Press reliz

Durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnama baha bermek

02 awgust 2022

  • Türkmenistanda BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň wekillerinden ybarat bolan ýerine ýetiriji hyzmatdaşlar ýerli derejede inklýuziw ýokary hilli durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnama baha bermegiň deslapky netijeleri bilen tanyşdylar.

ÝUNISEF-iň ýolbaşçylygynda, halkara bilermeni jenap Artýom Syç tarapyndan geçirilen baha beriş işiniň maksady iň mätäç adamlara inklýuziw durmuş hyzmatlaryny bermek maksady bilen okuw öwrenmek üçin Bilelikdäki maksatnamanyň ähmiýetine, netijeliligine, dowamlylygyna, utgaşyklygyna we täsirine baha bermek boldy.

“Bu baha bermegiň netijeleri, ýurtda durmuş hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek üçin milli strategiýany işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Mundan başga-da, Bilelikdäki maksatnama baha bermegiň esasy maksady Türkmenistanda durmuş hyzmatlaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin teklipleri işläp düzmekdir "- diýip, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň w.ý.ý. jenap Mohammad Faýýazi aýtdy.

Gatnaşyjylar, BMG we Türkmenistanyň Hökümeti üçin halkara bilermen tarapyndan işlenip düzülen netijeler we teklipler bilen tanyşdylar. Baha bermegiň netijeleri, BMG, Türkmenistanyň hökümeti we beýleki esasy milli we halkara gyzyklanýan taraplaryň arasynda gepleşikleri ýola goýmak, meýilleşdirmek we maksatnamalary işläp düzmek üçin esas bolup hyzmat eder. Şeýle-de, ol beýleki ýurtlaryň hem öwrenmegi üçin iň oňat tejribäni görkezýän, Hökümet tarapyndan bilelikde dolandyrylýan, Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji baha beriş işi bolandygy bellenildi.

DÖM boýunça Bilelikdäki gazna tarapyndan maliýeleşdirilýän “Ýerli derejede inklýuziw ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş taýdan goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek" atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilýär. Bilelikdäki maksatnamanyň maksady ýerli derejede durmuş hyzmatlarynyň täze nusgasyny ornaşdyrmak, degişli kanunçylyga syn berip, hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmakdyr. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara bolup çykyş edýär. Beýlekiler Mejlis, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir. Taslama ýakynda DÖM boýunça Bilelikdäki gaznasynyň web sahypasynda dünýä derejesinde görkezildi.

Bilelikdäki maksatnamanyň durmuşa geçirilişiniň netijeleri we üstünlikleri barada has giňişleýin maglumaty şu ýerden tapyp bilersiňiz.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz