Press reliz

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän taslama Türkmenistanda Milli BTP strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin potensialy artdyrmak zerurlygynyň mümkinçiliklerini kesgitlemekde goldaw berýär

29 aprel 2022

  • Birleşen Milletler Guramasynyň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek ugrynda işleýän bölümi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goranmak we halas ediş işleri boýunça Müdürligi bilen hyzmatdaşlykda, Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini dolandyrmagyny, potensiala baha bermegini we ösüş proseslaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnak geçirdi.

Türkmenistanyň hökümeti betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini dolandyrmak boýunça ýurdyň potensialyny ýokarlandyrmakda we 2015-2030-njy ýyllardaky betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça Sendai Çarçuwasy boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmekde yzygiderli öňegidişlik edýär. 2019-njy ýylda Türkmenistan Sendai Çarçuwasyny we Hereket meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Döwlet Maksatnamasyny işläp düzdi we kabul etdi hem-de ýakynda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça Milli platforma bolup hyzmat edýän betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça Pudagara Iş Toparyny döretdi.

2022-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Goranmak ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek ugrynda işleýän bölümi Pudagara Iş Toparynyň ýygnagyny gurady we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek ulgamyny güýçlendirmek üçin yzygiderli çemeleşmäni we bu işe esasy gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdy.

Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek üçin döredilen Pudagara Iş Toparynyň gatnaşmagynda geçirilen şu günki ýygnakda betbagtçylyklara garşy taýýarlygyny güýçlendirmek üçin maksatly hereket meýilnamasyny düzmäge gönükdirilen indiki ädimler hödürlendi. Geçirilen ýygnak Hereket meýilnamasyna goşant goşmagyna, betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek potensialyny ösdürmegine, we maýa goýumlary barada maslahatlaşmagyna gatnaşyjylara mümkinçilik berdi.  

Maglumat

Birleşen Milletler Guramasynyň betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek ugrynda işleýän bölümi tarapyndan durmuşa geçirilýän “Betbagtçylyklara garşy durnuklylygy güýçlendirmek we Merkezi Aziýada betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek üçin Sendai Çarçuwasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak” başlangyjy Sebitdäki ýurtlaryň Sendai Çarçuwasynyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmegini maksat edinýär. Bu taslama betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek ugrynda milli we sebitleýin utgaşdyrmagyny güýçlendirmegiň we betbagtçylyklaryň ýitgilerini hasaba almagyň milli ulgamlaryny ösdürmegini goldaýar. Ýerli derejede bu taslama paýtagt şäherleriň betbagtçylyklara garşy strategiýalaryny ösdürmegi we jemgyýetçilik derejesindäki betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmegini goldaýar. Ýewropa Bileleşigi üç ýyllyk başlangyjyň durmuşa geçirilmegi üçin 3,750,000 ýewro bilen üpjün etdi. 

Goşmaça maglumat üçin habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:

Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystandaky ýerleşýän wekiliýeti: delegation-kazakhstan-pic@eeas.europa.eu   

J. Abdurahim Muhidow, BMG-nyň BTP Programmanyň Sebitleýin Utgaşdyryjysy: muhidov@un.org

Ogulgerek Annayeva, BMG-nyň Türkmenistanda ýerleşýän BTP bölüminiň Utgaşdyryjysy: ogulgerek.annayeva@un.org

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz