Press reliz

Ýerli derejede durmuş hyzmatlary boýunça Bilelikdäki maksatnamanyň netijelerini jemlemek we indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşmak

30 iýun 2022

  • Ýerli derejede inklýuziw we ýokary hilli durmuş hyzmatlary boýunça Bilelikdäki maksatnamanyň Ýolbaşçy komiteti gazanylan netijeleri gözden geçirmek we onuň dowamlylygyny üpjün etmek üçin indiki ädimler babatynda ylalaşyga geler ýaly bäşinji we jemleýji ýygnagyny geçirdi.

Öňdebaryjy ministrlikleriň we milli guramalaryň wekilleri bolan hyzmatdaşlaryň, şeýle hem BMG-niň gatnaşýan edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyndaky duşuşygyň açylyş dabarasyndaTürkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri jenap Muhammetseýit Sylapow,Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary jenap Gurbanmyrat Aşirow we BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko Bilelikdäki maksatnamanyň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň, iki ýylyň dowamynda gazanylan esasy netijelere we 2022-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanda durmuş hyzmatlary ulgamyny ösdürmek boýunça Milli meýilnamany işläp düzmek ugrunda gazanylan üstünliklere syn berdi.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar etraplaryň we ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň durmuş işi boýunça hünärmenlerine baha bermegiň netijesinde alnan maglumatlar, şeýle hem durmuş-ykdysady seljermäniň netijeleri bilen tanyşdylar. Seljermäniň esasy netijesi, hyzmatlaryň täze nusgasynyň şahsyýetiň jemgyýetde ýaşamak, durmuş taýdan integrasiýa, iň ýokary derejede özbaşdaklyk, maşgala gatnaşyklaryny saklamak we ulanyjylaryň hukuklaryny goramak babatynda zerurlyklaryna gönükdirilmegi boldy. Bu bolsa, durmuş hyzmatlary babatyndatäze düşünjesiniň girizilmegine goşant goşdy we lukmançylyk hyzmatlaryndan durmuş hyzmatlaryna geçmäge ýardam edýär. Şeýle hem, ol Durmuş hyzmatlary baradaky täze kanunda görkezilişi ýaly maşgalanyň hemmetaraplaýyn goldawyna we onuň bitewiligini saklamaga gönükdürilen çemeleşmeleri ýola goýmagaýardam edýär.

Netijede, gatnaşyjylar Bilelikdäki maksatnamanyň dowamlylygyny üpjün etmek üçin indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Aşakdaky teklipler ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlendi:

• durmuş işgärleriniň işiniň netijeliligini etrap derejesinde ýokarlandyrmak üçin ýurduň her etrabynda durmuş işi boýunça iş ornuny açmak;

• ýurduň ähli sebitlerinde kem-kemden başlangyç we ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak, bu bolsa maýyplygy bolan adamlara, köp çagaly maşgalalara, ýekelikde ýaşaýan gartaşan adamlara, ene-atasyz galan çagalara, jyns taýdan zorluga sezewar bolan aýallara, töwekgelçilik toparyna düşen ýaşlara we beýleki ejiz toparlara goldaw bermek bilen durmuş taýdan goraglylyk ulgamyny pugtalandyrmaga ýardam eder;

• döwlete dahylsyz durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijileri çekmek, şeýle hem sebitleýin we ýerli derejede ýöriteleşdirilen hyzmatlara mätäç bolan adamlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen döwlet tarapyndan durmuş hyzmatlaryny bermek boýunça şertnama baglaşmak üçin mehanizmiň ornaşdyrylmagy ýaly meselä garamak,

• durmuş işi ugry boýunça bakalawr derejesinde täze hünäri açmak, şeýle hem durmuş işi boýunça hünärmenleriň hünär taýdan yzygiderli kämilleşmegi üçin gysga möhletleýin okuwlary açmak.

“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipler taýýarlamagy we degişli hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara hökmünde çykyş edýär. Beýlekiler milli hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz