelere gatnaşdylar:
- Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we çydamlylygy ýokarlandyrmak üçin kadalary we ülňüleri kesgitlemek
- Çydamlylygy ýokarlandyrmak we töwekgelçilikleri dolandyrmak
- Pandemiýa döwründe taýýarlygy we çäreleri güýçlendirmek üçin hyzmatdaşlyk
"Türkmenistanyň hökümeti, betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak üçin Sendaý çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin milli platforma hökmünde pudagara iş toparyny döretmegi meýilleşdirýär" – diýip, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Adatdan daşary ýagdaýlar we halas ediş işleri üçin raýaty goramak bölüminiň, hasaba almak, seljermek, çaklamak we meýilnamalaşdyrmak işleri boýunça uly hünärmeni Annaguly Aklyýew aýtdy.
Gatnaşyjylar “Töwekgelçilikler matrisasyna” goşulmaly bar bolan we betbagtçylyklaryň töwekgelçilikleriniň täze görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns güýçli ýel/tupan, gumly tupanlar we biologiki howplar, 2020-nji ýylda ähtimallygy ýokarlanan epidemiýa/pandemiýa ýaly töwekgelçiliklere berildi. Mundan başga-da, gatnaşyjylar Aral deňziniň krizisiniň global derejede howanyň üýtgemegine degişlilikde, adam saglygyna we daşky gurşawa edýän ýaramaz täsirini (çölleşmek, ýer baýlyklarynyň ýitmegi we öri meýdanlarynyň hiliniň ýaramazlaşmagy, topragyň şorlaşmagy we ş.m.) barada aýdyp geçdiler, hem-de tozan we duz tupanlarynyň täze howplary barada maglumatlary töwekgelçilikler matrisasyna girizmegi teklip etdiler.
Gatnaşyjylar 2021-nji ýyla çenli döwür üçin Bilelikdäki Hereketler meýilnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we 2022-nji ýyldaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, hem-de tassyklamak üçin BMG-niň Ýurt boýunça topary, şeýle hem raýat goranyş we adatdan daşary ýagdaýlar babatyndaky merkezi hyzmatlarynyň ministirlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikdäki ýygnagy guramak barada ylalaşyga geldiler.