BMGÖM Türkmenistanyň Hökümeti bilen sanly öwrülişik babatynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär
18 mart 2022
- Şu gün Türkmenistanda BMGÖM Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniňýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyndaky “Türkmenaragatnaşyk” gullugy bilen Özara düşünişmeklik hakyndaky Ähtnama gol çekdi. Gol çekişlik dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirildi.
Ähtnamanyň maksady, Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyny ornaşdyrmak arkalydöwlet dolandyryş ulgamyny sanlaşdyrmak, şol sanda bu ulgamy taslamak we işläp düzmek, pudagara maglumatalyş-çalyş ulgamyny doly derejede ornaşdyrmak üçin kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek, öňdebaryjyhalkara tejribäni öwrenmek we döwlet dolandyryş ulgamyny sanlaşdyrmak üçin milli mümkinçilikleri ýokarlandyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekdir.
Özara düşünişmeklik hakyndaky Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi, “2019-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýasynda” we “2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatynda Döwlet maksatnamasynda” bellenilip geçilşi ýaly sanly ösüş ugrunda milli ileri tutulýan ugurlaryň durmuşa geçirilmegine goldaw berer diýlip garaşylýar.
"Häzirki wagtda biz täze tehnologiýalaryň we innowasion çözgütleriň möhüm orun tutýan, batly depginde özgerýän dünýäde ýaşaýarys," – diýip, Türkmenistanda BMGÖM-niň hemişelik wekili Narine Saaakýan aýtdy. “BMGÖM-niň we Türkmenistan Hökümetiniň 2021-2025-nji ýyllar aralygynda hyzmatdaşlyk ugrundaky meýilnamasyna laýyklykda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin alnyp barylýan işleri tizleşdirmek üçin statistika, bank, maliýe, gümrük, raýat belligi ýaly ugurlarda we beýleki jemgyýetçilik hyzmatlarynda ýurduň sanly mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berler."
Mundan başga-da, Özara düşünişmeklik hakyndaky Ähtnama, BMGÖM-niň sanly öwrülişigi tizleşdirmek babatynda global derejede alyp barýan tagallalaryna goldaw berer, bu bolsa ýurtlara ösüp barýan sanly dünýäden öňe geçmek we hemmeler üçin sanly tehnologiýalaryň elýeterli bolan gelejegi gurmak üçin, ýakynda ýola goýlan 2022-2025-nji ýyllar üçin Sanly strategiýa laýyklykda, sanly tehnologiýalaryň - adamlaryň we planetanyň mümkinçiliklerini giňeldýän bir kuwwata öwrülen dünýäni gurmaga ýardam eder.