Press reliz

Ýerli komitetiň agzalary ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky jemgyýetçilik başlangyçlaryny höweslendirmek we olara ýol görkezmek üçin gurallar bilen enjamlaşdyryldy

14 iýun 2022

  • Daşoguz we Türkmenabat, 2022-nji ýylyň 14-16-njy iýuny - Ýerli komitetiň agzalary Birleşen Milletler Guramasynyň Adam howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça maksatly gaznasy tarapyndan goldanýan Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde jemgyýetçilik esasyndaky başlangyçlary ösdürmäge goldaw bermek üçin tälim aldylar.

Döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň 20-den gowrak wekili, şol sanda Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan ýaşlar netijelere esaslanýan dolandyryşy, şeýle hem ýaşlaryň gatnaşmagyndaky usullary ulanyp, jemgyýetçilik esasyndaky başlangyçlary ösdürmek boýunça ädimme-ädim ýol görkezmek üçin geçirilen tälimçileriň üç günlük okuwyna gatnaşdylar.

BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň Bilelikdäki maksatnamasy, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda, dört jemgyýetçilik başlangyçlaryny meýilleşdirmek, işläp düzmek we durmuşa geçirmek arkaly Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmegi we olary bu işlere çekmegi maksat edinýär. Bu başlangyçlar, adam howpsuzlygy baradaky çemeleşmäni öz içine alýar we “hiç kimi ünsden düşürmezlik” ýörelgesine laýyklykda Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň iň ejiz toparlaryna gönükdirilendir.

"Ýaş meýletinçiler tarapyndan netijelere esaslanýan, hem-de taslamalaryň işlenip düzülmegine we durmuşa geçirilmegine gönükdirilen dolandyryş çemeleşmesiniň ulanylmagy, maksatnama başlangyçlarynyň has täsirli durmuşa geçirilmegini üpjün eder we ilatyň ejiz gatlaklarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga ýardam eder diýip umyt edýärin." - diýip, bu okuw maslahatyny gurnan we geçiren ÝUNFPA-niň halkara hünärmeni Ýelena Pozdorowkina aýtdy.

Bu okuw, ýaşlara başlangyçlaryny ösdürmekde we dolandyrmakda, şol sanda SMART ulgam arkaly zerurlyklara baha bermek, umumy düşünjäni işläp düzmek, maksatlary we meseleleri kesgitlemek, üýtgeşmeler teoriýasyny işläp düzmek, gözegçilik etmek, hem-de baha bermek ýaly ugurlarda ýol görkezmek üçin welaýatdan gelen gatnaşyjylary gurallar bilen üpjün etdi.

Okuwlaryň indiki tapgyry iýul aýynda geçiriler we pandemiýanyň köp ölçegli töwekgelçilikleriniň çözgütlerini tapmak üçin mümkinçilikleri giňeltmek çemeleşmesini ulanmak arkaly geljek üç aýyň dowamynda ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky jemgyýetçilik başlangyçlaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek üçin her bir welaýatdan 40-dan gowrak ýaş meýletinçiler gatnaşar. Ýerli komitetler ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky başlangyçlara ýolbaşçylyk eder we goldaw bererler, şeýle hem Bilelikdäki Maksatnamanyň netijeleriniň dowamlylygyny üpjün etmek üçin onuň çäginde işlenip düzülen we gazanylan ähli bilimleri we tejribeleri ýygnalar.

***

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam howpsuzlygyny üpjün etmek üçin maksatly gaznasy we BMG-niň düzümleýin edaralary (UNFPA, UNICEF, UNODC we IOM) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Global pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek” atly BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň Bilelikdäki maksatnamasy jemgyýetiň jebisligini, adamlaryň eklenjini we mertebesini ýokarlandyrmak arkaly ýaşlar bilen döwlet işgärleriň arasyndaky sebitleýin derejede gepleşikleri pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Adam howpsuzlygy babatyndaky çemeleşme iň amatly konsepsiýa hökmünde ulanylýar, çünki ol adamlara gönükdirilen, sebite laýyklykda we toplumlaýyn, hem-de öňüni alyş çäreleri tekli edýän gurallar toplumyny hödürleýär.

Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagyna ÝUNFPA, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi ýolbaşçyk edýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan utgaşdyrylan beýleki hyzmatdaşlar BMG-niň Çagalar gaznasy, Halkara migrasiýa guramasy, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa Instituty, Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany we jemgyýetler bilen işleýän ýerli jemgyýetçilik guramalary.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz