“Global pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmegiň” çäginde ýaşlaryň hukugyny we mümkinçiliklerini giňeltmek bilen adam howpsuzlygy çemeleşmäni ýola goýmak
23 maý 2022
- Daşoguz we Türkmenabat - Birleşen Milletler Guramasynyň Adam howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça maksatly gaznasynyň goldawy bilen Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde iki welaýatlaryň ýaşlarynyň wekilleri we döwlet işgärleri üçin ýaşlaryň hukugyny öňe sürmek we mümkinçiliklerini giňeltmek, şeýle hem ýerli jemgyýetiň özgerdiş işlerine gatnaşmagyny üpjün etmek üçin gepleşikler geçirildi.
BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň Bilelikdäki maksatnamasy, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda, dört jemgyýetçilik başlangyçlaryny meýilleşdirmek, işläp düzmek we durmuşa geçirmek arkaly Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmegi we olary bu işlere çekmegi maksat edinýär. Bu başlangyçlar, adam howpsuzlygy baradaky çemeleşmäni öz içine alýar we “hiç kimi ünsden düşürmezlik” ýörelgesine laýyklykda Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň iň ejiz toparlaryna gönükdirilen.
Bilelikdäki maksatnamany durmuşa geçirmek üçin döwlet edaralarynyň gatnaşmagy - adam howpsuzlygy çemeleşmesine giňişleýin düşünmezden mümkin bolup bilmejekdigine göz ýetirip, ÝUNFPA, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy iki sebitiň ýerli komitetiniň agzalarynyň 40 wekilleri üçin adam howpsuzlygy barada bir günlük okuwy geçirdi. Bu okuwyň maksady, ýerli ilata we sebitleýin şertlere gönükdirilen öňüni alyş we toplumlaýyn çemeleşmäni ulanmak boldy.
Ýerli komitetiň mejlislerine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň,Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, polisiýa müdirliginiň, ýerli hakimlikleriň, Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar bileleşiginiň we Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň 28 wekili gatnaşdy we saglyk, jemgyýet, daşky gurşaw ýaly meseleleri şeýle hem şahsy howpsuzlyga gönükdirilen ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky jemgyýetçilik başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň utgaşdyrylan çemeleşmesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bilelikdäki amaly işler iki synag welaýatlarynda, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda amala aşyrylýar, bu ýerde ýaşlardan ybarat bolan meýletinçiler pandemiýanyň köp ölçegli töwekgelçilikleriniň çözgütlerini tapmak üçin ýerli jemgyýetleriň hukuklaryny öňe sürmäge we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen 4 jemgyýetçilik başlangyçlary işläp düzmek we durmuşa geçirmek üçin ýerli häkimlikler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk ederler. Şol bir wagtyň özünde ýerli komitetler, netijeleriň dowamlylygyny üpjün etmek üçin Bilelikdäki maksatnama laýyklykda işlenip düzülen we gazanylan ähli bilimleri we tejribeleri öwrenerler.
***
Birleşen Milletler Guramasynyň Adam howpsuzlygyny üpjün etmek üçin maksatly gaznasy we BMG-niň düzümleýin edaralary (UNFPA, UNICEF, UNODC we IOM) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Global pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek” atly BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň Bilelikdäki maksatnamasy jemgyýetiň jebisligini, adamlaryň eklenjini we mertebesini ýokarlandyrmak arkaly ýaşlar bilen döwlet işgärleriň arasyndaky sebitleýin derejede gepleşikleri pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Adam howpsuzlygy babatyndaky çemeleşme iň amatly konsepsiýa hökmünde ulanylýar, çünki ol adamlara gönükdirilen, sebite laýyklykda we toplumlaýyn, hem-de öňüni alyş çäreleri tekli edýän gurallar toplumyny hödürleýär.
Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagyna ÝUNFPA, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi ýolbaşçyk edýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan utgaşdyrylan beýleki hyzmatdaşlar BMG-niň Çagalar gaznasy, Halkara migrasiýa guramasy, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa Instituty, Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany we jemgyýetler bilen işleýän ýerli jemgyýetçilik guramalary.