Türkmenistan Merkezi Aziýada raýatsyzlygy ýok etmekde esasy orny tutmagyny dowam edýär
2019-njy ý. 27-nji sentýabrynda Garaşsyzlyk baýramyny bellemegiň saýasynda, Türkmenistanda ýaşaýan 863 sany öň raýatsyzlygy bolmadyk adamlara raýatlyk berildi
Geçen ýyl 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda 735 sany adam şahsyýeti tassyklaýjy resminamalary aldy. Umuman, 2011-nji ýyldan bäri 9743 sany raýatlygy bolmadyk adam türkmen raýatlygyny aldy, bu bolsa Türkmenistanyň ýurtda raýatsyzlygy ýok etmäge bolan güýçli meýillerini subut edýär.
Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy, 45 ýaşly Mukaddas Ýussupowa öň raýatlygy bolmadyk we 2019-njy ýylda raýatlygy we pasporty berlen adamlaryň biri. 1995-nji ýylda ol Özbegistandan Türkmenistana göçdi we bu ýerde durmuşa çykdy. Ol 2015-nji ýylda Türkmenistanyň raýatlygyny almak üçin ýüz tutdy we häzirki wagtda raýat bolandygyna örän guwanýar. “Bu meniň üçin uly bagt. Indi men saýlawlara gatnaşyp we Türkmenistanyň raýaty hökmünde ähli hukuklardan peýdalanyp bilýärin” diýip, Mukaddas aýtdy.
Türkmenistanyň pasportyny almak bu zenan üçin köp gowy üýtgeşmeleri getirdi. “Men, esasan hem, indi erkin ýagdaýda syýahat edip bilýändigim üçin begenýärin. Men bellibir derejede öň hem syýahat edip bilýärdim, emma käbir döwletlere raýatsyzlygy bolmadyk adam baryp bilmeýär. Mysal üçin, men köpden bäri Hindistana baryp göresim gelýärdi, emma meniň pasportymyň ýok bolandygy sebäpli, bu mümkin däldi. Indi meniň arzuwym hasyl boldy”.
Türkmenistan raýatsyzlygy azaltmakda we onuň öňüni almakda uly öňegidişliklere eýe boldy. Türkmenistan bosgunlar we raýatsyzlygy bolmadyk adamlar babatda BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň ofisiniň mandatynyň saýasynda ähli dört sany konwensiýasyny ykrar etdi: 1951-nji ýylyň Bosgunlar baradaky konwensiýasy we onuň 1967-nji ýyldaky protokoly, 1954-nji we 1961-nji ýyllardaky Raýatlygy bolmadyk adamlar baradaky konwensiýalar. Türkmenistan häzirki wagtda çenli Merkezi Aziýada raýatsyzlygy bolmadyk adamlar baradaky konwensiýalaryň ikisine goşulan ilkinji we ýeke-täk döwletdir.
“Soňky ýyllaryň içinde Türkmenistan 8000-den gowrak adamy raýat hökmünde kabul etdi. Bu raýatsyzlygy ýok etmek boýunça bütindünýä kampaniýasynyň çäginde gazanylan uly öňegidişlikdir. Onuň üsti bilen Türkmenistan bütindünýä jemgyýetine BMG-niň degişli konwensiýalarynyň çägindäki borçlary ýerine ýetirmekde özüniň islegini görkezýär” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa aýtdy.
2019-njy ýylda Türkmenistan BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň ofisiniň #IBELONG atly bütindünýä kampaniýasynyň seneleriniň çäklerinde 2024-nji ýylda çenli raýatsyzlygy ýok etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny ykrar etdi. Bu meýilnama raýatlyk we raýat meseleleri, şol sanda çagalaryň raýatsyz hökmünde dogulmagynyň öňüni almak, dogluşlaryň hasaba alynmagynyň, şol sanda dogluşlaryň giç hasaba alynmagynyň öňüni almak boýunça işleri kämilleşdirmek, dogluş hakynda şahadatnamalar berlende gowşak jemgyýetleriň özüniň doglan ýeri we gelip çykyşy barada tassyknamany almagyny üpjün etmek, raýatlygy almaga hukugy bolan şahslaryň raýatlar hökmünde hasaba alynmagyny kepillendirmek, şeýle-de raýatlygy bolmadyk adamlar barada ýokary hilli we takyk maglumatyň elýeterliligini üpjün etmek boýunça örän möhüm çäreleri öz içine alýan meseleler barada kanunlaryň täzelenmegini öz içine alýar.
“Men Türkmenistany şu möhüm hereketleriň meýilnamasyny kabul edendigi bilen gutlaýaryn we Onuň Alyhezretleri Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurtda şu hereketleriň milli meýilnamasyny iň ýokary derejede ykrar edendigi üçin tüýs ýüregimden minnetdarlygymy bildirýärin. BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň ofisi Türkmenistanda 2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygy ýok etmek boýunça hereketleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmekde Hökümete goldaw bermäge hem-de onuň ugrunda Hökümet bilen ysnyşykly işlemäge taýýar” diýip, Merkezi Aziýada BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň ofisiniň sebitleýin wekili Ýasuko Oda aýtdy.
Döwletlerden ybarat bolan dünýäde raýatsyz bolmak adaty däl ýagdaý. Raýatsyzlyk, adatça, adamy köp esasy hukuklaryndan mahrum edýär we onuň jemgyýete gatnaşygyny çäklendirýär. Onuň netijeleri agyr bolup bilýär: raýatsyzlyk adamyň bilim almaga, saglygy goraýşa, resmi iş bilen üpjünçilige, eýeçilige, erkin ýagdaýda hereket etmäge we başg. bolan hukuklaryna täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň öz çäginde raýatsyzlygy ýok etmekde gazanan öňegidişlikleri we tagallalary dünýä ýurtlarynyň bu adalatsyzlygy düzetmäge bolan güýjüniň bardygynyň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär.