Ýerli derejedäki başlangyçlary durmuşa geçirmek arkaly ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, hem-de hasabat bermek ukybyny güýçlendirmek
04 iýul 2022
-
Daşoguz we Türkmenabat, 4-8-nji iýul, 2022 – global pandemiýanyň netijesinde ýüze çykýan saglygy, daşky gurşawy, jemgyýeti we şahsy meseleleriň çözgüdini tapmak üçin ýerli jemgyýetiň mümkinçiliklerini güýçlendirmek maksady bilen “Global pandemiýa bilen baglanşykly köp ugurly töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek” atly Bilelikdäki maksatnamanyň umumy maksadyna goşant goşup, ýerli derejede dört başlangyçlar ýaşlar tarapyndan işlenilip düzüldi.
80-den gowrak ýaş meýletinçiler öz welaýatlaryndaky kunçylyklaryň, şeýle hem jemgyýete, saglyga, şahsy ýagdaýlara we daşky gurşawa degişli meseleleriň çözgüdini tapmaga ýardam edip biljek taslamalary teklip etdiler. Ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky dört taslama gartaşan adamlar bilen raýdaşlygy ösdürer we milletara gepleşikleri; töwekgelçilik astyndaky ýaşlaryň arasynda “deň-duşa” çemeleşmesini ulanyp, sagdyn durmuş ýörelgesini; migrantlaryň we olaryň maşgalalarynyň arasynda habarlylygy ýokarlandyrmak üçin kampaniýalary ýola goýmaga goldaw berer; hem-de mugallymlaryň we mekdep okuwçylarynyň arasynda daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleler barada habardarlygy ýokarlandyrar. Taslamalar awgust aýynda başlar we ýylyň ahyryna çenli ýerli häkimiýetleriň goldawy bilen ýaş meýletinçiler tarapyndan durmuşa geçiriler.
Meýletinçiler Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti, “Beýik Eýýam” jemgyýetçilik gurmasy we başgalar tarapyndan kabul edildi. Iki gün dowam eden okuwda ýaş ýolbaşçylar Ynsan howpsuzlygy we netijelere esaslanýan dolandyryş çemeleşmelerine (meselem, SMART ölçegleri, düýp sebäpleriň derňewi, görüş beýany we ş.m.) laýyklykda ýerli derejede başlangyçlary işläp düzmek üçin taslama dolandyryş gurallary bilen tanyşdylar.
Ýaşlar bilen ýerli häkimiýetleriň arasynda ynamy pugtalandyrmak we durnukly ösüşi öňe sürýän gurşawy döretmek üçin gepleşikleri ösdürmegiň möhümdigine göz ýetirmek bilen, okuw maslahaty meýletinçileriň öz ýerli derejedäki başlangyçlaryny Ýerli komitetiň agzalaryna hödürlemekleri bilen tamamlandy. Alnan jogaplar we pikirler, Bilelikdäki maksatnama boýunça gazanylan netijeleriň uzak möhletleýin ösüşini üpjün etmek üçin göz öňüne tutular.
***
Birleşen Milletler Guramasynyň Adam howpsuzlygyny üpjün etmek üçin maksatly gaznasy we BMG-niň düzümleýin edaralary (UNFPA, UNICEF, UNODC we IOM) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Global pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek” atly BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň Bilelikdäki maksatnamasy jemgyýetiň jebisligini, adamlaryň eklenjini we mertebesini ýokarlandyrmak arkaly ýaşlar bilen döwlet işgärleriň arasyndaky sebitleýin derejede gepleşikleri pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Adam howpsuzlygy babatyndaky çemeleşme iň amatly konsepsiýa hökmünde ulanylýar, çünki ol adamlara gönükdirilen, sebite laýyklykda we toplumlaýyn, hem-de öňüni alyş çäreleri tekli edýän gurallar toplumyny hödürleýär.
Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagyna ÝUNFPA, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi ýolbaşçyk edýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan utgaşdyrylan beýleki hyzmatdaşlar BMG-niň Çagalar gaznasy, Halkara migrasiýa guramasy, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa Instituty, Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany we jemgyýetler bilen işleýän ýerli jemgyýetçilik guramalary.