Press reliz

ÝUNISEF bilimi, saglygy goraýyşy, daşky gurşawy goramagy we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy pugtalandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk edýär

29 September 2021

  • 2021-2025-nji ýyllar üçin maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde hyzmatdaşlyk hakynda täze Şertnama gol çekilmegi bilen ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk özüniň ösüşiň täze döwrüne gadam basdyBu Şertnama 2021-2025-nji ýyllar üçin ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda Ýurt boýunça hyzmatdaşlyk etmek boýunça maksatnamanyň esasy ileri tutýan ugurlarynyň köpüsini şöhlelendirýär.

Bu şertnamanyň çäklerinde iki hyzmatdaş şeýle-de “Türkmenistanyň Aral deňzi sebitindäki ýerlerde mekdepleriň we ýerli bileleşikleriň derejelerinde çäreleri durmuşa geçirmek arkaly gowşak goralýan ýerlerde bilimi, lukmançylyk hyzmatlaryny, sanitar-arassaçylyk gurşawyny we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy pugtalandyrmaga” gönükdirilen 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamalaýyn resminama hem gol çekdiler.

Hyzmatdaşlygyň maksady Türkmenistandaky çagalar üçin daşky gurşawyň howpsuzlygyny we arassalygyny, talaba laýyk bilimi, saglygy goraýyş hyzmatlaryny, iýmiti we suw, sanitariýa we arassaçylyk hyzmatlaryny (WASH) üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň we ÝUNISEF-ň tehniki tejribesini, mümkinçiliklerini we serişdelerini birleşdirmekden ybaratdyr. Bu Maksatnama “Ýaşyl mekdep” maksatnamasynyň çäklerinde Aral kynçylygyndan has köp ejir çeken etraplarda, şol sanda, howanyň üýtgemegi we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltma ýaly mowzuklary boýunça esasy päsgelçilikleri aradan aýyrmak we öňdebaryjy usulyýet we täzeçil çemeleşmeleri ulanmak üçin synag çözgütleri ulanar. “Ýaşyl mekdep” maksatnamasy mekdep okuwçylaryny döredijilige, täzeçillige ruhlandyrjak we durnukly bilime ýardam berjek bilim gurşawyny üpjün edýär.

Maksatnamalaýyn resminama hem howanyň üýtgemegi we tebigy betbagtçylyklarynyň töwekgelçiligini azaltma boýunça öňdebaryjy halkara tejribesine daýanyp, TGÝMJ-niň hünärmenleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagy  öz içine alýar we ol ÝUNISEF-ň esasy hyzmatdaşlary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, hususan-da, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty  we  Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleri bilen birlikde durmuşa geçiriler.

“Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti ÝUNISEF-ň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk, jogap beriş we gaýtadan dikeldiş we töwekgelçilikleri azaltma boýunça möhüm hyzmatdaşy bolup durýar we biz saglygy goraýyşa, bilime we daşky gurşawa aýratyn üns bermek bilen, hyzmatdaşlygymyzy giňeltmäge şatdyrys”, diýip ÝUNISEF-ň Türkmenistandaky wekiliniň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetiriji Aleksandr Nartea aýtdy.

ÝUNISEF bilimi, saglygy goraýyşy, daşky gurşawy goramagy we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy pugtalandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk edýär

Mahriban Seytliyeva Project Assistant WHO Turkmenistan

Mähriban Seýtliyewa

UNICEF
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz